Sibirýada 2müň 137 ýyllyk telefona meňzeş bir jisim tapyldy.
Dowam edýän Arheologik gazuw-agtaryş işleri Russiýa Federasiýasyna bagly bolan Sibirýanyň günortasyndaky Tuwa Respublikasynda birhili bir jisim ýazgylara geçdi. Bilim ynsanlary, 2 müň 137 ýyl ýaşynda bolandygy anyklanan, ölçegi telefona meňzeýän birhili bir jisim galyndysyna gabat geldiler.
Ynsanlyk taryhynyň iň uly gizlinliklerini saklaýan Sibirýada arheologik gazuw-agtaryş işleri dowam edýär. Iň soňy geçen ýyl zolakda bir Denisowa we Neandarthalyň çagasy bolandygy anyklanan ynsan skeletlerine gabat gelnipdi. Bu tapylan döwrebap ynsan görnüşi Homo sapiens daşynda, nesili gutaran Denisowalylaryň we Neandarthalleriň bir ýere gelendikleri netijesine barlypdy.
Arheologik gazuw-agtaryşlarda bu gezek ýokardaky ýaly uzak geçmişe degişli däl, has ýakyn taryhdan birhili jisime gabat gelindi. Bilim ynsanlary, Rus Atlantisi diýip atlandyrylan bir mazarlykda gazuw-agtaryş wagtynda, ölçegi we görnüşi taýdan telefona meňzeýän bir jisim tapdylar. Jisimiň üstünde tapawutly görnüşdäki daşlar üçin açylan deşikler bar.
Bilim ynsanlary, daşyň ölçegleriniň 18x9 santimetr bolandygyny bellik etdiler. Jisimiň tapylan mazary bolsa Nataşa adyna eýe bolandygy anyklanlanan bir aýalyň mazary.Şunuň bilen birlikde Nataşanyň mazary, gazuw meýdanyndaky iň üns çekiji zolaklardan biri halynda geldi.
Jisimiň üstündäki daşlar bolsa aslynda Hytaýyň pullary bolandygy anyklandy, jisimiň ýaşy bu pullar bilen barlag edilip anyklandy. Şeýle hem bu keşpiň 2016-njy ýyldaky gazuw işlerinde tapylandygy, diňe dünýä ýüzüne barlaglar doly gutarandan soňra maglumat berilendigi aýdylýar.
Barlaglary alyp baran EurAsia keşip gurama wezipelisi Pawe Leus, jisimiň meger bezelen bir bil kemeriň bir bölegi bolup biljekdigini, Nataşanyňda bu kemer bilen birlikde gömülendigini bellik etdi. Telefona meňzeýänligi bolsa diňe tötänlik. Emma bilim ynsanlarynyň bulary 3 ýyl soňra habar bermegi, jisimi nähili çynlakaý alandyklaryny hem görkezýär.
Zolaklardaky galyndylar, Tunç eýýamyndan galan we Jeňgiz Han döwrüne degişli bolup ýazgylara geçdi. Sibirýadaky arheologik gazuw işler, ynsanlyk taryhynyň başga döwürlerine yşyk tutmak üçin dowam edýär.