olia
06.07.2024 12:56
A men hiç haçan doganlarymyň hiç birine gowy görýändigimi aýdyp görmedim...
19
142
olia
03.07.2024 21:39
Muny türkmenler bir görmesin🤦🏻‍♀️
Umuman başga hiç hili kommentariýa gerekdir öýdemok🤦🏻‍♀️🤦🏻‍♀️
20
190
olia
04.06.2024 14:34
Ýaňaklarda oýuk döretmek üçin ýasalan gural. XX asyryň başlary.
24
263
olia
28.05.2024 23:28
Geliň, men opiýum bilen başlaýyn. Soňky buz eýýamy yza çekilenden soň, bu mak (göknar) ösümligi Kiçi Aziýadan Ortaýer deňzine we Demirgazyk Afrika çenli giňişlikde tebigy şertlerde erkin ösdi. Arheologiki subutnamalar hatda daş asyrynyň daýhanlarynyň göknar tohumy bilen gyzyklanyp başlandygyny aýdýar. Ortaýer deňziniň kenarynda takmynan ýedi müň ýyl ozal galdyrylan içi konserwirlenen göknar tohumlaryndan doly gap tapyldy. Häzirki zaman Ýewropanyň çäklerinde neolit eýýamyna degişli bolan 17 sany gonakda bäş-alty müň ýyl ozal ulanylan opiýumyň yzlary tapyldy. Bäş müň ýyl mundan ozal Mesopotamiýada ilkinji gezek bu ýabany ösümligi ýygnap däl-de, ösdürip ýetişdirip başlanana meňzeýär. Sumerliler bu hasyly "şatlyk getirýän ösümlik" diýip terjime edilýän "hal gil" diýip atlandyrypdyrlar.

Bu ösümligi ilki kimiň dadyp görendigini bilesim gelýär. Aslynda islendik bir zady dadyp görmek pikiri ilkinji bolup kellesine gelen kimdigini bilesim gelýär. Nätanyş bir kök tapyp, birden: "Oo, dawaý men şuny ilki gaýnadaýyn soň iýerin” diýip pikir eden nähili adamdy? Şeýle hem täze bir zady iýip görüp näçe adamyň ölendigini bilmek gyzykly bolardy.

Görnüşinden, ata-babalarymyz bilesigeliji we dälilik derejesinde birahatdylar. Soňky gözlegler Neandertallaryň öňden bäri pikir edişimiz ýaly däldigini görkezdi: olar bizden has akylly we oýlap tapyjy, güýçli, sagdyn, has çalt we çydamlydy. Olar iň oňat gurallary ýasapdyrlar, başgalar hakda alada edipdirler, rehimli, mylaýym, çeper we tertipli bolupdyrlar.

Şeýle-de bolsa, şol bir wagtyň özünde olaryň häsiýeti çekinjeňlik bilen häsiýetlendirilýärdi. Olar täze ýerlere islegsiz we seresaplylyk bilen göçdüler; köplenç täze gonaklaryny öňküleriniň görünýän ýerinde döredipdirler. Diňe kenar aýdyň görünýän ýagdaýynda suwuň üstünde hereket edipdirler. Beýleki bir tarapdan, ata-babalarymyz Homo sapiens çem gelen ýerde gezipdirler, köpüsi zyýanly netijeler bilen diýip aýdyp bileris. Akyllylyk ýa-da seresaplyk barada gürrüň ýok. Psihologiki arheologiýa, eger oňa şeýle diýip bolýan bolsa, Homo neanderthalensis-i kesel derejesindäki rasionalizm bilen häsiýetlendirýär, Homo sapiens-a bolsa aklyndan azaşan diýip bolar.

Şeýle bir däli welin, olaryň biri owadan gyzyl gül görüp, ýetişmedik tohum gabygyny sypyryp, süýtli şiräniň çykýandygyny görüp, şeýle pikir kellesine geldi: “Ajaýyp, gel men bu zady ýygnaýyn, guradaýyn, soň bolsa soraryn, çeýnärin ýa-da çilim ýaly çekerin." Şeýle-de bolsa, “çilim çekmek” kän bir dogry söz däl: göknar süýdüne göni ot berilmeýärdi. Ilki bilen seresaplylyk bilen gyzdyrylyp, soň çykan buglardan dem alýardylar. Bäş müň ýyl mundan ozalky weýping! Günüň astynda täze zat ýok ...) Opiýum çuňňur rahatlandyrýardy, bagt ýagdaýyna çümdürýärdi, gözegçilik edip bolmaýan tolkunda adamyň üstünden aýlanýardy we köp sagatlap hereketsiz goýýardy. Şonuň üçin opiý göknarynyň ylmy ady- Papaver somniferum, ýagny “uka çümdürýän mak”.

