orhideya_
25.06.2022 21:54
Haçanlardyr bir wagt ýadyña düşüp
Düýşleriñe talañ salsam eger-de.
Dañ şemalyñ nalyşyna gulak sal,
Ýöne men diýip gelmäweri älemde!
Ezizlänim sen şeýlebir üýtgediñ,
Hat-da boyna alasyñam gelenok.
Ho:l öñküje aýdan şirin sözleriñ,
Soñky döwür gulagyma degenok.
Ýa-da menden göwün kine etdiñmi,
Söýgiñ ezýetini ataryp başa.
Ýa isleýän menziliñe ýetdiñmi,
Goýup meni hasrat atly gözýaşa...
Mümkin, kalbyñ özgededir owalam
Hak söýgi ýokduram, asla-egerem.
(Bagtyñ şerbetinden ganmadyk kalbym
Seni ykbal synaýandyr megerem?!)
Saña kyn däl durmuş atly hekaýa
Çünki sen owaldan söýmändiñ meni.
A men bolsa gözüm dikip ýoluña
Sen diýip alýardym bu janda demi,
Bu gün bolsa gamly bakyp ykbala
Älemden göräýjek bolýan täleýim,
Yrsaraýyp hat-da deñi duşumdan
Damagymda tegek boldy yşk meýim...
15
115
꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂
4 Iýul 2022
👍👍👍👍👍👍👍

👍👍👍👍👍👍👍
Rustamowna
4 Iýul 2022
👏👏gowy çykypdyr👍👍
Poet
27 Iýun 2022
Goşgy siziňkimi?
Gülhan
26 Iýun 2022
Yurejigim..006, gözlemesen taparsyn
Yurejigim..006
25 Iýun 2022
Durmusum dip biljek ynsanymyzy nadip tapyp bolarka
ŞirnazarTaganow
25 Iýun 2022
Surat.👍.....
Relax
25 Iýun 2022
👏.....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.