Gülgüne ýantorba.
Ýaş gyz ol gün iş ýerinden biraz giç çykdy. Ýörite iş ýeriniň maşynyndan hem gijä galypdy, öýünede awtobusda gitmeli bolupdy. Awtobusa tölemeli puly biraz janyny ýaksada başga alajy ýokdy. Maşgalasynda işläp pul gazanýan şondan başga adam ýokdy. Düşekden galyp bilmeýän hassa ejesi we işsiz kakasy bardy. Gyz jigisi Näzli alty ýaşyndady we edil bir ýyldyr doganynyň oňa gürleýän gurjak alyp bermegini isleýärdi. Dogany hemişeki gelýän wagtyndan gijä galanlygy sebäpli has hem sabyrsyzlandy we ol gün agşam hemişekilerden beter umytlandy. "Her nämede bolsa doganym bü gün maňa gurjak alyp ondan soňra geljek bolýa" diýip o:ýa gitdi kiçijek Näzli gyz.
Ajy bir ýylgyryş bardy hemişe Aýnuryň ýüzünde. Onuň hahalap çyny bilen gülenini hiç kim görmändi. Jigisiniň gürleýän gurjak bilen oýnamak ýaşynyň geçip barýandygy barada pikir etdi Aýnur awtobusa münýärkä.
Aýnuryň birem agasy bardy aslyşyp oňa dert bolýan. Aýlygyny alyşy ýaly edil şagallaryň läşe topulyşy ýaly gyzyň depesinden aýrylmaýardy agasy. Agşama çenli obaň içinde aýakgabynyň ökjesini ýenjip ýenjip köçelerde entäp gezýän biridi Myrat. Käte ejesini soramaga öýlerine gelen goňsylary ejesi gerekli derman därilerini alsyn diýip ýassygynyň aşagyna pul goýýardylar. Myrat, hassany soramaga gelenler gidip gitmänka ýassygyň aşagyny barlap görüp biljek derejedäki utançsyz biridi.
Ýaş gyz elindäki gülgüne ýantorbasyny gujaklap ak arzuwlara çümüp otyrdy. Sagat hem 10 bolup gelýärdi. Iki sany ýolagçy galypdy awtobusda. Birnäçe duralgadan soň olaram düşdi. Aýnuryň ýekeje özi galypdy awtobusda, ýöne bir geňlik bardy...Aýnadan gözleri bilen iýjek ýaly seredýän sürüji, Aýnuryň "Düşür meni" diýmegine üns hem bermän soňky duralgadanam geçip gitdi. Ýigrenji gülküsi bilen el telefonundan birlerine jaň etdi: " Ajaýyp bir olja tutdum, hemişeki ýere barýan. Sizem derrew geliň" diýdi. Ýaş gyz hyýallaryndan irkildi. Ak arzuwlaryndan ak tama öwrülipdi daş keşbi. Ýüregi duraýjak bolýady. Aýaklaryny duýmaýardy, hamala gopupdy. Hatda gygyryp hem bilmeýärdi. Gorkunjyndan özünden gitdi. Tokaýlyk bir ýerde durdy awtobus. Sürüji gyzy awtobusdan düşürip agzyny b:iz bilen daňdy, kellesinede bir halta geýdirdi. Ýaşajyk gyzyň gözünden akýan gözýaşlar edil bäbegiň günäsiz göýaşlaryna meňzeýärdi. Günäsiz göýaşlary ýaňagyndan süzülýärka ýene 4sany adam gelip edil gyzdan almaly a:ry bar ýaly gyza topuldylar we sagatlap zorladylar...Gyzyň ölüp ölmedigini bilmek üçin ýürek urşyny barladylar. Ýüregi uranokdy... Gaty sesli gülkileri bilen kellesindäki haltany çykardylar. Içlerinden biri doňup galdy. "Myrat" diýdi biri, ýene biride "Näme boldy Myrat" diýdi. Myrat jogap berip bilmedi sebäbi zorlap öldüren ýaşajyk gyz onuň doganydy.
Elindäki gülgüne ýantorbasyny gujagyndan hiç aýyrmandy onça bolanlardan soňra hem. Onuň içinden kiçijek Näzli üçin alan gürleýän gurjagy, agasy üçin näçe wagt bäri almak isleýän ak köýnegi çykdy. Ýantorbadaky iň manyly zat bolsa onuň içindäki kiçijek kagyzdaky ýazylan "Siz meniň hemme zadymsyňyz" ýazgydy.
Pişik gaty ajygypdy. Aç bir syçan tutdy. Edil şol wagt hem aç bir it geldi. Pişik syçany goýberdi. Syçanyň elinde aç bir möjejik bardy...
Awtor: Erdal Demirkıran- Kashna felsefesi
Terjime eden: Men