perizadym
26.03.2023 04:35
Salam. Hormatly agzalar ! Günüñiz haýyrly geçsin. Remezan aýynda tutýan orazalaryñyz, edýän doga-dilegleriñiz , berjek sadakalaryñyz Alla dergähinde kabul bolsun!

Öwrenmeli App ähli agzalaryna öz minnetdarçylygymy bildirmekçi. Şu programma agza bolamdan soň köp zatlary öwrendim şundan tüweleme agzalar gowy , peýdaly, täsirli postlar paýlaşýañyz. 🙂
14
85
perizadym
25.03.2023 21:17
Her aglan güýçsiz däldir, her güleniň bagtly bolmaýşy ýaly...🥀
8
75
perizadym
25.03.2023 10:01
Eger size bir adam seredip duran we bu siziň gaharyňyzy getirýän bolsa onda şol adamyň köwşüne serediň.
17
705
perizadym
24.03.2023 05:49
Söýgi - bu adatça iki şowsuzyñ işidir. Biri söýmez, birem unutmaz...🥀
11
102
perizadym
perizadym
11.03.2023 19:59
Türkmenistan taryhy we medeni gymmatlyklara baý ýurtdur. Şeýle gymmatlyklary özünde jemleýän ýerleriň biri hem gadymy Köneürgenç mekanydyr. Bu ýerde ýetişen alymlar, akyldarlar, müneçjimler,
perizadym
27.02.2023 01:55
Eger siz bir adamy aldap bilseñiz, bu onuñ akmaklygy däl ! Size gereginden artyk ynanýanlygydyr...

W.M.Şuşkin
12
84
perizadym
23.02.2023 17:57
Saç ýuwmagyň ýygylygynyň görnüşine, gaýtadan işlenişine we hatda reňkine baglylykda üýtgeýändigini bilýärdiňizmi?

Göni ýa-da tekiz saçlar. Göni saçly adamlar beýleki adamlar bilen deňeşdirilende oňaýsyz bolup bilerler. Çünki egrilen saçlarda peýda bolan ýag göni saçlara garanyňda az ünsi özüne çekýär. Hut şol sebäpden ony egrilen saçlardan has ýygy, ýagny hepdede 3 ýa-da 4 gezek ýuwmak hökmanydyr.

Bükülen (küdür) saçlar. Maglumatlara görä, bükülen saçlar hepdede 2 gezek ýuwulýar. Duşda saçlaryňyzy daramak bilen işiňizi aňsatlaşdyryp bilersiňiz. Bu görnüşdäki saçly adamlara saçlaryny guratmajak şampunlary we kremleri ulanmak maslahat beriilýär.

Inçe saçlar. Inçe saçlar, gynansak-da, ýagy we kepegi beýleki saç görnüşlerine garanyňda has köp görkezýär. Kelläňizdäki artykmaç ýag sebäpli biraz kynçylyk çekip bilersiňiz. Saçyňyzy her gün ýuwmak islegi barada dogry aýdyp bilersiňiz, ýöne uzak wagtlap dowam eden barlaglaryň netijesinde saçyňyzy ýuwýan günleriň ýygylygyny azaldyp bilersiňiz. Ilki bilen bir gün dynç almaga synanyşyp bilersiňiz. Wagtyň geçmegi bilen saçyňyz bu ýuwulýan ýygylyga öwrenişip biler. Belki-de, bu usuly synap görmek iň oňady bolup biler.

Boýalan saçlar. Bu hili saçlara boýag we ýylylyk zeper ýetirip biler. Munuň iň oňat çözgüdi, saçlary ýagly kremler we serumlar bilen iýmitlendirmekdir. Bejerilen saçlaryňyzyň boýagyny seresaplylyk bilen ulanmak üçin, zerur bolanda ýuwuň.

Goýy reňkli saçlar. Gara saçly adamlaryň käbir artykmaçlyklary bar bolsa-da, ýuwmak meselesinde olar has şowsuzdyrlar. Saçyň parlaklygyny has gowy görkezýän we iri görünýän gara saçlar, ýaglylygy has köp görkezýär. Şeýle-de bolsa, gara saçly adamlar saçlaryny hepdede 3 gezek ýuwmaly. Her gün suwa düşüp saçlaryňyzy ýuwsaňyz, saçyňyz janlylygyny ýitirip bilersiňiz.

Açyk reňkli saçlar. Açyk saçly adamlar şöhle saçmak nukdaýnazaryndan has bagtly bolup bilerler. Şeýlelik bilen, sulfatsyz ideg kremleri bilen saçlaryna janlylyk goşmak bilen, hepdede 4 gezek ýuwmagyň ýygylygyny kesgitläp bilerler.

