“Dagyň depesinde arça bolup bilmeseň, sährada pes saýaly we çybykly bag bol... Ýöne şol ýerdäki iň peýdaly bag sen bolmalysyň!
Pes saýaly bag bolup bilmeseň, bir owadan gül bol, bir ýola şatlyk ber...
Bir kiçijik gül bolup bilmeseň, bir saz bol!... Emma ýüreklerdäki owaz bolmalysyň!
Ählimiz kapitan bolup bilmeris, esger bolmaga mejburdyrys. Dünýäde ählimiz üçin bir iş bardyr. Berjaý edilmeli ululy-kiçili işler bar...
Berjaý etjek işiňiz size has ýakyn bolan işdir.
Şaýol bolup bilmeseň, ýodajyk bol!
Gün bolup bilmeseň, ýyldyz bol!
Üstünlik gazanmak ýa-da ýeňilmek esasy ölçeg däl.
Näme bolsaň-da, sen şonuň iň kämili bolmalysyň!”
Douglas Mallaç