orhideya_
07.07.2022 13:10
Saba, säher wagty, ir ertir — daň atandan, Gün dogýança.Tomus paslynda ol birýarym sagatlap dowam edýär.
Ertir — daň atandan, gün dogup, ýerden gowy saýlanýança.
Salkyn — bir gündiziň ýary.
Guşluk — tomus günleri ir sagat 9 töweregi.
Uly guşluk — tomus günleri sagat 11 töweregi.
Günortan — sagat 12-14 töweregi.
Öýlän günortandan ýarym sagat çemesi soň başlanýar.
Ak öýlän — ir öýleden soň, öýle guşluga çenli.
Öýleguşluk — ak öýländen soň, ikindä çenli.
Ikindi — ýaşmasy golaýlan Günüň reňkiniň üýtgäp, goýalyp başlaýan wagty.
Ilkagşam — agşamyň ilkinji pursatlary. Ol ýaşan Günüň ýagtysy solýança dowam edýär.
Gijagşam — ýaşan Günüň ýagtysy ýiteňkirläp, şapak doly ýitýänçä, asmanda ýyldyzlar sanardan has köpelýänçä.
Ýary-gije -- agşam sagat 2 töweregi
13
70
Archi
7 Iýul 2022
Crazy, 😊
ay_kiz_
7 Iýul 2022
🙄🙄🙄👍👍👍👌👏💖
Archi
7 Iýul 2022
Crazy, ir bilen turaňda birinji edýän işiň ?
Archi
7 Iýul 2022
Crazy, 😊 tüweleme Selbi...
Archi
7 Iýul 2022
Crazy, häzir haýsy wagt. . .
ylham_gurbanaly
7 Iýul 2022
Crazy, hawa adaty ýagdaýda şeýle şol, özümem şeýle ýöne beýlekilerni eşitdim, okadym, şondan)
ideallider
7 Iýul 2022
Crazy, aýýogaý şol, üsdüňden prokurora arz etdirip, gapyňy polisiýa kakdyryp, kgba yzarlatdyryp, eliňe žitnikowdan jaň etdiresiň gelýär öýdýän!?
Sungat
7 Iýul 2022
👍Sagat yok dowurlerde turkmenler dine tebigatyn yagdayyna gora wagty kesgitleyar ekenler. Peydaly. Yanynda sagat yok wagty gerek bolar
ideallider
7 Iýul 2022
Crazy, käbirini. Ýary-gije, agşam sagat 2 töweregi👍
ylham_gurbanaly
7 Iýul 2022
Öýle guşlugy eşdemokdym. Hemem Ýarygije ýokmy:)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.