Bilim ynsanlary gören düýşlerimiziň näme üçin ýatdan çykýandygyny açyklady.
Käte ukydan turanymyzda gaty gowy ýada düşýän düýşlerimiziň has gysga bir wagtyň içinde beýnimizden bozulýandygyny aňýandyrys. Bu ýagdaýyň üstünde uzyn wagt barlag geçiren barlagçylar, düýşlerimizi näme üçin unutýandygymyzyň jogabyny tapdy.
Bu ýagdaý hakynda barlag geçiren Ýapon we Amerikaly bilim ynsanlary, beýnimizde bolan käbir öýjükleriň düýşümiziň ýada düşmegi ugrunda negatiw täsir döretýändigini belledi. Science sergisinde bolan habara görä käbir öýjükler, düýşleriň ýatda saklanmagynyň öňüni alýar.
Syçanlaryň üsti bilen geçirilen barlaglarda basym uky tapgyry mahalynda MCH öýjüklerini aktiw hala geitiren bilim ynsanlary, syçanlaryň has öň öwrenen zatlaryny ýadyna salmagy kynlaşandygyny parh etdi. Işdäden we uky tapgyrlarynyň guralmagyndan jogapkär bolan MCH, uky wagtynda aktiw bolmagy sebäpli unudaganlyga ýol açýar.
Ýene meňzeş şekilde MCH öýjükleriň aktiw bolmadyk syçanlarda bolsa ýatkeşlik barlaglaryň has güýçli netijeler berendigi anyklandy. Düýşleriň basym uky tapgyry mahalynda bolandygyny belleýän bilim ynsanlary, MCH öýjükleriň şu proses içinde aktiw bolup rol alýandygyny belleýär. Bu öýjük toparynyň düýş mahalynda aktiw bolmagy netijesinde düýşleri gorap bilmeýändigimizi bellän bilim ynsanlary, düýşlerimiziň bu sebäpli unudylýandygyny hem beýan edýär.