Eýsem, siziň saçyňyz haýsy görnüşde?
12
70
perizadym
22.02.2023 13:45
1298-nji ýylda Dante Jemma Donatä öýlenýär. Olaryň üç ogly we bir gyzy dünýä
inýär.
XIII asyryň ahyrynda Dante jemgyýetçilik işlerine has hem ýygjam gatnaşmaly bolýar.
Ol Florensiýanyň mejlisiniň agzalygyna saýlanýar, birnäçe gezek ilçi hökmünde başga
şäherlere, Rim Papasynyň ýanyna iberilýär, iki sapar Florensiýada ýedi priorlaryň
(häkimleriň) biri bolup bellenilýär.
1301-nji ýylda fransuz korolynyň dogany şazada Karl Walua Florensiýany basyp
alýar. Häkimlik Gara gwelfleriň eline geçýär. Şol wagt Dante başga şäherde ekeni.
Täze häkimlik ony parahorlukda hem-de dönüklikde aýyplap şäherden kowmagy
höküm edýär. Şahyryň öýi talanýar. Aýalyna, garyndaşlary Garalara degişli bolansoň,
emläginiň bir bölegini gorap saklamak başardýar. Şeýdip, Danteniň aýaly Florensiýany
terk etmän, çagalary bilen şäherde galýar. 1302-nji ýylda kazyýet «Dante Aligýeri
Florensiýa gaýdyp gelen ýagdaýynda, tä ölýänçä otda ýakmaly» diýen höküm
çykarýar. Dante üçin sergezdanlyk ýyllary başlanýar. Ol bütin Italiýany syýahat edýär.
Fransiýa baryp, Pariž uniwersitetinde bolýan ylmy çekişmelere gatnaşýar, özüniň
okumyşlygy hem suhangöýligi bilen alymlaryň arasynda şöhrat gazanýar.
1304-nji ýylda Dante «Meýlis» («Convivio») atly meşhur traktatyny ýazmaga
başlaýar, emma ony doly tamamlamaýar. 1309-njy ýylda Rimiň imperatory Genrih VII
«parahatçylyk getirmek» maksady bilen Italiýa aýak basýar. Dantede öz Watanyna
dolanmaga umyt döreýär. Ol imperatory goldap, «Monarhiýa» («Monarchia») atly
traktatyny döredýär. Emma 1313-nji ýylda Genrih VII tarpa-taýyn aradan çykýar.
Florensiýada günä geçişlik hakynda kanun kabul edilýär. Bu kanuna laýyklykda,
Dante Aligýerä gara geýnip, bütin halkyň öňünde eli şemli ötünç sorasa, Florensiýa
dolanmaga rugsat ediljekdi. Dante, elbetde, razylaşmaýar. 1315-nji ýylda ony ýene-de
ogullary bilen ölüm jezasyna höküm edýärler.
Gandöküşikli söweşler we peýdasyz jedeller bilen gazanan zadynyň bolmajakdygyna
düşünen ýazyjy özüniň duşmanlaryndanam, tarapdarlaryndanam, syýasatdanam ýüz
öwrüp, 1306-njy ýylda Monte Katria diýen ýerde ýekelikde, tebigatyň daglyk hem
tokaýlyk ýerinde «Komediýasyny» döredip başlaýar.
Ömrüniň ahyrynda Dante Rawenna şäherinde, özüniň çagalarynyň we ýakyn
dostlarynyň arasynda (aýaly Jemma Florensiýada galýar) mekan tutýar. Şol ýerde-de
aradan çykýar. Onuň mazary häzir hem Rawennada ýerleşýär. XV asyrda binagär
Lombardo onuň üstünde kaşaň aramgäh galdyrypdyr.
Dante öz poemasyny «Komediýa» diýip atlandyranda, antik edebiýatynyň däbine
eýeripdir. Köne däbe görä, ýönekeý, halky dilde ýazylan, soňy gowulyk bilen
tamamlanýan eserlere «Komediýa» diýilýärdi. «Ajaýyp» epitetini eseriň adyna italýan
Gaýtadan döreýiş döwrüniň ýene bir beýik wekili Jowanni Bokkaçço goşupdy. Emma
kitaplaryň jildinde bu at ilkinji gezek 1555-nji ýylda Wenesiýada çykarylan neşirde
peýda bolýar. Mundan soň eseriň çeperçilik derejesini görkezýän bu sypat poemanyň
