orhideya_
01.05.2023 01:02
Hiç bir zat görnüşi ýaly däldir
Çykalgasy bir gapyly otagda oturanyňy göz öňüňe getir! Gapy gulplanan we gapynyň açary hem gapynyň garşy tarapynda duran çekmäniň içinde! Birden ýertitreme bolsa gapa tarap ylgarsyňmy ýa-da açar duran çekmä tarap ylgarsyňmy? Elbetde çekmä ylgarsyň, ýagny has dogrusy açary almak üçin ylgarsyň çünki açar bolmasa gapy edil diwar bilen bir hatarda bolýa...Indi hem şol otagda kamera bardygyny we bolan wakalaryň hemmesini ýazga düşürendigini pikir et we pikirlen; Biraz soňra kameradaky ýazgylary görenler, seniň gapa dälde gapynyň edil ters tarapyna ylgaýanyňy görüp näme diýerler "Bu adam näme edýär, gapy nirde o nirä ylgaýar? " Diýmezlermi? Ýogsa sen dogry bolan zady etdiň. Belki sen gapa ylgamadyň ýöne gapyny açmak üçin gapynyň ters tarapyna gitdiň. Edil şunuň ýaly käte ters ýola gidip barýan ýaly görünseňem dogry ýolda bolup bilersiň; käte bolsa dogry ýolda ýaly bolsaň hem ters ýolda hem bolup bilýäň...

Hiç pikirini edip gördüňizmi näme üçin adam ýalňyşlyk bilen pişigi ýa garynjany ýenjip öldürende gynanýar-da peşäni ýa-da çybyny öldürende uly bir isleg bilen öldürýär? Daş keşbinimi halamaýasmy sebäbi näme? Eýsem has islenilse mör-möjekler hem pişikler ýaly eldekileşdirilip bilner. Hatda biraz çuň pikir etsek bakteriýada bir janly zatdyr we ynsanogly bir gün hökman oňa hem ukolsyz dermansyz öz sözüni geçirip biler...
Näme üçin bolmasyn? Göze görünýän bir sebäbi ýa-da bähbidi bolmazdan (ne dişlärler ne başga bir zat ederler) ýöne agzymyza burnumyza ýapyşýan çybynlaryň biz bilen dost bolmak isleýän bolmaklary mümkin dälmi? Gije hiç sesini çykarman uklaýan ýöne güneş dogup dogmanka "Oýan indi daň atdy!" diýýän ýaly burnumyzyň düýbünde wyzzyldaýan, ýöne gonup tenimize degip edil "günüň dogýan wagtyny geçirme" diýip edil alada edýän ýaly, hiç ýanymyzdan aýrylmaýan we soňundada hökman maksadyna ýetip bizi oýandyrýan çybynyň bize dost bolmadygyny kim jedel edip biler?
Samsyklaýan bolmagym mümkinmi? Seni hemmeden beter alada edýän ejeň, seni oýandyrmaga dözmez we sen şol günüňe gijä galan ýagdaýda başlarsyň. Birem bütin ömrüňi çybyn dermany sepip uklap geçiren bolmagyňam ahmal. Ýogsa-da dost ajy bolsada hakykaty aýdar. Seniň günlük prinsipiňe görä hereket eden ejeň däl-de halamaýnan çybynyňdy. Irdenlerine seni oýandyrmak üçin ýörite pul berip adam tutsaň hökman bir gün uklap galar ýa-da oýandyrmaly wagty ýalňyşar. Başga bir tarapdan obadaky adamlaryň has uzak ýaşandyklaryny pikirlensek, bir sagbolsun aýtmagymyz gerek ýigrenmegiň ýerine dost bolmaly çybynlarymyza.
Üns berdiňmi? Zatlara nähili many bersek: gynançlaryň, şatlyklaryň, tolgunmalaryň hemmesiniň aňymyzda dörän we ýadymyzda toplanan maglumatlardan ybaratdygyna üns berdiňmi? Hem düşündiňmi düşünjämizi üýtgeden wagtymyz ynanýan bütin ynançlarymyzyň hatda hemme zadyň hiç bolmajak ýagdaýda tapawutly manylara gelip biljegini...?
24
110
dolan
24 Dekabr 2023
@Relax, bagyshlañ welin yalnysh zat goremok mena elbetde ol siziñ pikriñizdir.Awtor bu gurrunuñ ustu bn ahli zada položitel tarapyndan garap gormegi undeýar.
olia
1 May 2023
Ikinji abzasy buddist yazypdyr oytyan.. yone dogry manyda aydylypdyr goshulyan👍
Anna Singer🎼
1 May 2023
Yo mena goshulyan ka bir zt nahili seredyanlignede bagly bolp bilya edil onky dogry diemok yone yalnysh dp biljek subutnamada yok
Relax
1 May 2023
ikinji bölekdäki ýazylanlar ýalñyş biderek
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.