orhideya_
16.07.2023 15:57
“Dagyň depesinde arça bolup bilmeseň, sährada pes saýaly we çybykly bag bol... Ýöne şol ýerdäki iň peýdaly bag sen bolmalysyň!

Pes saýaly bag bolup bilmeseň, bir owadan gül bol, bir ýola şatlyk ber...

Bir kiçijik gül bolup bilmeseň, bir saz bol!... Emma ýüreklerdäki owaz bolmalysyň!

Ählimiz kapitan bolup bilmeris, esger bolmaga mejburdyrys. Dünýäde ählimiz üçin bir iş bardyr. Berjaý edilmeli ululy-kiçili işler bar...

Berjaý etjek işiňiz size has ýakyn bolan işdir.

Şaýol bolup bilmeseň, ýodajyk bol!

Gün bolup bilmeseň, ýyldyz bol!

Üstünlik gazanmak ýa-da ýeňilmek esasy ölçeg däl.

Näme bolsaň-da, sen şonuň iň kämili bolmalysyň!”

Douglas Mallaç
35
154
orhideya_
08.07.2023 17:29
Başyñ dim dik durmalysyñ durmuşda. Dimdik bir çynar ýaly. Başyña näme gelsede ýykylmaly dälsiñ. Adamlar seni gamgyn ýagdaýda görüp begenmeli däldirler. Her gün irden oýananyñda öz özüñe diýmelisiñ " Bu gün has gowy bolýa". Seretde dur hemme zat düzeler, ýoluna girer görersiñ. Eger bir zady hakykatdan hem isleýän bolsañ ony başararsyñ. Eliñden geleni arkañda goýmaly dälsiñ. Ol hyýallaryña ýetmelisiñ. Hemmeler saña höwes edip sereder. " Nähili güýçli zenan, hiç ýykylmady hyýallaryna ýetdi" diyerler. Näme bolsa bolsun ýykylma, gynanma, gorkma. Hemişe özüñe ynan. Sen ullakan ýürekli enäniñ, ullakan ýürekli gyzysyñ🎇
30
115
orhideya_
03.07.2023 12:26
Arnold Şwarseneggeriň aýdanlaryndan…

