paris_off
11.09.2024 00:30
Işewürleriň baýlygyny yzarlaýjy topar Informa Connect Academy-nyň hasabatyna görä, Ilon Mask 2027-nji ýyla çenli dünýäde ilkinji dollar trillioneri bolup biler. Çaklama Maskyň baýlygynyň ýylda ortaça 110% artmagyna esaslanýar diýip, The Guardian ýazýar.

Bloomberg-iň milliarderler indeksine görä, häzirki wagtda Mask 251 mlrd dollar baýlygy bilen dünýäde iň baý adam hasaplanylýar. Ol Tesla, SpaceX we X kompaniýalaryna ýolbaşçylyk edýär.
Hasabat Adani Group konglomeratyny esaslandyryjy Gautam Adaniniň hem 2028-nji ýyla çenli trillioner bolup biljekdigini çaklaýar. Nvidia-nyň baş müdiri Jensen Huangyň we indoneziýaly magnat Prajogo Pangestunyň hem şol ýyla çenli bu görkezijä ýetmek mümkinçiligi bar.
2030-njy ýylda trillionerleriň toparyna Louis Vuitton Moet Hennessy-nyň esaslandyryjysy Bernar Arno we Meta-nyň baş müdiri Mark Sukerberg hem goşulyp biler.
Belläp geçsek, dünýäde ilkinji milliarder Jon D.Rokfeller boldy. Onuň baýlygy bu görkezijä 1916-njy ýylda ýetdi. Ol Standard Oil korporasiýasynyň esaslandyryjysy we uly paýdarydy. Şondan bäri kimiň ilkinji trillioner boljakdygy uly gyzyklanma döredýär diýip, CNBC belleýär.
8
31
Karaleva_
11 Sentýabr 2024
👍🏻👌🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.