BELLIK: post Lee Child 'The Hero' kitabynyň birinji bölüminden gysgaldyp alyndy. Eseriň başy geroýiniň gysgaça taryhy bilen başlansa-da, kitapda awtor başga-da dürli-dürli awtorlaryň, antropologlaryň eserlerine, ylmy işlerine salgylanyp adamzadyň gelip çykyş yzygiderliligine düşünjek bolýar we okyjylara düşnükli dilde ýetirjek bolýar. Näme üçin 'Gahryman'? Kitabyň maksady dürli-dürli wagtlarda adamlaryň arasynda kimiň successor bolandygyna düşünmek. Eger-de gyzyklanýanlar bar bolsa indiki postlarda beýleki bölümlerden bölekleri paýlaşyp bilerin.
P.S. Gaýrat edip, lişnyý gürrüň gerek däl🙂
15
190
olia
28.05.2024 15:24
Bir ýyl öňki teswirlerimi görüp sesli gülüpdirin. Bir ýyl öňki özümi žiwoý görsem näderdimkäm😬😅 Siz näderdiňiz?
22
168
olia
27.05.2024 22:11
Suratdaky şekil näme? "Sowsem aklyň çaşdymy @olia elbetde tegelek" diýjeklere täzelik: bu şekil altmyş bäş müň bäş ýüz otuz ýediburçluk. Ýa-da 65537burçluk:) Nädipmi ony matematiklerden soraň:)
22
276
olia
23.05.2024 00:34
Pablo Escobaryň aýdanlaryndan..

Oklarda at ýazylmaýar, diýmek haýsynyň seni öldürjegi belli däl.

Ölümi aldap bolmaz, emma onuň bilen dostlaşyp bolar.

Diňe öleniňden soň saňa gorkar ýaly hiç zat galmaz.

Öz duşmanlaryň bilen hasaplaşmagyň iň gowy usuly: olary görmezlik.

Berlen sözden gymmat zat ýokdur. Beren sözüňi tutmazlykdan beter haýasyzlyk ýokdur.

Hiç kime ynanma, esasan-da özüňe.

Ýylyň ýylyna geljegi öňünden çaklamak kynlaşýar.

Biziň dünýämizde pul hiç haçan arassa bolmaýar.

Dünýäde hemme zadyň öz bahasy bar. Esasy zat ony dogry kesgitlemek.

Hemme imperiýalar hemişe gandan we otdan döredildi.

Köp adamlar meniň territoristdygymy aýtsa-da men hemişe sözüň adamsy ýaly hereket etdim. Men her bir adam öz maşgalasyny we emlägini goramak üçin göreşmeli diýip hasap edýärin. Hat-da munuň üçin ýarag ulanmaly bolsa-da..

Bu durmuşda men maşgalam we çagalarymdan başga hemme zadyň täzesini taparyn.
32
112
olia
20.05.2024 00:30
Sen uzattığın elini tutmayan ele mi dargınsın, yoksa tutmayacak bir ele uzattığın için kendine mi kızgınsın?
Mevlana
28
231
olia
19.05.2024 19:48
Müňlerçe Müsür mumiýalary Ýewropanyň ekin meýdanlarynda

1890-njy ýylyň fewral aýynyň başynda Liwerpula Aleksandriýadan iki sany gämi, ýagny "Pharos" we "Thebes" Müsürde satyn alynan gaty üýtgeşik ýük bilen gelipdi. Bu iki gämi Britaniýa umumy agramy 19-20 tonna barabar bolan 180 müňden gowrak pişikleriň mumiýalaryny getirdi.

