olia
28.05.2024 23:28
Geliň, men opiýum bilen başlaýyn. Soňky buz eýýamy yza çekilenden soň, bu mak (göknar) ösümligi Kiçi Aziýadan Ortaýer deňzine we Demirgazyk Afrika çenli giňişlikde tebigy şertlerde erkin ösdi. Arheologiki subutnamalar hatda daş asyrynyň daýhanlarynyň göknar tohumy bilen gyzyklanyp başlandygyny aýdýar. Ortaýer deňziniň kenarynda takmynan ýedi müň ýyl ozal galdyrylan içi konserwirlenen göknar tohumlaryndan doly gap tapyldy. Häzirki zaman Ýewropanyň çäklerinde neolit eýýamyna degişli bolan 17 sany gonakda bäş-alty müň ýyl ozal ulanylan opiýumyň yzlary tapyldy. Bäş müň ýyl mundan ozal Mesopotamiýada ilkinji gezek bu ýabany ösümligi ýygnap däl-de, ösdürip ýetişdirip başlanana meňzeýär. Sumerliler bu hasyly "şatlyk getirýän ösümlik" diýip terjime edilýän "hal gil" diýip atlandyrypdyrlar.

Bu ösümligi ilki kimiň dadyp görendigini bilesim gelýär. Aslynda islendik bir zady dadyp görmek pikiri ilkinji bolup kellesine gelen kimdigini bilesim gelýär. Nätanyş bir kök tapyp, birden: "Oo, dawaý men şuny ilki gaýnadaýyn soň iýerin” diýip pikir eden nähili adamdy? Şeýle hem täze bir zady iýip görüp näçe adamyň ölendigini bilmek gyzykly bolardy.

Görnüşinden, ata-babalarymyz bilesigeliji we dälilik derejesinde birahatdylar. Soňky gözlegler Neandertallaryň öňden bäri pikir edişimiz ýaly däldigini görkezdi: olar bizden has akylly we oýlap tapyjy, güýçli, sagdyn, has çalt we çydamlydy. Olar iň oňat gurallary ýasapdyrlar, başgalar hakda alada edipdirler, rehimli, mylaýym, çeper we tertipli bolupdyrlar.

Şeýle-de bolsa, şol bir wagtyň özünde olaryň häsiýeti çekinjeňlik bilen häsiýetlendirilýärdi. Olar täze ýerlere islegsiz we seresaplylyk bilen göçdüler; köplenç täze gonaklaryny öňküleriniň görünýän ýerinde döredipdirler. Diňe kenar aýdyň görünýän ýagdaýynda suwuň üstünde hereket edipdirler. Beýleki bir tarapdan, ata-babalarymyz Homo sapiens çem gelen ýerde gezipdirler, köpüsi zyýanly netijeler bilen diýip aýdyp bileris. Akyllylyk ýa-da seresaplyk barada gürrüň ýok. Psihologiki arheologiýa, eger oňa şeýle diýip bolýan bolsa, Homo neanderthalensis-i kesel derejesindäki rasionalizm bilen häsiýetlendirýär, Homo sapiens-a bolsa aklyndan azaşan diýip bolar.

Şeýle bir däli welin, olaryň biri owadan gyzyl gül görüp, ýetişmedik tohum gabygyny sypyryp, süýtli şiräniň çykýandygyny görüp, şeýle pikir kellesine geldi: “Ajaýyp, gel men bu zady ýygnaýyn, guradaýyn, soň bolsa soraryn, çeýnärin ýa-da çilim ýaly çekerin." Şeýle-de bolsa, “çilim çekmek” kän bir dogry söz däl: göknar süýdüne göni ot berilmeýärdi. Ilki bilen seresaplylyk bilen gyzdyrylyp, soň çykan buglardan dem alýardylar. Bäş müň ýyl mundan ozalky weýping! Günüň astynda täze zat ýok ...) Opiýum çuňňur rahatlandyrýardy, bagt ýagdaýyna çümdürýärdi, gözegçilik edip bolmaýan tolkunda adamyň üstünden aýlanýardy we köp sagatlap hereketsiz goýýardy. Şonuň üçin opiý göknarynyň ylmy ady- Papaver somniferum, ýagny “uka çümdürýän mak”.

BELLIK: post Lee Child 'The Hero' kitabynyň birinji bölüminden gysgaldyp alyndy. Eseriň başy geroýiniň gysgaça taryhy bilen başlansa-da, kitapda awtor başga-da dürli-dürli awtorlaryň, antropologlaryň eserlerine, ylmy işlerine salgylanyp adamzadyň gelip çykyş yzygiderliligine düşünjek bolýar we okyjylara düşnükli dilde ýetirjek bolýar. Näme üçin 'Gahryman'? Kitabyň maksady dürli-dürli wagtlarda adamlaryň arasynda kimiň successor bolandygyna düşünmek. Eger-de gyzyklanýanlar bar bolsa indiki postlarda beýleki bölümlerden bölekleri paýlaşyp bilerin.
P.S. Gaýrat edip, lişnyý gürrüň gerek däl🙂
15
190
gonk
3 Iýun 2024
Bolýa bolýa
olia
3 Iýun 2024
@gonk, isleseler shunam halaman bilerler.
olia
3 Iýun 2024
@gonk, umumana postdaky yazylanlar eyyam bolup gecen zatlar we hic kime gormek nesip eder etmez yaly tazeden gaytalanmaga shansy yok zatlar😕
gonk
2 Iýun 2024
Onda da halamazlar bular ýaly köp postlary goýsaň
gonk
2 Iýun 2024
Allajan sular ýaly zatlar hiçkimede görmek etmek nesip etmesin
ideallider
2 Iýun 2024
Okamanym gowy bolupdur. Öňem egnimdäkini zordan dürsledim😁
ayymsha
29 May 2024
@olia, Salam paýlaşaýyň
flowers_
29 May 2024
Hemme zady biljek bolyasmy))
olia
29 May 2024
@Islam_Atayew, yada meselem kartoshkany birinji bolup iyen nadip shony iyse olmejegine akyl yetiripdir
olia
29 May 2024
@Islam_Atayew, indi shony birinji bolup etmek kimin kellesine gelipdir shony dushunjek bolya
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.