olia
23.05.2024 00:34
Pablo Escobaryň aýdanlaryndan..

Oklarda at ýazylmaýar, diýmek haýsynyň seni öldürjegi belli däl.

Ölümi aldap bolmaz, emma onuň bilen dostlaşyp bolar.

Diňe öleniňden soň saňa gorkar ýaly hiç zat galmaz.

Öz duşmanlaryň bilen hasaplaşmagyň iň gowy usuly: olary görmezlik.

Berlen sözden gymmat zat ýokdur. Beren sözüňi tutmazlykdan beter haýasyzlyk ýokdur.

Hiç kime ynanma, esasan-da özüňe.

Ýylyň ýylyna geljegi öňünden çaklamak kynlaşýar.

Biziň dünýämizde pul hiç haçan arassa bolmaýar.

Dünýäde hemme zadyň öz bahasy bar. Esasy zat ony dogry kesgitlemek.

Hemme imperiýalar hemişe gandan we otdan döredildi.

Köp adamlar meniň territoristdygymy aýtsa-da men hemişe sözüň adamsy ýaly hereket etdim. Men her bir adam öz maşgalasyny we emlägini goramak üçin göreşmeli diýip hasap edýärin. Hat-da munuň üçin ýarag ulanmaly bolsa-da..

Bu durmuşda men maşgalam we çagalarymdan başga hemme zadyň täzesini taparyn.
32
112
ideallider
2 Iýun 2024
Tipa Gaýgysyz Atabaýewmi?
ylham_gurbanaly
24 May 2024
Halka köp kömek etdi. Tutulmanda kolumbiýany gülletjekdi.
olia
23 May 2024
@Emirhan_, @sh_shamko_, kinosyndan beter durmushy gyzykly bolaymasyn)
sh_shamko_
23 May 2024
Kinosy has gyzykly.
Emirhan_
23 May 2024
kinosy 👍👍👍
olia
23 May 2024
@garlawac, menem)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.