Men B plany ýigrenýärin. Sebäbi biz köp babatda ynamsyz hereket edýäris. Adamlaryň bize «Seň o diýýän zadyň mümkin däl, sen ony başarmarsyň» diýmekleriniň netijesinde, biz ruhdan düşýäris. Şeýdip, özümizi başarmajakdygymyza ynandyrýarys. «Sen başarmarsyň» diýilmegi şol işi siziň düýbünden başarmajakdygyňyzy aňlatmaýar. Töweregiňizdäki ruhdan düşüriji adamlara-da şony düşündürmegi başarmaly. Emma siz özüňizden şübhelenseňiz, bu örän howply ýagdaý. Sebäbi siz: «A plan başa barmasa, B plan boýunça hereket ederin» diýen pikirde bolýarsyňyz. Şeýlelik bilen, B plana has köp üns berilýär-de, A plan üçin ýeterlik zähmet çekilmeýär. Şuny berk bellemeli: Biz haçanda arkamyzy diremäge ýerimiz bolmasa, gowy işleýäris. A plany taşlap B plana geçişimiz ýaly, «Ýykylsam, arkamy diremäge ýerim bar, maňa şol hökman kömek eder» diýýärsiňiz. Bu gowy pikir däl. Adam daýanara zady bolmadyk ýagdaýynda, has gowy işleýär. Bu islendik babatda şeýle. Şonuň üçinem mende hiç haçan B plan bolmady. 
Men sport ýaryşlaryna, Amerikada ýaşamaklyga, aktýorçylyk hünärine özümi bütinleý bagyş etdim. Men ýene-de nähili kynçylyk bolsa-da ýeňip geçerin. Işlärin, tä maksadyma ýetýänçäm gaýta-gaýta synanyşaryn. 
Edil şu aýdanlarym syýasat we beýlekiler babatda-da şeýle. Meniň pikirimçe, B planyň bolmagy örän howply ýagdaý. Sebäbi şonda sen özüňi başarmaklyga bolan ukybyňdan daşlaşdyrýarsyň. 
Adamlaryň B plan taýýarlamaklarynyň esasy sebäbi hem olaryň şowsuzlykdan gorkmaklary bolsa gerek. «Birden işim başa barman, hiç zatsyz galaýsam?!» Size maslahatym: Şowsuzlykdan gorkmaň! Şowsuzlygyň hiç hili aýby ýok. Ýokarky basgançaklara çykmak üçin, hökman kynçylyk çekmeli. 
Maýkl Jordan bilen bolan söhbetdeşlikleriň birinde oňa: «Siz gürrüňsiz taryhdaky iň gowy basketbolçy. Bize özüňiz barada aýdyp beräýseňiz» diýipdirler. Maýkl Jordan sözüni şeýle dowam edipdir: «Siz diňe ýeňiş hakda gürrüň edýärsiňiz. Men şu derejä ýetýänçäm, NBA-de 9000 urgyny zaýaladym». Şeýle derejä ýetýänçä, gatnaşan duşuşyklarynda 9000 urgyny zaýalamagy onuň nalajedeýinligini aňladýarmy?! Elbetde, ýok. Biziň ählimize-de şowsuzlyk ýaran bolup biler. Bu bir bolaýmaly zat. Bolmaýan zat – ýykylanyňdan soň ýeriňden galmazlyk. Ýeňlen kişi ýykylanyndan soň ýerinden galmaýan kişidir. 
Meniň «bodibildiň» ýaryşlarym şowsuz boldy. «Pauerliftiň» ýaryşlarynda – ýeňildim. Agyrlyk galdyrmak ýaryşlarynda – ýeňildim. Şol durşuna zible taşlanan filmlerim boldy. Olar şeýle bir bolgusyzdy welin, örän ýiti tankyda sezewar edilipdi. Syýasat babatda aýtsam, birnäçe gizlin saýlawlara gatnaşdyk, ýöne şowsuz tamamlandy. Kaliforniýada maňa berlen sesler 28%-e düşdi. Muňa garamazdan, soň ýene beýgeldi we men gubernator boldum.
Adamlar! Biziň hemmämizem şowsuzlyga uçrap bileris. Başaryp bilmedik gezeklerimiz bolup biler. Bu bir adaty zat. Size soňky aýtjak zadym: Şowsuzlykdan gorkmaň! Eger şowsuzlykdan gorksaňyz, has-da ruhdan düşersiňiz, özüňizi ýitirersiňiz, birahat bolup ýaşarsyňyz. Her näme iş edýänem bolsaňyz, iň gowusy bolmak üçin, boks ýa-da başga bir iş, ýa bolmasa, pikirlenmek meselesinde, tapawudy ýok, arkaýyn we aladasyz bolmaly. Diňe rahat bolmak gerek. Ýalňyşmak bir adaty zat. Eliňdäki hemme zadyňy we güýjüňi gaýgyrman zähmet çekmeli. Siziň etmeli zadyňyz, ana, şol. Hiç haçan şowsuzlykdan gorkmaň! 

Taýýarlan Aşyr SAPAROW.
Size ýetiren Men
25
151
orhideya_
02.07.2023 21:42
Kitap okaýan ynsanlary söýüñ !
Bir gün roman okar, durmuşlary tanar...
Hakyñ kitabyny okar, Haky tanar...
Gün geler ýüregiñi okar, seni tanar...!
34
245
orhideya_
27.06.2023 19:49
Tebigata gyşyñ demi ýaýrady,
Ýodalarda buzlar döndi düşege,
Mähribanym ýene senden jañ geldi
"Balam sowuk!Ýyljak geýin üşeme"
Ýok ejejan,tenim sowuk duýanok,
Egnimde palto bar,egnimde ellik!
Aýagymda ýüñ jorabym,ädigim!
Häzirä üstbaşym gülala-güllük.
Ýöne,eje,kalbym üşeýär juda,
Gagşaýar,gatadyp barýar ýüregmi.
Hut häzir men muny diýmän bilemok,
Öt günämi,agyrdaýsam ýüregñi!
Göni gursagymda nyşan ediyär,
Töwerekde otly sözleñ tikeni!
Indi magat göz ýetirdim,gyzyña,
Käbäm diñe sen düşünjek ekeniñ!
Gargalar başyma hekem boldyda,
Gonup bilmän,gökde durnam jyklaýar.
Ýaşlykmy,ýatlykmy,garaz birzada
20
93
orhideya_
14.06.2023 15:29
Ýüregiňize ýakymly adamy tapyň. Gürleşeniňizde gözleri gülýän we seni bolşuň ýaly söýýän...❤
23
143
orhideya_
orhideya_
11.05.2023 22:42
Hemme seni ýylgyrdyp biler emma käbir adamlar seni bagtly edip biler. Aradaky tapawut bu😇 Erkinlik isleýän hemme zadyňy edip bilmeklik däl, islemeýän hiç bir zadyňy etmezlikdir. Haçanda adamlar sizi
orhideya_
01.05.2023 01:02
Hiç bir zat görnüşi ýaly däldir
Çykalgasy bir gapyly otagda oturanyňy göz öňüňe getir! Gapy gulplanan we gapynyň açary hem gapynyň garşy tarapynda duran çekmäniň içinde! Birden ýertitreme bolsa gapa tarap ylgarsyňmy ýa-da açar duran çekmä tarap ylgarsyňmy? Elbetde çekmä ylgarsyň, ýagny has dogrusy açary almak üçin ylgarsyň çünki açar bolmasa gapy edil diwar bilen bir hatarda bolýa...Indi hem şol otagda kamera bardygyny we bolan wakalaryň hemmesini ýazga düşürendigini pikir et we pikirlen; Biraz soňra kameradaky ýazgylary görenler, seniň gapa dälde gapynyň edil ters tarapyna ylgaýanyňy görüp näme diýerler "Bu adam näme edýär, gapy nirde o nirä ylgaýar? " Diýmezlermi? Ýogsa sen dogry bolan zady etdiň. Belki sen gapa ylgamadyň ýöne gapyny açmak üçin gapynyň ters tarapyna gitdiň. Edil şunuň ýaly käte ters ýola gidip barýan ýaly görünseňem dogry ýolda bolup bilersiň; käte bolsa dogry ýolda ýaly bolsaň hem ters ýolda hem bolup bilýäň...

