orhideya_
14.07.2022 17:21
Kämahal şeýle bir gepläsim gelýär,
Küýseýän şeýlekin hemsyrdaş adam –
Dyzba-dyz oturyp şol adam bilen,
Geçmiş elipbiýin hetjikläp «A»-dan,
«Ýa» harpyna çenli çözläsim gelýär.
Isle zenan adam, isle-de erkek –
Sözledesim gelýär,
Sözläsim gelýär.
Emma beýle döwlet
Duşdumy entek?

Iň bagtly günümde duşupdy biri.
Sözläpdim, diňläpdim. Giňäpdi göwün.
Işimem şowludy, ýüzümem ýagty,
Ýüregmiň urşy-da başgady şo gün...

Kämahal şeýle bir dymasym gelýär.
Ne adam küýseýän, ne-de bir gürrüň.
Dyzba-dyz oturyp öz-özüm bilen,
Gaýgym,
söýgim,
ömrüm,
aladam,
döwrüm.

Hakynda gürrüňler edesim gelýär.
Özümden özgäni küýsänok ýürek.
...Häp-häzir nähili? Häzirem şeýle.
Diňe özüm bilen
Gepleşmek gerek.
13
58
orhideya_
12.07.2022 13:26
Alla hemmämiziň içimizi we daşymyzy her pursatda kämilleşdirmek bilen meşguldyr. Biziň herimiz tamamlanmadyk sungat eseridiris. Başymyzdan geçen her waka, ýeňip geçen her bir kynçylygymyz ýetmezçiligimizi aradan aýyrmak üçin taslanandyr. Haktagala biziň kemçiliklerimiziň hersini aýratynlykda iş edinýär, çünki adamzat diýen eser çirksizligi maksat edinýändir.
10
93
orhideya_
07.07.2022 13:10
Saba, säher wagty, ir ertir — daň atandan, Gün dogýança.Tomus paslynda ol birýarym sagatlap dowam edýär.
Ertir — daň atandan, gün dogup, ýerden gowy saýlanýança.
Salkyn — bir gündiziň ýary.
Guşluk — tomus günleri ir sagat 9 töweregi.
Uly guşluk — tomus günleri sagat 11 töweregi.
Günortan — sagat 12-14 töweregi.
Öýlän günortandan ýarym sagat çemesi soň başlanýar.
Ak öýlän — ir öýleden soň, öýle guşluga çenli.
Öýleguşluk — ak öýländen soň, ikindä çenli.
Ikindi — ýaşmasy golaýlan Günüň reňkiniň üýtgäp, goýalyp başlaýan wagty.
Ilkagşam — agşamyň ilkinji pursatlary. Ol ýaşan Günüň ýagtysy solýança dowam edýär.
Gijagşam — ýaşan Günüň ýagtysy ýiteňkirläp, şapak doly ýitýänçä, asmanda ýyldyzlar sanardan has köpelýänçä.
Ýary-gije -- agşam sagat 2 töweregi
13
70
orhideya_
06.07.2022 20:36
1.Aglaýany güldürip bilemek, aglaýan bilen aglamakdan has gymmatlymyş

2.Inkär edip içimizde gizleýän zatlarymyz hakykylygyny ýitirmeýär

3.Ýüz gyzardyjy günä däldir ogurlyk, eger ogurlanan biriniñ ýüregi bolsa

4.Sen maña gerek, gel! Diýip bilmek eken güýçli bolmak saña " git " diýenimde bildim. Biri saña git diýeninde " galmak isleýärin " diýip bilmek eken söýmek, git diýenlerinde gidenimde bildim

5.Men gidýän diýenimde " gitme " diýýän birine däl, " menem seniñ bilen gitmekçi, ýeke özüñ gitmegin " diýýän birini isleýän

6.Seniñ bilen bolmagyñ iñ owadan tarapy näme bilýäñmi? Eliñ eliñe degmänkä aýalaryñdaky ýylylygy taa içimde duýmak
10
223
orhideya_
06.07.2022 10:56
Çaga bolup dünýä inen mahalyñ,
Dakylan at ýöne ýere dakylmaz.
Dünýäde her zadyñ sebäbi bardyr,
Wezipäñ bolmasa, gapyñ kakylmaz.

Hökümdar bolsada beýikler begler,
Ölümiñ öñünde boýny egiler,
Duşman ýoluñ ýapjak bolsada näler,
Allañ saña açan ýoly ýapylmaz.

Kösenen ýeriñde doganyñ gelse,
Dost diýen ynsanyñ dogan dek bilse.
Maşgalañ arkaña dik durýan bolsa,
Kynçylykdan arkañ ýere ýykylmaz.

Agzy birdir duşmanlary ýykanlañ,
Az däl aýralykdan ömrün ýakanlar.
Wagt barka gadryny bil ýakynlañ,
Soñ söýenleñ kagyz pula tapylmaz.
13
74
orhideya_
orhideya_
04.07.2022 09:05
Agyr eken durmuş ýüki çekerden Durmuşdan men juda ýadadym eje. Durmuş allaryna öwrüm gurardan, Men juda, men juda sadadym eje. Sadalygy niçik guýduñ kalbyma, Ýa-da meniñ hamyrmaýam şolmudy.
orhideya_
01.07.2022 20:59
Sebäpler ýaradyjy bolup bilermi?

