perizadym
22.02.2023 13:45
1298-nji ýylda Dante Jemma Donatä öýlenýär. Olaryň üç ogly we bir gyzy dünýä
inýär.
XIII asyryň ahyrynda Dante jemgyýetçilik işlerine has hem ýygjam gatnaşmaly bolýar.
Ol Florensiýanyň mejlisiniň agzalygyna saýlanýar, birnäçe gezek ilçi hökmünde başga
şäherlere, Rim Papasynyň ýanyna iberilýär, iki sapar Florensiýada ýedi priorlaryň
(häkimleriň) biri bolup bellenilýär.
1301-nji ýylda fransuz korolynyň dogany şazada Karl Walua Florensiýany basyp
alýar. Häkimlik Gara gwelfleriň eline geçýär. Şol wagt Dante başga şäherde ekeni.
Täze häkimlik ony parahorlukda hem-de dönüklikde aýyplap şäherden kowmagy
höküm edýär. Şahyryň öýi talanýar. Aýalyna, garyndaşlary Garalara degişli bolansoň,
emläginiň bir bölegini gorap saklamak başardýar. Şeýdip, Danteniň aýaly Florensiýany
terk etmän, çagalary bilen şäherde galýar. 1302-nji ýylda kazyýet «Dante Aligýeri
Florensiýa gaýdyp gelen ýagdaýynda, tä ölýänçä otda ýakmaly» diýen höküm
çykarýar. Dante üçin sergezdanlyk ýyllary başlanýar. Ol bütin Italiýany syýahat edýär.
Fransiýa baryp, Pariž uniwersitetinde bolýan ylmy çekişmelere gatnaşýar, özüniň
okumyşlygy hem suhangöýligi bilen alymlaryň arasynda şöhrat gazanýar.
1304-nji ýylda Dante «Meýlis» («Convivio») atly meşhur traktatyny ýazmaga
başlaýar, emma ony doly tamamlamaýar. 1309-njy ýylda Rimiň imperatory Genrih VII
«parahatçylyk getirmek» maksady bilen Italiýa aýak basýar. Dantede öz Watanyna
dolanmaga umyt döreýär. Ol imperatory goldap, «Monarhiýa» («Monarchia») atly
traktatyny döredýär. Emma 1313-nji ýylda Genrih VII tarpa-taýyn aradan çykýar.
Florensiýada günä geçişlik hakynda kanun kabul edilýär. Bu kanuna laýyklykda,
Dante Aligýerä gara geýnip, bütin halkyň öňünde eli şemli ötünç sorasa, Florensiýa
dolanmaga rugsat ediljekdi. Dante, elbetde, razylaşmaýar. 1315-nji ýylda ony ýene-de
ogullary bilen ölüm jezasyna höküm edýärler.
Gandöküşikli söweşler we peýdasyz jedeller bilen gazanan zadynyň bolmajakdygyna
düşünen ýazyjy özüniň duşmanlaryndanam, tarapdarlaryndanam, syýasatdanam ýüz
öwrüp, 1306-njy ýylda Monte Katria diýen ýerde ýekelikde, tebigatyň daglyk hem
tokaýlyk ýerinde «Komediýasyny» döredip başlaýar.
Ömrüniň ahyrynda Dante Rawenna şäherinde, özüniň çagalarynyň we ýakyn
dostlarynyň arasynda (aýaly Jemma Florensiýada galýar) mekan tutýar. Şol ýerde-de
aradan çykýar. Onuň mazary häzir hem Rawennada ýerleşýär. XV asyrda binagär
Lombardo onuň üstünde kaşaň aramgäh galdyrypdyr.
Dante öz poemasyny «Komediýa» diýip atlandyranda, antik edebiýatynyň däbine
eýeripdir. Köne däbe görä, ýönekeý, halky dilde ýazylan, soňy gowulyk bilen
tamamlanýan eserlere «Komediýa» diýilýärdi. «Ajaýyp» epitetini eseriň adyna italýan
Gaýtadan döreýiş döwrüniň ýene bir beýik wekili Jowanni Bokkaçço goşupdy. Emma
kitaplaryň jildinde bu at ilkinji gezek 1555-nji ýylda Wenesiýada çykarylan neşirde
peýda bolýar. Mundan soň eseriň çeperçilik derejesini görkezýän bu sypat poemanyň
adynyň aýrylmaz bölegi bolup galýar. Poemanyň mazmuny gysgaça gürrüň bererden
uludyr. Şonuň üçin okyja bu eseri başdan-aýak okamagy maslahat beräýmek galýar.
