paris_off
14.09.2024 00:34
Düýnden bäri erbet bolup ýörün. Düýn agşam, işde otyrkam (bir barda barmen bolup işleýärin) bara bir adam geldi. 35-40 ýaşlarynda erkek adam. Gaty erbet ýagdaýdady. Bir rýumka arak bilen bir bölek limon sorady. Aýdanlaryny berdim. Bäş minudyň içinde on rýumka içdi. Onuň beýle erbet ýagdaýdadygyny görüp näme bolandygyny sorasym geldi. Başda ýakynlaryndan biri wepat bolandyr öýtdüm.
Içip bolansoň jübüsinde $100 çykaryp gaýtargysy gerek däldigini aýtdy. Haýran galdym. Soňam eger mümkin bolsa 20 minut oturap bilerinmi diýip sorady. Islese gijesi bilen oturyp biljegini aýtdym.
Ol gymyldaman, gözüni bir nokada dikip oturdy. Ahyry güýç tapyp "Günüňiz erbet geçdimi?" diýip soradym. Jogap gelmedi. Ýanyna geçip oturdym. Ondan başga müşderi hem ýokdy. Maňa seretdi, ýöne soragymy eşitmedi. Soragy ýene bir sapar gaýtaladym. Ahyry jogap berdi,
"Oglum, erbet güne düşünýändirin diýýämiň?! Menem şu soňky 20 ýyllyk maşgala durmuşym üstünlikli we bagtlydyr diýýärdim. Iki oglum we bäş ýaşynda owadanja gyzym bar. Bilýäňmi näme, oňa ilkinji sapar ýigrimi ýaşymda duşdym. Yzyna düşdim. Ony bagtly etmek üçin herhili sowgatjyklar berdim. Iki aýdan soň toý edeli diýdim. Olam elbetde razy boldy. Ýaşdyk we bagtlydyk. Toýdan soň ilkinji bir aýymyzy Parižde geçirdik. Bu onuň iň uly arzuwydy we ony ýerine ýetirmek üçin elimden gelenini etdim. Bir ýyldan soň oglumyz boldy. Ýene iki ýyldan ikinji oglumyz. 2008-nji ýylda bolsa gyzjagazymyz Mila. Söz bilen taryp edip bolmajak derejede bagtlydym. Örän bagtlydym. Maşgalama gowy seretmek üçin iki işde işleýädim. Olaryň islän zadyny alyp bereýin diýip. Her bazar gün maşgalamyz bolen restoranlara giderdik. Hepdäniň her ikinji güni aýalyma bir buket gyzyl roza getirerdim; sebäbi hepdäniň ikinji güni tanyşypdyk. Bu biziň däbimiz bolup galypdy. Ýöne durmuşda herhili zatlar bolup durýar. Durmuşymda kän kyynçylyga duşdym, ýöne durmuşyň beren soňky sapagy meni öldürdi..
Düýn öz gözlerim bilen aýalymyň başga bir erkeden gül alanyny we dodagyndan öpenini gördüm. Men maşyndadym, we çilimimi çekip olara seredip oturdym... Tüssäň içinde onuň bilen geçiren bagtly günlerimiz gözlerimde janlandy.. Elbetde maşyndan düşüp bilerdim. Ol meýdiň bar süňküni döwüp, aýalymyň gözleriniň içine seredip bilerdim. Bilerdim, ýöne peýdasy näme?! Jigim, durmuşda herzat bolýar. Durmuş seni ýykjak bolar, döwük-ýenjik etjek bolar, ýuwutjak bolar. Eger sähel ejizlik etseň, öldüň hasap edäý..
Häzir özümiň haýsy ýagdaýdadygymy hem bilemok.. Bu bolup geçenlere ynanmak islämok.. Eger men ejizlesem, çagalaryma seretmäge hiçkim ýok..!"
Ol şeýdýiýdi-de taksa münip gitdi. Ömrümde ilkinji sapar bir erkek adamyň çyny bilen aglanyny gördüm.. Gaty erbet ýagdaýdadym. Gürläp bilmän oturdym.
:--->Aýal-gyzlar!.. Hiçhaçan ikilik etmäň.. Öz durmuşyňyzy we çagalaryňyzyň durmuşyny zaýalamaň! Häzir boluň, akylly boluň! Eýsem size maşgalaňyzyň bagtyndan başga näme gerek?! Pulmy? Brilliýantmy? Maşynmy?!
Siz ol adamy görsediňiz..
Size akyl sapagy geçmek niýetim ýok! Öz gelejegiňiz hakda oýlanyň! Bir erkek bilen bagtly boluň! Ikili oýunlaryňyzy teatrda oýnaň!..haÿyšt edÿän doganjyklarym!...😔
7
195
paris_off
11.09.2024 00:30
Işewürleriň baýlygyny yzarlaýjy topar Informa Connect Academy-nyň hasabatyna görä, Ilon Mask 2027-nji ýyla çenli dünýäde ilkinji dollar trillioneri bolup biler. Çaklama Maskyň baýlygynyň ýylda ortaça 110% artmagyna esaslanýar diýip, The Guardian ýazýar.

