paris_off
14.09.2024 00:34
Düýnden bäri erbet bolup ýörün. Düýn agşam, işde otyrkam (bir barda barmen bolup işleýärin) bara bir adam geldi. 35-40 ýaşlarynda erkek adam. Gaty erbet ýagdaýdady. Bir rýumka arak bilen bir bölek limon sorady. Aýdanlaryny berdim. Bäş minudyň içinde on rýumka içdi. Onuň beýle erbet ýagdaýdadygyny görüp näme bolandygyny sorasym geldi. Başda ýakynlaryndan biri wepat bolandyr öýtdüm.
Içip bolansoň jübüsinde $100 çykaryp gaýtargysy gerek däldigini aýtdy. Haýran galdym. Soňam eger mümkin bolsa 20 minut oturap bilerinmi diýip sorady. Islese gijesi bilen oturyp biljegini aýtdym.
Ol gymyldaman, gözüni bir nokada dikip oturdy. Ahyry güýç tapyp "Günüňiz erbet geçdimi?" diýip soradym. Jogap gelmedi. Ýanyna geçip oturdym. Ondan başga müşderi hem ýokdy. Maňa seretdi, ýöne soragymy eşitmedi. Soragy ýene bir sapar gaýtaladym. Ahyry jogap berdi,
"Oglum, erbet güne düşünýändirin diýýämiň?! Menem şu soňky 20 ýyllyk maşgala durmuşym üstünlikli we bagtlydyr diýýärdim. Iki oglum we bäş ýaşynda owadanja gyzym bar. Bilýäňmi näme, oňa ilkinji sapar ýigrimi ýaşymda duşdym. Yzyna düşdim. Ony bagtly etmek üçin herhili sowgatjyklar berdim. Iki aýdan soň toý edeli diýdim. Olam elbetde razy boldy. Ýaşdyk we bagtlydyk. Toýdan soň ilkinji bir aýymyzy Parižde geçirdik. Bu onuň iň uly arzuwydy we ony ýerine ýetirmek üçin elimden gelenini etdim. Bir ýyldan soň oglumyz boldy. Ýene iki ýyldan ikinji oglumyz. 2008-nji ýylda bolsa gyzjagazymyz Mila. Söz bilen taryp edip bolmajak derejede bagtlydym. Örän bagtlydym. Maşgalama gowy seretmek üçin iki işde işleýädim. Olaryň islän zadyny alyp bereýin diýip. Her bazar gün maşgalamyz bolen restoranlara giderdik. Hepdäniň her ikinji güni aýalyma bir buket gyzyl roza getirerdim; sebäbi hepdäniň ikinji güni tanyşypdyk. Bu biziň däbimiz bolup galypdy. Ýöne durmuşda herhili zatlar bolup durýar. Durmuşymda kän kyynçylyga duşdym, ýöne durmuşyň beren soňky sapagy meni öldürdi..
Düýn öz gözlerim bilen aýalymyň başga bir erkeden gül alanyny we dodagyndan öpenini gördüm. Men maşyndadym, we çilimimi çekip olara seredip oturdym... Tüssäň içinde onuň bilen geçiren bagtly günlerimiz gözlerimde janlandy.. Elbetde maşyndan düşüp bilerdim. Ol meýdiň bar süňküni döwüp, aýalymyň gözleriniň içine seredip bilerdim. Bilerdim, ýöne peýdasy näme?! Jigim, durmuşda herzat bolýar. Durmuş seni ýykjak bolar, döwük-ýenjik etjek bolar, ýuwutjak bolar. Eger sähel ejizlik etseň, öldüň hasap edäý..
Häzir özümiň haýsy ýagdaýdadygymy hem bilemok.. Bu bolup geçenlere ynanmak islämok.. Eger men ejizlesem, çagalaryma seretmäge hiçkim ýok..!"
Ol şeýdýiýdi-de taksa münip gitdi. Ömrümde ilkinji sapar bir erkek adamyň çyny bilen aglanyny gördüm.. Gaty erbet ýagdaýdadym. Gürläp bilmän oturdym.
:--->Aýal-gyzlar!.. Hiçhaçan ikilik etmäň.. Öz durmuşyňyzy we çagalaryňyzyň durmuşyny zaýalamaň! Häzir boluň, akylly boluň! Eýsem size maşgalaňyzyň bagtyndan başga näme gerek?! Pulmy? Brilliýantmy? Maşynmy?!
Siz ol adamy görsediňiz..
Size akyl sapagy geçmek niýetim ýok! Öz gelejegiňiz hakda oýlanyň! Bir erkek bilen bagtly boluň! Ikili oýunlaryňyzy teatrda oýnaň!..haÿyšt edÿän doganjyklarym!...😔
7
195
paris_off
5 Oktýabr 2024
@flowers_, indikide 🤐
geldiyevna
19 Sentýabr 2024
@flowers_, aý saw
flowers_
19 Sentýabr 2024
Maslahatyñyzy diñe "Aýal-gyzlara" gönükdirmäň, umuman Ynsanlara beriň!
milanaaa
15 Sentýabr 2024
@mugallym_, diýdimä shon üçin, ony duýup bilmeli diýip
paris_off
15 Sentýabr 2024
@milanaaa, erkeklere sozum bar. Size sozum yok!
mugallym_
15 Sentýabr 2024
@milanaaa, dinden başga nirden gozlemeli jogaby. Islendik meselede jemgyýetçilik düzgünlerini diňe kanun dal halkyň hasiýeti we dinimiz saklanokmy näme?
mugallym_
15 Sentýabr 2024
@milanaaa, o başga mesele. Ayal dörände erkegiň gapyrgasyndan döremedimi? O siziň aýdýanyňyz başga zat. Ol beýiklik däl. Ol hormat, sylag, mukaddeslik
milanaaa
15 Sentýabr 2024
@paris_off, mana bashdanam jogap gerek dälli, men uže bashdan geçirip goren zadym bu, shon un erkeklere diýjek sozun yokmy diýäýdim janym ýananson
milanaaa
15 Sentýabr 2024
@mugallym_, hawa ozumi kabir erkeklerden ustun gorýan, sheylebir ozune erkek men diýip ýorenler bar, ýekeje hayyshda kiçhelýäler, auditoriýamzda näçe günläp shkafymz bozuk ýatdy, onardaý diýip gyzlar bp aýda ýada dilimze tüý çykandyr, bor diýýä ýone netije ýok, toparda ýekeje oglan, ahyr son ozumiz otwyortka zat getirip ozumiz onardyk shony
milanaaa
15 Sentýabr 2024
@mugallym_, siziň abraýyňyzy saklaýan gyz jigi doganlaryňyz beýik dälmi? Kir çägiňizi ýuwup, nahar edip işden gelmegiňize garaşyp, gara göz çagalaryňyza agşamsy bilen çirim etmän seretýän aýalyňyz beýik dälmi?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.