owrenmeli_officiall
14.09.2019 07:57
Bilim ynsanlarynyň Awustraliýa Tafonomi barlag merkezinde bu günde çenli dogry diýip pikir edilen bir ýagdaýyň aslynda ýalňyş bolandygy orta çykdy. 70 öli bedeniň bolan otagyna ýerleşdirilen tizlendirilen kameralar bilen ýazgy alan bilim ynsanlary, ölen bedeniň aslynda hereket edýändigini anykladylar.
Birde ölümiň yzybar. Elbetde ynsan, durmuşynda diňe bir gezek ölýändigi üçin bu ýagdaýy taryp etmek mümkin däl. Emma bilim ynsanlary, ölümden soňrasyny her wagt barladylar. Barlag edilen soňky netije bolsa, öli bedenleriň hereket edýändigini orta çykardylar. Bu biraz gorkunç bolup biler ýöne, barlagyň beýanlary has hem gorkunç bolandygyny aýdyp bileris.
Awustraliýada barlag, "corpse farm" diýlip atlandyrylan we 70 bedeniň bar bolan bir aýratyn otagda taýýarlanandygy Awustraliýa Tafonomi Barlag merkezinde geçirildi. Bu merkez has köp günä wakalaryny täzeden janladyrmak üçin ulanylsada bu gezek has tapawutly bir maksat üçin ulanyldy. Bilim ynsanlarynyň öli bedenleriň hereketlerini seretmek üçin otaga ýerleşdirilen tizlendirilen kameralar bolsa, hiçkimiň garaşmaýan netijeleri berdi.
70 bedeniň bolan ýerine ýerleşdirilen kameralar, 30 minutda 1 gezek surata çekdi. 17 aýdan has uzyn bir wagt boýunça bu ýazgylaryň netijesinde, öli bedenleriň hereket edýändigini görkezdi.
Maglumat bilen degişli barlaglarda Alyson Wilson, öli bedenleriň esasan gollarynda hereket bolandygyny anykladyk diýip beýan etdi. Wilson, gollaryň ölümden bir wagt soňra bedeniň açylmaga başlaýandygyny yzyndan hem täzeden ýapylandygyny aýtdy. Wilsona görä täzeden ýapylmagy sebäbi bolsa bedeniň çüýremeginden bolan bir büzüşme.
Ýazgylary sereden başga bir barlagçy Dr. Xanthe Mallett, ölileriň munuň ýaly hereket edendigini görmek her kimi haýran galdyrjagyny, özi hem ýazgylary seredenden soňra gaty haýran galandygyny aýtdy.
0
68
10 075
owrenmeli_officiall
11.09.2019 04:56
Bilim ynsanlary, uzyn wagt öň bir asteroidiň dünýämize urup yklym üýtgemegine we dinozawr nesiliniň ýok bolmagyna ýol açandygy teoriýasyny tassyklamagy başardylar.
Austin-daky Texas Uniwersitetinden ylmy barlagçylar tarapyndan alyp barylan çaknyşma (urma) maglumatlaryň barlag netijesinden soňra ylmy barlagçylar, asteroidiň Dünýämize uruşynyň yzyndaky ilkinji sagatlaryny görmegi başardylar. Texas Jeofizik Institutyndabolan ylmy barlagçy Sean Gulick, asteroid ýazgylarynda dinozawrlaryň nesilini ýok eden apada ýagtylyk getirilendigini aýtdy: "Zeminden alyp çykmagy başaran bu waka ýazgysy, biziň bolan wakalara şaýatlyk etmegimizi üpjün edýär."
Barlagyň netijesine görä, çaknyşmanyň yzyndan krater 130 metr galyňlygynda partlama meýdany töweregindäki materiýallar bir gatlak bilen doldy. Topar, partlamanyň täsiri bilen dörän tsunaminiň getiren galyndylarynyň içinde daş kömür we adaty gaýa galyndylary hem tapdy.