adynyň aýrylmaz bölegi bolup galýar. Poemanyň mazmuny gysgaça gürrüň bererden
uludyr. Şonuň üçin okyja bu eseri başdan-aýak okamagy maslahat beräýmek galýar.
«Ajaýyp komediýasyny» Dante örän inçe hasaplar bilen döredipdir. Bu eserde,
esasanam, 9-lyk san uly ähmiýete eýedir. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Dante
Beatriçä ilkinji gezek 9 ýaşyndaka duşupdyr, bu ilkinji duşuşykdan 9 ýyl geçenden soň, ýagny Dante 18 ýaşyndaka ol zenana aşyk bolýar. Şahyr bu sanlary özüne
Taňrydan iberilen nyşan hasaplaýar. Hristian ynanjynda 3 belgisi mukaddes
hasaplanylýar, ýagny üç birlik — Ata, Ogul we Keramatly Ruh. 3 diňe öz-özüne
köpeldilende, 9-a deň bolýar. Diýmek, Beatriçe Dante üçin Taňrynyň ynsana bagyş
eden iň ajaýyp peşgeşini — Söýgini aňladýar.
Şonuň üçin eseriň mazmunynda, gurluşynda 9 hem 3 sanlary juda köp gabat gelýär.
Poema 3 bölüme bölünýär: Dowzah, Araf (dini ynanja görä, dowzah bilen jennetiň
aralygy), Jennet. Eserdäki Dantä tokaýda duş gelýän üç sany haýwan, Beatriçäniň
geýimindäki üç reňk, Lusiferiň (Şeýtanyň) üç kellesi, olaryň agzyndaky üç sany dönük
(Iuda, Brut we Kassiý) — bularyň hemmesi çuňňur simwolik manyny göterýär. Ýene
bir wajyp zady belläp geçmek gerek: poemanyň haýsydyr bir ýerinde 9-lyk sany duş
geläýse, şol ýerde bukulgy, syrly manyny agtarybermelidir. Bu eseriň her bir bendinde
gizlin many bardyr. Oňa doly düşünmek üçin taryhdan, filosofiýadan, edebiýatdan,
ylahy ylymdan, mifologiýadan, astronomiýadan we matematikadan habarly bolmak
gerek.
Eserde taryhda uly yz galdyran şahslaryň köpüsine duş gelip bolýar, onda Aleksandr
Makedonly, Ahilles, Agamemnon, Odisseý, Foma Akwinli, Boesiý, Awgustin, hatda
Muhammet pygamber hem hezreti Aly bar. Gomer, Wergiliý, Gorasiý, Owidiý ýaly
şahyrlary, Aristotel, Sokrat, Platon, Demokrit, Diogen, Seneka, Gippokrat, Ibn Sina
ýaly akyldarlary hristian bolmanlygy üçin Dante dowzahyň daşynda — Limbda
ýerleşdiripdir. Beýtmek bilen beýik gumanist Dante özüniň sungata hem ylma bolan
söýgüsini görkezýär.
Eseri şeýle kämil derejä ýetirmek üçin Danteniň örän kän zähmet çekmeli bolandygy
düşnüklidir. Ol poemanyň üstünde ömrüniň ahyryna çenli işläpdir. Dantä bu eseriniň
diňe birinji we ikinji bölümleriniň neşirlerini görmek miýesser edipdir. Onuň
eserlerine birentek teswirler hem ýazylypdyr. Onuň ilkinji teswirçileri öz ogullary
Pietro hem Ýakopo dagydyr. «Dekameronyň» ýazary Jowanni Bokkaçço ilkinjileriň
biri bolup Danteniň ömür beýanyny ýazýar. Onuň «Danteniň ömri» kitaby şu gün hem
beýik şahyryň terjimehalyny öwrenmekde iň ygtybarly çeşmeleriň biri hasaplanýar.
Dante Aligýeriniň «Ajaýyp komediýasy» italýan edebiýatynyň adamzada ýapan iň uly
serpaýydyr. Şonuň üçin Gomer, Gýote, Milton, Puşkin, Magtymguly ýaly ägirtleriň
adynyň tutulan ýerinde Danteniň ady hem ýatdan çykarylmaýar.
10
162
perizadym
22.02.2023 01:41
Beýik italýan şahyry Dante Aligýeri Gaýtadan döreýiş döwrüniň ilkinji söz
ussatlarynyň biridir. Onuň «Ajaýyp komediýasy» Günbataryň orta asyrlar edebiýaty
bilen Gaýtadan döreýiş döwründäki edebiýatynyň arasynda özboluşly köprüdir.
