olia
19.05.2024 19:48
Müňlerçe Müsür mumiýalary Ýewropanyň ekin meýdanlarynda

1890-njy ýylyň fewral aýynyň başynda Liwerpula Aleksandriýadan iki sany gämi, ýagny "Pharos" we "Thebes" Müsürde satyn alynan gaty üýtgeşik ýük bilen gelipdi. Bu iki gämi Britaniýa umumy agramy 19-20 tonna barabar bolan 180 müňden gowrak pişikleriň mumiýalaryny getirdi.

Bu mumiýalaryň nireden alnandygy barada anyk maglumat ýok. Käbir çeşmelere görä, onuň bir bölegi Orta Müsürdäki Beni-Hasan obasynyň golaýyndaky Speos-Artemidos ýadygärliginden tapylandyr. Bu ýerde 18-nji dinastiýanyň şa zenany Hatşepsutyň döwründe ýolbars-Hudaýy Pahtyň hatyrasyna ybadathana gurlupdyr. Onuň ýanyndan 19-nji asyrda ýerli ýaşaýjylar içinde köp mukdarda pişikleriň mumiýalary bolan katakombalary tapdylar. Bu barada şol ýyllarda Müsüre syýahat eden britan alymy Wilýam Konweý ýazypdyr. Onuň berýän maglumatlaryna görä, müsürliler katakombalary talapdyrlar, obanyň çagalary bolsa iň gowy tapyndylary turistlere satypdyrlar.

Garaz, haýwanlaryň mumiýalary Liwerpula getirildi (aslynda getirilen mumiýalar diňe bir pişikleriňki bolman, eýsem olaryň arasynda az mukdarda başga haýwanlaryň: müsür mangustlarynyň, itleriň, krokodilleriň we belki-de ýene-de kimdir birleriniň mumiýalary hem bolupdyr) we bu ýerde tiz wagtyň içinde auksionda satyldy. Birinji tapgyry tonnasyna 3,67 funt sterling, ikinji tapgyry biraz gymmat bahadan- tonnasyna 5,86 funt sterlingdan satyldy. Iki ýagdaýda-da Leventon&Co. kompaniýasy utdy. Bu kompaniýa dürli ýerlerden süňk we guano import edip, soňlugy bilen olardan oba-hojalyk dökünlerini ýasamak bilen meşgullanypdyr. Müsür pişiklerine hem edil şeýle geljek garaşýardy. Mundan başga-da pişikleriň kellelerini aýratynlykda satypdyrlar.

Mumiýalaryň dökün ýasamaklyk üçin satylmagy gaty geň eşidilýän bolsa-da, hakykatda ol döwürlerde mundan has elhenç zatlar hem edilýärdi. 19-nji asyrda britanlar bu isleglerini kanagatlandyrmak üçin diňe bir haýwanlaryň süňklerini däl, eýsem uly uruşlarda: Leýpsigiň etegindäki söweşde, Waterlooda we Krym urşunda wepat bolanlaryň jesetlerini hem import etdiler. Emma bu eýýam başga gürrüň.

Taryhçy Kros Elliot şol döwürdäki adamlaryň pikirlerini we gazetlerdäki makalalary analiz edip, adamlaryň şeýle dökünleriň ulanylmagyny dürli-dürli kabul edendiklerini belleýär. Kimler öz taryhyny satýan müsürlileri tankytlapdyr, kimler bu resurslaryň näçe wagta ýetjegini hasaplapdyr we pişiklerden edilen dökünleriň brendy üçin at gözläpdir, beýlekiler bolsa britanlary tankytlapdyr. Meselem, nemes himigi we agrohimiýanyň düýbüni tutujylaryň biri bolan Ýustuf fon Libih Angliýa başga ýurtlardan olaryň hasyl bolçulygynyň esasyny alýandygyny aýdypdyr we bu ýurdy bütin dünýäniň bokurdagyna ýapyşyp, onuň ganyny sorýan wampire meňzedipdir.

Häzirki wagtda Angliýa Aleksandriýadan gelen üýtgeşik ýüki ýatladýan hiç zat galmady diýen ýaly. Görnüşine görä, dökün üçin Liwerpulyň milli muzeýinde sergide goýlan pişik kellesi ýaly sanalgy fragmentler ulanylmady.

Pişik mumiýalaryndan dökün etmek nähili geň eşidilse-de, onuň peýdasy köp. Pişikleriň şeýle-de umuman haýwanlaryň süňkleri organiki we mineral böleklerden durýar. Mineral bölegi bolsa her dürli karbonatlardan, kalsiý fosfatlardan, magniý we kalsiýden ybarat.
21
93
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.