«Ajaýyp komediýasyny» Dante örän inçe hasaplar bilen döredipdir. Bu eserde,
esasanam, 9-lyk san uly ähmiýete eýedir. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Dante
Beatriçä ilkinji gezek 9 ýaşyndaka duşupdyr, bu ilkinji duşuşykdan 9 ýyl geçenden soň, ýagny Dante 18 ýaşyndaka ol zenana aşyk bolýar. Şahyr bu sanlary özüne
Taňrydan iberilen nyşan hasaplaýar. Hristian ynanjynda 3 belgisi mukaddes
hasaplanylýar, ýagny üç birlik — Ata, Ogul we Keramatly Ruh. 3 diňe öz-özüne
köpeldilende, 9-a deň bolýar. Diýmek, Beatriçe Dante üçin Taňrynyň ynsana bagyş
eden iň ajaýyp peşgeşini — Söýgini aňladýar.
Şonuň üçin eseriň mazmunynda, gurluşynda 9 hem 3 sanlary juda köp gabat gelýär.
Poema 3 bölüme bölünýär: Dowzah, Araf (dini ynanja görä, dowzah bilen jennetiň
aralygy), Jennet. Eserdäki Dantä tokaýda duş gelýän üç sany haýwan, Beatriçäniň
geýimindäki üç reňk, Lusiferiň (Şeýtanyň) üç kellesi, olaryň agzyndaky üç sany dönük
(Iuda, Brut we Kassiý) — bularyň hemmesi çuňňur simwolik manyny göterýär. Ýene
bir wajyp zady belläp geçmek gerek: poemanyň haýsydyr bir ýerinde 9-lyk sany duş
geläýse, şol ýerde bukulgy, syrly manyny agtarybermelidir. Bu eseriň her bir bendinde
gizlin many bardyr. Oňa doly düşünmek üçin taryhdan, filosofiýadan, edebiýatdan,
ylahy ylymdan, mifologiýadan, astronomiýadan we matematikadan habarly bolmak
gerek.
Eserde taryhda uly yz galdyran şahslaryň köpüsine duş gelip bolýar, onda Aleksandr
Makedonly, Ahilles, Agamemnon, Odisseý, Foma Akwinli, Boesiý, Awgustin, hatda
Muhammet pygamber hem hezreti Aly bar. Gomer, Wergiliý, Gorasiý, Owidiý ýaly
şahyrlary, Aristotel, Sokrat, Platon, Demokrit, Diogen, Seneka, Gippokrat, Ibn Sina
ýaly akyldarlary hristian bolmanlygy üçin Dante dowzahyň daşynda — Limbda
ýerleşdiripdir. Beýtmek bilen beýik gumanist Dante özüniň sungata hem ylma bolan
söýgüsini görkezýär.
Eseri şeýle kämil derejä ýetirmek üçin Danteniň örän kän zähmet çekmeli bolandygy
düşnüklidir. Ol poemanyň üstünde ömrüniň ahyryna çenli işläpdir. Dantä bu eseriniň
diňe birinji we ikinji bölümleriniň neşirlerini görmek miýesser edipdir. Onuň
eserlerine birentek teswirler hem ýazylypdyr. Onuň ilkinji teswirçileri öz ogullary
Pietro hem Ýakopo dagydyr. «Dekameronyň» ýazary Jowanni Bokkaçço ilkinjileriň
biri bolup Danteniň ömür beýanyny ýazýar. Onuň «Danteniň ömri» kitaby şu gün hem
beýik şahyryň terjimehalyny öwrenmekde iň ygtybarly çeşmeleriň biri hasaplanýar.
Dante Aligýeriniň «Ajaýyp komediýasy» italýan edebiýatynyň adamzada ýapan iň uly
serpaýydyr. Şonuň üçin Gomer, Gýote, Milton, Puşkin, Magtymguly ýaly ägirtleriň
adynyň tutulan ýerinde Danteniň ady hem ýatdan çykarylmaýar.
10
162
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.