Sebäpler ýaradyjy bolup bilermi?
Jisimler we barlyklaryň emele gelmegini, döremegini ýa-da bar bolmagyny, sebäpleriň ýaradandygyny düşündirýänleriň subutnamalaryna göz aýlalyň. Näme diýýärler? “Ähli zady sebäpler döredýär, ýagny ýaradýar” diýýärler. Meslem, ýagmyr... Kim ýaradýar ýagmyry? Muny sebäplere baglaýanlar şeýle diýýär:
“Deňizlerdäki we köllerdäki suwlar gyzgynlykdan buga öwrülýär. Ýokardaky sowuk howalara baranda täzeden ýagşa öwrülýär we ýere inýär. Ýagny ýagşy döreden sebäplerdir. Bu ýerdäki sebäpler näme? Ilkinjisi gyzgyn howa. Soňra sowuk howa. Ine, şol iki sebäp ýagşy ýagdyrýar
Aslynda ýagmyryň döremeginişunuň ýaly sebäplere baglamak ýalňyşdyr.
Bu soňky söz sizi haýran edendir.
- Ýagmyry ylym şeýle düşündirmeýärmi näme? Dogrusy hem bu dälmi? diýen sorag ýüze çykandyr.
- Şeý diýip mowzuga ýüzleý seredýänler ýalňyşýarlar. Ýagmyryň şeýle ýaradylýandygy dogry. Ýöne bu bilim, ýagşyň nähili döreýändigini subut edýär. Nähili döremeginiň ylmyny bilmek, kimiň ýaradandygynyň jogaby däldir.
Bu sözlerden soňra, nägileler köşeşmäge başlandyr. Temany ýene-de biraz düşündiriliñ.Fiziki barlaglary geçirýärsiňiz. Meselem, ýagşyň nähili dörändigini labaratoriýada barlap görýärsiňiz. Indi bolsa pikirlenip görüň. Labaratoriýada barlag geçirýän ýagşyňyzy belli bir maksat esasynda barlaýarsyňyz. Şol ýagyş bilen baglanyşykly barlaglaryň sebäpleriniň bolmagy gereklidir. Eger bug görnüşine getirilmese, ýa-da sowuk howa gatlagyna ýetirilmese, ýagyş bilen baglanşykly barlagy geçirmek mümkin däldir. Şol barlag bilen baglanyşykly materiallary, suwy, ony gaýnatmaklygy, sowuk howa bilen garyşdyrmagy kim taýýarlaýar? Şol sebäpler öz-özünden bir ýere jemlenip döreýärmi, ýa-da biri şol sebäpleri öňünden taýýarlap goýýarmy?
- Fizika mugallymymyz bizden öň labaratoriýany taýýarlaýar...
- Ýagny sebäpleriň we maddalaryň bolmagy ýeterlik däldir. Olary gerekli möçberde goşýan, taýýarlaýan we gerek bolan netijä ýetýänça barlap duran biri bolmaly, şeýle dälmi?
Diýmek, käbir wakalaryň, jisimleriň we barlyklaryň käbir sebäpleri bardyr. Emma şol birleşme tötänlikde öz-özünden taýýarlanýan däldir. Sebäpleri birnäçe aýratynlyklary bilen ýaradýan, taýýarlaýan we gerek bolan görnüşinde düzýän bir güýjüň we alymyň bolmagy hökmanydyr.
Meselem, gyzgynlyk bolmadyk bolsa, ýagyş bolarmydy? Aýdalyň, gyzgynlyk hem bar, emma suwuň buglaşma ukyby ýok. Şeýle bolan bolsa ýagyş döräp bilermidi? Ýa-da ýokarky gatlaklardaky sowuk howa gatlagy bolmadyk bolsa...
Şol sebäpler öz-özünden ylalaşyp, haýsy görnüşde düzülip, döretmekligiň gerekdigini bilipdirler. Ýa-da akylsyz we ylymsyz sebäpler özaralarynda ylalaşdylarmy? Geliň, hemmämiz nobata duralyň we wezipelerimizi berjaý edeli adamlar, ösümlikler, haýwanlar suwsuz galmasyn. Sebäbi olaryň bize mätäçlikleri bar diýip pikirlendilermi?
Diýmek, suwy gaýnadyp gara, ýagşa we dola öwürmäge güýji ýetýän biri bardyr. Şol güýji kim beren hem bolsa, gyzgyn we sowuk howalaryň hem wezipelerini berjaý etmek üçin bir-biriniň yzyna düzen Oldur.
Onda, sözüni hem suwa, hem gyzgyna, hem-de sowuga ýöredýän güýç we ylym eýesi kimdir?
- ALLADYR
Iman hazynasy