Hiç pikirini edip gördüňizmi näme üçin adam ýalňyşlyk bilen pişigi ýa garynjany ýenjip öldürende gynanýar-da peşäni ýa-da çybyny öldürende uly bir isleg bilen öldürýär? Daş keşbinimi halamaýasmy sebäbi näme? Eýsem has islenilse mör-möjekler hem pişikler ýaly eldekileşdirilip bilner. Hatda biraz çuň pikir etsek bakteriýada bir janly zatdyr we ynsanogly bir gün hökman oňa hem ukolsyz dermansyz öz sözüni geçirip biler...
Näme üçin bolmasyn? Göze görünýän bir sebäbi ýa-da bähbidi bolmazdan (ne dişlärler ne başga bir zat ederler) ýöne agzymyza burnumyza ýapyşýan çybynlaryň biz bilen dost bolmak isleýän bolmaklary mümkin dälmi? Gije hiç sesini çykarman uklaýan ýöne güneş dogup dogmanka "Oýan indi daň atdy!" diýýän ýaly burnumyzyň düýbünde wyzzyldaýan, ýöne gonup tenimize degip edil "günüň dogýan wagtyny geçirme" diýip edil alada edýän ýaly, hiç ýanymyzdan aýrylmaýan we soňundada hökman maksadyna ýetip bizi oýandyrýan çybynyň bize dost bolmadygyny kim jedel edip biler?
Samsyklaýan bolmagym mümkinmi? Seni hemmeden beter alada edýän ejeň, seni oýandyrmaga dözmez we sen şol günüňe gijä galan ýagdaýda başlarsyň. Birem bütin ömrüňi çybyn dermany sepip uklap geçiren bolmagyňam ahmal. Ýogsa-da dost ajy bolsada hakykaty aýdar. Seniň günlük prinsipiňe görä hereket eden ejeň däl-de halamaýnan çybynyňdy. Irdenlerine seni oýandyrmak üçin ýörite pul berip adam tutsaň hökman bir gün uklap galar ýa-da oýandyrmaly wagty ýalňyşar. Başga bir tarapdan obadaky adamlaryň has uzak ýaşandyklaryny pikirlensek, bir sagbolsun aýtmagymyz gerek ýigrenmegiň ýerine dost bolmaly çybynlarymyza.
Üns berdiňmi? Zatlara nähili many bersek: gynançlaryň, şatlyklaryň, tolgunmalaryň hemmesiniň aňymyzda dörän we ýadymyzda toplanan maglumatlardan ybaratdygyna üns berdiňmi? Hem düşündiňmi düşünjämizi üýtgeden wagtymyz ynanýan bütin ynançlarymyzyň hatda hemme zadyň hiç bolmajak ýagdaýda tapawutly manylara gelip biljegini...?
24
110
orhideya_
24.04.2023 18:05
Gülgüne ýantorba.
Ýaş gyz ol gün iş ýerinden biraz giç çykdy. Ýörite iş ýeriniň maşynyndan hem gijä galypdy, öýünede awtobusda gitmeli bolupdy. Awtobusa tölemeli puly biraz janyny ýaksada başga alajy ýokdy. Maşgalasynda işläp pul gazanýan şondan başga adam ýokdy. Düşekden galyp bilmeýän hassa ejesi we işsiz kakasy bardy. Gyz jigisi Näzli alty ýaşyndady we edil bir ýyldyr doganynyň oňa gürleýän gurjak alyp bermegini isleýärdi. Dogany hemişeki gelýän wagtyndan gijä galanlygy sebäpli has hem sabyrsyzlandy we ol gün agşam hemişekilerden beter umytlandy. "Her nämede bolsa doganym bü gün maňa gurjak alyp ondan soňra geljek bolýa" diýip o:ýa gitdi kiçijek Näzli gyz.

