Beýik italýan şahyry Dante Aligýeri Gaýtadan döreýiş döwrüniň ilkinji söz
ussatlarynyň biridir. Onuň «Ajaýyp komediýasy» Günbataryň orta asyrlar edebiýaty
bilen Gaýtadan döreýiş döwründäki edebiýatynyň arasynda özboluşly köprüdir.
Dante 1265-nji ýylyň maýynda Florensiýa şäherinde, orta gurply maşgalada dünýä
inýär. Dante 18 ýaşyna ýetmänkä ene-atasy ýogalýar, şonuň üçin iki uýasyny hem
inisini onuň özi ekläp, terbiýelemeli bolýar.
Geljekki şahyr orta mekdepde bilim alýar. Florensiýada ýokary okuw mekdebi
bolmansoň, okuwyny özbaşdak dowam etdirýär. Ol latyn, fransuz dilini suwara
öwrenipdir. Çeper edebiýaty hem ensiklopedik kitaplary köp okap, hemmetaraplaýyn
ylymly adam bolup ýetişipdir.
1274-nji ýylda, dokuz ýaşyndaka Dante özi bilen ýaşytdaş gyzjagaz Beatriçe Portinarä
duşýar. Bu duşuşyk onuň çaga aňynda uly täsir goýupdyr. Şahyr Beatriçäni soň hem
birnäçe gezek görýär. Emma şol duşuşykdan dokuz ýyl geçeninden soň, 18 ýaşyndaka
Dante oňa ýene-de gabat gelýär. Şonda Beatriçe eýýäm durmuşa çykan ekeni. Şahyr ol
zenana müdimi aşyk bolýar. Şondan soň Beatriçe şahyryň «hyýallarynyň soltany»
bolup galýar. Dante hatda öýleneninden soňam bu zenany ýadyndan çykaryp
bilmändir.
Dante agyr hem-de çylşyrymly döwürde ýaşaýar. Şol döwürler Florensiýada iki
toparyň — gwelfleriň hem gibellinleriň arasynda göreş gidýärdi. Bu iki toparyň
basdaşlygy häli-şindi uly söweşlere ýazýardy. Gwelfler Rim Papasynyň, gibellinler
bolsa German imperatorynyň tarapdarydy. Her toparyň öz içinde-de agzalalyk bardy.
Aligýeriniň maşgalasy gwelflere degişli eken.
XII asyrda gwelfler Papanyň tarapdarlary Aklar bilen onuň garşydaşlary Garalar bolan
iki topara bölünýär: Dante Ak gwelflere goşulypdyr, onuň adagly gelinligi Jemma
Donati bolsa Gara gwelflerden bolupdyr. Ýaş şahyr öz ýurdunyň syýasy durmuşyna
işjeň gatnaşyp, birnäçe söweşlerde uly edermenlik görkezipdir.
Emma gazaply uruşlar Danteniň duýguly dünýäsine kär edip bilmändir. Ol özüniň
söýgüsini şygyrlara siňdiripdir. Ilkibadalar Dante dosty Gwido Kawalkantiniň täsiri
bilen öz döwrüniň ýörgünli «Dolçe stil nuowo» atly edebi akymyna goşulýar. Onuň
irki eserleri, şol sanda «Täze durmuş» (La Vita Nuova) atly eseri şol akymyň täsirinde
döredilendir. Emma Danteniň beýik zehini hiç bir akyma sygmaýar. Dünýä
edebiýatynyň taryhynda ilkinji psihologik powest bolup, biziň döwrümizde-de uly
gyzyklanma bilen okalýan «Täze durmuş» eseri munuň aýdyň subutnamasydyr.
1292-nji ýylda döredilen bu terjimehal powest başdan-aýak Beatriçä bagyşlanypdyr.
Beatriçe örän ir, 24 ýaşynda aradan çykýar. Şahyr onuň ölüminden soň, agyr hasrat
çekýär. Erbet keselleýär, birnäçe wagtlap hassa bolup ýatýar. Pelsepewi kitaplar we
gadymy Rim şahyrlarynyň hem-de taryhçylarynyň eserleri Danteniň ýaraly ýüregine
melhem bolýar. Onuň çeken hasratlary «Täze durmuş» eseriniň esasy mazmunyny
düzýär. Bu powest şygyr we kyssa bilen ýazylypdyr. Powestiň ahyrynda Dante özüniň
diňe indiki döretjek eserinde söwer ýarynyň kämil derejede waspyny ýetirjekdigini
aýdýar. Birnäçe ýyldan soň şahyr özüniň «Ajaýyp komediýasy» («Divine commedia»)
bilen sözünde tapylýar.