paris_off
07.09.2024 01:38
Russiýanyň futbol bileleşigi (RFS) Russiýa bilen Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygyny guramagy teklip etdi. RFS-niň bu başlangyjyny Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýaryşlar bölüminiň başlygy Resul Mämmedow tassyklady diýip, Sport24 habar berýär.

«RFS bize noýabr aýynda Moskwada ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek teklibi bilen ýüz tutdy. Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi häzirki wagtda iş sapary bilen Portugaliýada bolýar. Bu ýoldaşlyk duşuşygyny geçirip-geçirmezlik barada diňe ol karar berip biler" diýip, Mämmedow teswir berdi.

Duşuşyk 11-19-njy noýabrda FIFA-nyň resmi günlerinde geçirilip bilner. Emma teklip heniz öwrenilýär.
7
27
matsuriken
Tuesday 15:35 wagtda
@milanaaa, Kimi görýäň? 🤔
milanaaa
Tuesday 15:34 wagtda
@matsuriken, kimleri goryan)))
matsuriken
Tuesday 14:15 wagtda
Orslara gaty kyn... AFK-a geçmekden başga çäreleri ýok.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.