Dante 1265-nji ýylyň maýynda Florensiýa şäherinde, orta gurply maşgalada dünýä
inýär. Dante 18 ýaşyna ýetmänkä ene-atasy ýogalýar, şonuň üçin iki uýasyny hem
inisini onuň özi ekläp, terbiýelemeli bolýar.
Geljekki şahyr orta mekdepde bilim alýar. Florensiýada ýokary okuw mekdebi
bolmansoň, okuwyny özbaşdak dowam etdirýär. Ol latyn, fransuz dilini suwara
öwrenipdir. Çeper edebiýaty hem ensiklopedik kitaplary köp okap, hemmetaraplaýyn
ylymly adam bolup ýetişipdir.
1274-nji ýylda, dokuz ýaşyndaka Dante özi bilen ýaşytdaş gyzjagaz Beatriçe Portinarä
duşýar. Bu duşuşyk onuň çaga aňynda uly täsir goýupdyr. Şahyr Beatriçäni soň hem
birnäçe gezek görýär. Emma şol duşuşykdan dokuz ýyl geçeninden soň, 18 ýaşyndaka
Dante oňa ýene-de gabat gelýär. Şonda Beatriçe eýýäm durmuşa çykan ekeni. Şahyr ol
zenana müdimi aşyk bolýar. Şondan soň Beatriçe şahyryň «hyýallarynyň soltany»
bolup galýar. Dante hatda öýleneninden soňam bu zenany ýadyndan çykaryp
bilmändir.
Dante agyr hem-de çylşyrymly döwürde ýaşaýar. Şol döwürler Florensiýada iki
toparyň — gwelfleriň hem gibellinleriň arasynda göreş gidýärdi. Bu iki toparyň
basdaşlygy häli-şindi uly söweşlere ýazýardy. Gwelfler Rim Papasynyň, gibellinler
bolsa German imperatorynyň tarapdarydy. Her toparyň öz içinde-de agzalalyk bardy.
Aligýeriniň maşgalasy gwelflere degişli eken.
XII asyrda gwelfler Papanyň tarapdarlary Aklar bilen onuň garşydaşlary Garalar bolan
iki topara bölünýär: Dante Ak gwelflere goşulypdyr, onuň adagly gelinligi Jemma
Donati bolsa Gara gwelflerden bolupdyr. Ýaş şahyr öz ýurdunyň syýasy durmuşyna
işjeň gatnaşyp, birnäçe söweşlerde uly edermenlik görkezipdir.
Emma gazaply uruşlar Danteniň duýguly dünýäsine kär edip bilmändir. Ol özüniň
söýgüsini şygyrlara siňdiripdir. Ilkibadalar Dante dosty Gwido Kawalkantiniň täsiri
bilen öz döwrüniň ýörgünli «Dolçe stil nuowo» atly edebi akymyna goşulýar. Onuň
irki eserleri, şol sanda «Täze durmuş» (La Vita Nuova) atly eseri şol akymyň täsirinde
döredilendir. Emma Danteniň beýik zehini hiç bir akyma sygmaýar. Dünýä
edebiýatynyň taryhynda ilkinji psihologik powest bolup, biziň döwrümizde-de uly
gyzyklanma bilen okalýan «Täze durmuş» eseri munuň aýdyň subutnamasydyr.
1292-nji ýylda döredilen bu terjimehal powest başdan-aýak Beatriçä bagyşlanypdyr.
Beatriçe örän ir, 24 ýaşynda aradan çykýar. Şahyr onuň ölüminden soň, agyr hasrat
çekýär. Erbet keselleýär, birnäçe wagtlap hassa bolup ýatýar. Pelsepewi kitaplar we
gadymy Rim şahyrlarynyň hem-de taryhçylarynyň eserleri Danteniň ýaraly ýüregine
melhem bolýar. Onuň çeken hasratlary «Täze durmuş» eseriniň esasy mazmunyny
düzýär. Bu powest şygyr we kyssa bilen ýazylypdyr. Powestiň ahyrynda Dante özüniň
diňe indiki döretjek eserinde söwer ýarynyň kämil derejede waspyny ýetirjekdigini
aýdýar. Birnäçe ýyldan soň şahyr özüniň «Ajaýyp komediýasy» («Divine commedia»)
bilen sözünde tapylýar.
12
73
perizadym
07.02.2023 06:12
Salam hemma ! Ertäñiz hayyrly bolsun. Gowumy yagdaylaryñyz ?
9
53