Asteroid çakyşmasy, 10 milýon atom bomba partlamasyna deňdi:
Gulick, tsunaminiň ABŞ-da bolan şu wagtky ady bilen Illinoi welaýatyna barandygyny we her ýeri ataşyň bogýandygy aýdylýar. Munuň yz ýanyndan bolsa häzirki günümize çenli gelen bir yklym üýtgeşikligi hakykat boldy. Ikinji Jahan Urşunda ulanylan atom bombalarynyň 10 milýon sanysyna deň bolan bu asteroid çakyşmagy, dinozawrlaryň nesilini göni ýok etmegide soňky ýaşaýşyň başlangyjy boldy.
Çaknyşmagyň yzyndan sülfür ýüklenen gaýalar, töwerekdäki minerallary zäherli himiki maddalara öwürdi we bu zäherli maddalar bugaryp atmosfera garyşdy. Bu hem yklym özgerişligine sebäp boldy we dinozawrlaryň ýaşaýyş çeşemeleri ýuwaş ýuwaş gutarmaga başlady.
Nasa baglanşykly Professor Greg Leonardyň öň hem beýan edişi ýaly, dünýämize täzeden bir asteroidiň urmagy we şol bir wakalaryň bolup geçmek ähtimallygy 100%.
0
29
3 275
owrenmeli_officiall
10.09.2019 05:40
Dowam edýän Arheologik gazuw-agtaryş işleri Russiýa Federasiýasyna bagly bolan Sibirýanyň günortasyndaky Tuwa Respublikasynda birhili bir jisim ýazgylara geçdi. Bilim ynsanlary, 2 müň 137 ýyl ýaşynda bolandygy anyklanan, ölçegi telefona meňzeýän birhili bir jisim galyndysyna gabat geldiler.
Ynsanlyk taryhynyň iň uly gizlinliklerini saklaýan Sibirýada arheologik gazuw-agtaryş işleri dowam edýär. Iň soňy geçen ýyl zolakda bir Denisowa we Neandarthalyň çagasy bolandygy anyklanan ynsan skeletlerine gabat gelnipdi. Bu tapylan döwrebap ynsan görnüşi Homo sapiens daşynda, nesili gutaran Denisowalylaryň we Neandarthalleriň bir ýere gelendikleri netijesine barlypdy.
Arheologik gazuw-agtaryşlarda bu gezek ýokardaky ýaly uzak geçmişe degişli däl, has ýakyn taryhdan birhili jisime gabat gelindi. Bilim ynsanlary, Rus Atlantisi diýip atlandyrylan bir mazarlykda gazuw-agtaryş wagtynda, ölçegi we görnüşi taýdan telefona meňzeýän bir jisim tapdylar. Jisimiň üstünde tapawutly görnüşdäki daşlar üçin açylan deşikler bar.
Bilim ynsanlary, daşyň ölçegleriniň 18x9 santimetr bolandygyny bellik etdiler. Jisimiň tapylan mazary bolsa Nataşa adyna eýe bolandygy anyklanlanan bir aýalyň mazary.Şunuň bilen birlikde Nataşanyň mazary, gazuw meýdanyndaky iň üns çekiji zolaklardan biri halynda geldi.
Jisimiň üstündäki daşlar bolsa aslynda Hytaýyň pullary bolandygy anyklandy, jisimiň ýaşy bu pullar bilen barlag edilip anyklandy. Şeýle hem bu keşpiň 2016-njy ýyldaky gazuw işlerinde tapylandygy, diňe dünýä ýüzüne barlaglar doly gutarandan soňra maglumat berilendigi aýdylýar.
Barlaglary alyp baran EurAsia keşip gurama wezipelisi Pawe Leus, jisimiň meger bezelen bir bil kemeriň bir bölegi bolup biljekdigini, Nataşanyňda bu kemer bilen birlikde gömülendigini bellik etdi. Telefona meňzeýänligi bolsa diňe tötänlik. Emma bilim ynsanlarynyň bulary 3 ýyl soňra habar bermegi, jisimi nähili çynlakaý alandyklaryny hem görkezýär.
Zolaklardaky galyndylar, Tunç eýýamyndan galan we Jeňgiz Han döwrüne degişli bolup ýazgylara geçdi. Sibirýadaky arheologik gazuw işler, ynsanlyk taryhynyň başga döwürlerine yşyk tutmak üçin dowam edýär.
Gazuw-Agtaryş işlerindäki suratlar:
0
30
5 480