Asteroidiň dünýädäki ýaşaýşyň 75%-ni nähili ýok edendigi açyklandy
Bilim ynsanlary, uzyn wagt öň bir asteroidiň dünýämize urup yklym üýtgemegine we dinozawr nesiliniň ýok bolmagyna ýol açandygy teoriýasyny tassyklamagy başardylar.
Austin-daky Texas Uniwersitetinden ylmy barlagçylar tarapyndan alyp barylan çaknyşma (urma) maglumatlaryň barlag netijesinden soňra ylmy barlagçylar, asteroidiň Dünýämize uruşynyň yzyndaky ilkinji sagatlaryny görmegi başardylar. Texas Jeofizik Institutyndabolan ylmy barlagçy Sean Gulick, asteroid ýazgylarynda dinozawrlaryň nesilini ýok eden apada ýagtylyk getirilendigini aýtdy: "
Zeminden alyp çykmagy başaran bu waka ýazgysy, biziň bolan wakalara şaýatlyk etmegimizi üpjün edýär."
Barlagyň netijesine görä, çaknyşmanyň yzyndan krater 130 metr galyňlygynda partlama meýdany töweregindäki materiýallar bir gatlak bilen doldy. Topar, partlamanyň täsiri bilen dörän tsunaminiň getiren galyndylarynyň içinde daş kömür we adaty gaýa galyndylary hem tapdy.
Asteroid çakyşmasy, 10 milýon atom bomba partlamasyna deňdi:
Gulick, tsunaminiň ABŞ-da bolan şu wagtky ady bilen Illinoi welaýatyna barandygyny we her ýeri ataşyň bogýandygy aýdylýar. Munuň yz ýanyndan bolsa häzirki günümize çenli gelen bir yklym üýtgeşikligi hakykat boldy. Ikinji Jahan Urşunda ulanylan atom bombalarynyň 10 milýon sanysyna deň bolan bu asteroid çakyşmagy, dinozawrlaryň nesilini göni ýok etmegide soňky ýaşaýşyň başlangyjy boldy.
Çaknyşmagyň yzyndan sülfür ýüklenen gaýalar, töwerekdäki minerallary zäherli himiki maddalara öwürdi we bu zäherli maddalar bugaryp atmosfera garyşdy. Bu hem yklym özgerişligine sebäp boldy we dinozawrlaryň ýaşaýyş çeşemeleri ýuwaş ýuwaş gutarmaga başlady.
Nasa baglanşykly Professor Greg Leonardyň öň hem beýan edişi ýaly, dünýämize täzeden bir asteroidiň urmagy we şol bir wakalaryň bolup geçmek ähtimallygy 100%.