Bloomberg-iň milliarderler indeksine görä, häzirki wagtda Mask 251 mlrd dollar baýlygy bilen dünýäde iň baý adam hasaplanylýar. Ol Tesla, SpaceX we X kompaniýalaryna ýolbaşçylyk edýär.
Hasabat Adani Group konglomeratyny esaslandyryjy Gautam Adaniniň hem 2028-nji ýyla çenli trillioner bolup biljekdigini çaklaýar. Nvidia-nyň baş müdiri Jensen Huangyň we indoneziýaly magnat Prajogo Pangestunyň hem şol ýyla çenli bu görkezijä ýetmek mümkinçiligi bar.
2030-njy ýylda trillionerleriň toparyna Louis Vuitton Moet Hennessy-nyň esaslandyryjysy Bernar Arno we Meta-nyň baş müdiri Mark Sukerberg hem goşulyp biler.
Belläp geçsek, dünýäde ilkinji milliarder Jon D.Rokfeller boldy. Onuň baýlygy bu görkezijä 1916-njy ýylda ýetdi. Ol Standard Oil korporasiýasynyň esaslandyryjysy we uly paýdarydy. Şondan bäri kimiň ilkinji trillioner boljakdygy uly gyzyklanma döredýär diýip, CNBC belleýär.
9
32
paris_off
07.09.2024 01:38
Russiýanyň futbol bileleşigi (RFS) Russiýa bilen Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygyny guramagy teklip etdi. RFS-niň bu başlangyjyny Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýaryşlar bölüminiň başlygy Resul Mämmedow tassyklady diýip, Sport24 habar berýär.

«RFS bize noýabr aýynda Moskwada ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek teklibi bilen ýüz tutdy. Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi häzirki wagtda iş sapary bilen Portugaliýada bolýar. Bu ýoldaşlyk duşuşygyny geçirip-geçirmezlik barada diňe ol karar berip biler" diýip, Mämmedow teswir berdi.

Duşuşyk 11-19-njy noýabrda FIFA-nyň resmi günlerinde geçirilip bilner. Emma teklip heniz öwrenilýär.
10
58
paris_off
05.09.2024 15:14
✈️
Fransiýa'nyň çäginden çykmagy gadagan edildi we 5 million ýewro girew tölemeli hem-de hepde-de iki gezek polisiýa hasabat bermeli.
7
24
paris_off
31.08.2024 22:51
Russiýa bilen A.B.Ş-nyñ iñ ýakyn aralygy näçe kilometr ?
7
101
paris_off
28.08.2024 00:14
# BREAKING

Telegramyň esaslandyryjysy Pawel Durow Fransiýada tussag edildi.

Telegramyň üsti bilen fransuz polisiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmeýändigi sebäpli günäkärlenýän Durowa garşy aýyplamalar:

Terrorçylyga goldaw
- Neşe gaçakçylygy
- Jenaýatyň gatnaşygy
- Köpçülikleýin galplyk
- Pul ýuwmak
- Jenaýaty gizlemek
- Pedofiliýanyň mazmuny
- Sanksiýalardan gaça durmak

💔💔💔
0
47
paris_off
04.03.2024 01:51

Men şeýle wakany gürrüň bermekçi,

Bir gözel gyz hakda goşgy düzmekçi.

Sanlyja gün galdy durmuş toýuna

Sanly günden ak kejebe gelmeli,

Ähli zat alyndy, bukja çatyldy,

Ýaş juwanlaň nikasy hem gyýyldy.

Ertir toý bolmaly gyzyň öýünde,

Dürli -dümen bişdi, joralar üýşdi,

Ýarygije boldy, hemmeler ýatdy.

Gyzyň nämüçindir ýüregi çişdi.

Daňa golaý itler üýrdi gapyda,

Bosagada bir nätanyş göründi,

Gyzyň kakasynyň reňk-peti öçdi,

Daňdan 5-de saglyk däldigi belli...

Gözel gyzyň bardy körpe dogany,

Gullukdady ol toýa gelmelidi,l

“Otluda jan berdi ýaş esger ogluň”

Muny ataň hiç eşdesi gelmedi.

Ahyrzaman gopdy toýuň deregne,

Toýa alnan zatlar ýasa ýarady.

Gyz göwnüne asman ýere diredi,

Juwan başyn ýas lybasa büredi.

Garabagyr ene iki büküldi,

Gözlerinden boýur-boýur döküldi,

Gyzynyň bagt toýy...Oglunyň ýasy...

Ene-ataň göwnüne dünýe ýykyldy.

Ýatan ýeriň ýagty bolsun doganjan!

Baran jaýyň jennet bolsun doganjan!

Juwan wagtyň gara gözleň ýumuldy,

Ýalançydan razy bolgun doganjan!

25
83