Bu mumiýalaryň nireden alnandygy barada anyk maglumat ýok. Käbir çeşmelere görä, onuň bir bölegi Orta Müsürdäki Beni-Hasan obasynyň golaýyndaky Speos-Artemidos ýadygärliginden tapylandyr. Bu ýerde 18-nji dinastiýanyň şa zenany Hatşepsutyň döwründe ýolbars-Hudaýy Pahtyň hatyrasyna ybadathana gurlupdyr. Onuň ýanyndan 19-nji asyrda ýerli ýaşaýjylar içinde köp mukdarda pişikleriň mumiýalary bolan katakombalary tapdylar. Bu barada şol ýyllarda Müsüre syýahat eden britan alymy Wilýam Konweý ýazypdyr. Onuň berýän maglumatlaryna görä, müsürliler katakombalary talapdyrlar, obanyň çagalary bolsa iň gowy tapyndylary turistlere satypdyrlar.

Garaz, haýwanlaryň mumiýalary Liwerpula getirildi (aslynda getirilen mumiýalar diňe bir pişikleriňki bolman, eýsem olaryň arasynda az mukdarda başga haýwanlaryň: müsür mangustlarynyň, itleriň, krokodilleriň we belki-de ýene-de kimdir birleriniň mumiýalary hem bolupdyr) we bu ýerde tiz wagtyň içinde auksionda satyldy. Birinji tapgyry tonnasyna 3,67 funt sterling, ikinji tapgyry biraz gymmat bahadan- tonnasyna 5,86 funt sterlingdan satyldy. Iki ýagdaýda-da Leventon&Co. kompaniýasy utdy. Bu kompaniýa dürli ýerlerden süňk we guano import edip, soňlugy bilen olardan oba-hojalyk dökünlerini ýasamak bilen meşgullanypdyr. Müsür pişiklerine hem edil şeýle geljek garaşýardy. Mundan başga-da pişikleriň kellelerini aýratynlykda satypdyrlar.

Mumiýalaryň dökün ýasamaklyk üçin satylmagy gaty geň eşidilýän bolsa-da, hakykatda ol döwürlerde mundan has elhenç zatlar hem edilýärdi. 19-nji asyrda britanlar bu isleglerini kanagatlandyrmak üçin diňe bir haýwanlaryň süňklerini däl, eýsem uly uruşlarda: Leýpsigiň etegindäki söweşde, Waterlooda we Krym urşunda wepat bolanlaryň jesetlerini hem import etdiler. Emma bu eýýam başga gürrüň.

Taryhçy Kros Elliot şol döwürdäki adamlaryň pikirlerini we gazetlerdäki makalalary analiz edip, adamlaryň şeýle dökünleriň ulanylmagyny dürli-dürli kabul edendiklerini belleýär. Kimler öz taryhyny satýan müsürlileri tankytlapdyr, kimler bu resurslaryň näçe wagta ýetjegini hasaplapdyr we pişiklerden edilen dökünleriň brendy üçin at gözläpdir, beýlekiler bolsa britanlary tankytlapdyr. Meselem, nemes himigi we agrohimiýanyň düýbüni tutujylaryň biri bolan Ýustuf fon Libih Angliýa başga ýurtlardan olaryň hasyl bolçulygynyň esasyny alýandygyny aýdypdyr we bu ýurdy bütin dünýäniň bokurdagyna ýapyşyp, onuň ganyny sorýan wampire meňzedipdir.

Häzirki wagtda Angliýa Aleksandriýadan gelen üýtgeşik ýüki ýatladýan hiç zat galmady diýen ýaly. Görnüşine görä, dökün üçin Liwerpulyň milli muzeýinde sergide goýlan pişik kellesi ýaly sanalgy fragmentler ulanylmady.

Pişik mumiýalaryndan dökün etmek nähili geň eşidilse-de, onuň peýdasy köp. Pişikleriň şeýle-de umuman haýwanlaryň süňkleri organiki we mineral böleklerden durýar. Mineral bölegi bolsa her dürli karbonatlardan, kalsiý fosfatlardan, magniý we kalsiýden ybarat.
21
93
olia
12.05.2024 12:52
Adam öz sulhy alýanynyň kemçiligini görmeýär ýa-da görse-de,görmediksirän bolýar.Adam öz sulhy almaýanynyň artykmaçlygyny görmeýär ýa-da görse-de, görmezlige salýar.
A. Tagan
27
111