Türkmenistan taryhy we medeni gymmatlyklara baý ýurtdur. Şeýle gymmatlyklary özünde jemleýän ýerleriň biri hem gadymy Köneürgenç mekanydyr.
Bu ýerde ýetişen alymlar, akyldarlar, müneçjimler, matematikler, geografiýaçylar dünýä ylmynyň hem-de medeniýetiň ösmegine itergi beripdirler. Biruniniň, Zamahşarynyň, Nejmeddin Kubranyň pähim-parasatlary, Abu Bekr Horezminiň, Musa al-Horezminiň ylmy-edebi eserleri häli-häzir hem dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekýär. Orta asyrlaryň iň uly obserwatoriýasynyň hem şu mekanda gurlandygyna taryh şaýat. Gadymy çeşmelerde bu sebit gülläp ösen Gürgenç şäheriniň ady bilen has-da şöhratlanýar. Gürgenjiň, ýagny häzirki Köneürgenjiň taryhy iňňän gadymydyr.
Gündogaryň dil, edebiýat, hukuk, astronomiýa, geografiýa, mineralogiýa, mehanika, alhimiýa ugurlarynyň ösmeginde bu ýerde ýetişen we ýaşan alymlaryň mynasyp orny bardyr. XIII asyr gadymy Gürgenjiň gülläp ösen döwrüdir. Köneürgenjiň arhitektura-binagärlik keşbi özboluşly aýratynlyga eýedir. Şeýle gymmatlyklary özünde jemleýän Daşoguz topragynyň 2016-njy ýylda GDA döwletleriniň medeni paýtagty diýlip yglan edilendigini buýsançly bellemek gerek.