Ajy bir ýylgyryş bardy hemişe Aýnuryň ýüzünde. Onuň hahalap çyny bilen gülenini hiç kim görmändi. Jigisiniň gürleýän gurjak bilen oýnamak ýaşynyň geçip barýandygy barada pikir etdi Aýnur awtobusa münýärkä.

Aýnuryň birem agasy bardy aslyşyp oňa dert bolýan. Aýlygyny alyşy ýaly edil şagallaryň läşe topulyşy ýaly gyzyň depesinden aýrylmaýardy agasy. Agşama çenli obaň içinde aýakgabynyň ökjesini ýenjip ýenjip köçelerde entäp gezýän biridi Myrat. Käte ejesini soramaga öýlerine gelen goňsylary ejesi gerekli derman därilerini alsyn diýip ýassygynyň aşagyna pul goýýardylar. Myrat, hassany soramaga gelenler gidip gitmänka ýassygyň aşagyny barlap görüp biljek derejedäki utançsyz biridi.

Ýaş gyz elindäki gülgüne ýantorbasyny gujaklap ak arzuwlara çümüp otyrdy. Sagat hem 10 bolup gelýärdi. Iki sany ýolagçy galypdy awtobusda. Birnäçe duralgadan soň olaram düşdi. Aýnuryň ýekeje özi galypdy awtobusda, ýöne bir geňlik bardy...Aýnadan gözleri bilen iýjek ýaly seredýän sürüji, Aýnuryň "Düşür meni" diýmegine üns hem bermän soňky duralgadanam geçip gitdi. Ýigrenji gülküsi bilen el telefonundan birlerine jaň etdi: " Ajaýyp bir olja tutdum, hemişeki ýere barýan. Sizem derrew geliň" diýdi. Ýaş gyz hyýallaryndan irkildi. Ak arzuwlaryndan ak tama öwrülipdi daş keşbi. Ýüregi duraýjak bolýady. Aýaklaryny duýmaýardy, hamala gopupdy. Hatda gygyryp hem bilmeýärdi. Gorkunjyndan özünden gitdi. Tokaýlyk bir ýerde durdy awtobus. Sürüji gyzy awtobusdan düşürip agzyny b:iz bilen daňdy, kellesinede bir halta geýdirdi. Ýaşajyk gyzyň gözünden akýan gözýaşlar edil bäbegiň günäsiz göýaşlaryna meňzeýärdi. Günäsiz göýaşlary ýaňagyndan süzülýärka ýene 4sany adam gelip edil gyzdan almaly a:ry bar ýaly gyza topuldylar we sagatlap zorladylar...Gyzyň ölüp ölmedigini bilmek üçin ýürek urşyny barladylar. Ýüregi uranokdy... Gaty sesli gülkileri bilen kellesindäki haltany çykardylar. Içlerinden biri doňup galdy. "Myrat" diýdi biri, ýene biride "Näme boldy Myrat" diýdi. Myrat jogap berip bilmedi sebäbi zorlap öldüren ýaşajyk gyz onuň doganydy.

Elindäki gülgüne ýantorbasyny gujagyndan hiç aýyrmandy onça bolanlardan soňra hem. Onuň içinden kiçijek Näzli üçin alan gürleýän gurjagy, agasy üçin näçe wagt bäri almak isleýän ak köýnegi çykdy. Ýantorbadaky iň manyly zat bolsa onuň içindäki kiçijek kagyzdaky ýazylan "Siz meniň hemme zadymsyňyz" ýazgydy.

Pişik gaty ajygypdy. Aç bir syçan tutdy. Edil şol wagt hem aç bir it geldi. Pişik syçany goýberdi. Syçanyň elinde aç bir möjejik bardy...

Awtor: Erdal Demirkıran- Kashna felsefesi
Terjime eden: Men
21
127
orhideya_
orhideya_
24.03.2023 23:43
William Shekspir diýýär: " Biri söýgüsini gygyryp hemmelere aýtmaýanlygy üçin oňa söýgüsiz diýip bilmersiňiz " We Turgut Uyarda şeýle diýýär: " Gizlenilýän, görkezilmeýän,