Jisimler we barlyklaryň emele gelmegini, döremegini ýa-da bar bolmagyny, sebäpleriň ýaradandygyny düşündirýänleriň subutnamalaryna göz aýlalyň. Näme diýýärler? “Ähli zady sebäpler döredýär, ýagny ýaradýar” diýýärler. Meslem, ýagmyr... Kim ýaradýar ýagmyry? Muny sebäplere baglaýanlar şeýle diýýär:
“Deňizlerdäki we köllerdäki suwlar gyzgynlykdan buga öwrülýär. Ýokardaky sowuk howalara baranda täzeden ýagşa öwrülýär we ýere inýär. Ýagny ýagşy döreden sebäplerdir. Bu ýerdäki sebäpler näme? Ilkinjisi gyzgyn howa. Soňra sowuk howa. Ine, şol iki sebäp ýagşy ýagdyrýar
Aslynda ýagmyryň döremeginişunuň ýaly sebäplere baglamak ýalňyşdyr.
Bu soňky söz sizi haýran edendir.

- Ýagmyry ylym şeýle düşündirmeýärmi näme? Dogrusy hem bu dälmi? diýen sorag ýüze çykandyr.

- Şeý diýip mowzuga ýüzleý seredýänler ýalňyşýarlar. Ýagmyryň şeýle ýaradylýandygy dogry. Ýöne bu bilim, ýagşyň nähili döreýändigini subut edýär. Nähili döremeginiň ylmyny bilmek, kimiň ýaradandygynyň jogaby däldir.

Bu sözlerden soňra, nägileler köşeşmäge başlandyr. Temany ýene-de biraz düşündiriliñ.Fiziki barlaglary geçirýärsiňiz. Meselem, ýagşyň nähili dörändigini labaratoriýada barlap görýärsiňiz. Indi bolsa pikirlenip görüň. Labaratoriýada barlag geçirýän ýagşyňyzy belli bir maksat esasynda barlaýarsyňyz. Şol ýagyş bilen baglanyşykly barlaglaryň sebäpleriniň bolmagy gereklidir. Eger bug görnüşine getirilmese, ýa-da sowuk howa gatlagyna ýetirilmese, ýagyş bilen baglanşykly barlagy geçirmek mümkin däldir. Şol barlag bilen baglanyşykly materiallary, suwy, ony gaýnatmaklygy, sowuk howa bilen garyşdyrmagy kim taýýarlaýar? Şol sebäpler öz-özünden bir ýere jemlenip döreýärmi, ýa-da biri şol sebäpleri öňünden taýýarlap goýýarmy?

- Fizika mugallymymyz bizden öň labaratoriýany taýýarlaýar...

- Ýagny sebäpleriň we maddalaryň bolmagy ýeterlik däldir. Olary gerekli möçberde goşýan, taýýarlaýan we gerek bolan netijä ýetýänça barlap duran biri bolmaly, şeýle dälmi?

Diýmek, käbir wakalaryň, jisimleriň we barlyklaryň käbir sebäpleri bardyr. Emma şol birleşme tötänlikde öz-özünden taýýarlanýan däldir. Sebäpleri birnäçe aýratynlyklary bilen ýaradýan, taýýarlaýan we gerek bolan görnüşinde düzýän bir güýjüň we alymyň bolmagy hökmanydyr.

Meselem, gyzgynlyk bolmadyk bolsa, ýagyş bolarmydy? Aýdalyň, gyzgynlyk hem bar, emma suwuň buglaşma ukyby ýok. Şeýle bolan bolsa ýagyş döräp bilermidi? Ýa-da ýokarky gatlaklardaky sowuk howa gatlagy bolmadyk bolsa...

Şol sebäpler öz-özünden ylalaşyp, haýsy görnüşde düzülip, döretmekligiň gerekdigini bilipdirler. Ýa-da akylsyz we ylymsyz sebäpler özaralarynda ylalaşdylarmy? Geliň, hemmämiz nobata duralyň we wezipelerimizi berjaý edeli adamlar, ösümlikler, haýwanlar suwsuz galmasyn. Sebäbi olaryň bize mätäçlikleri bar diýip pikirlendilermi?

Diýmek, suwy gaýnadyp gara, ýagşa we dola öwürmäge güýji ýetýän biri bardyr. Şol güýji kim beren hem bolsa, gyzgyn we sowuk howalaryň hem wezipelerini berjaý etmek üçin bir-biriniň yzyna düzen Oldur.

Onda, sözüni hem suwa, hem gyzgyna, hem-de sowuga ýöredýän güýç we ylym eýesi kimdir?

- ALLADYR


Iman hazynasy
9
89
orhideya_
orhideya_
25.06.2022 21:54
Haçanlardyr bir wagt ýadyña düşüp Düýşleriñe talañ salsam eger-de. Dañ şemalyñ nalyşyna gulak sal, Ýöne men diýip gelmäweri älemde! Ezizlänim sen şeýlebir üýtgediñ, Hat-da boyna alasyñam gelenok.
orhideya_
orhideya_
25.06.2022 19:44
Klubnikanyñ ömrüniñ dowamlylygy... Kim klubnikany halaýa🤔
orhideya_
orhideya_
23.06.2022 19:21
Jogapkärçilikli erkek owadan erkekden has gowudyr...!