olia
09.10.2024 01:22
Çagakam Gün bolmak isleýärdim,
Soň pikirlendim iň gowusy çaga bolmak.
Çünki Günden ýylydy ýüregim.
Ulaldym,
Durmuş diýlen aýazda üşedi ýüregim.
Ne "Gün" bolup bildim, ne-de "çaga"...
18
113
olia
07.10.2024 13:32
"Men prezident bolanymdan soň öz adamlarym bilen günortanlyk edinmek üçin restorana gitdim. Biz oturdyk we herimiz nahar buýurdyk.

Garşymyzdaky stolda bir adam hyzmat edilerine garaşyp otyrdy. Haçanda oňa naharyny getirenlerinde, men esgerlerimiň birini ol jenaba bize goşulmagy teklip etmek üçin ýanyna ýolladym. Esger gidip meniň çakylygymy oňa ýetirdi. Adam sessiz ýerinden turdy, tabagyny aldy we gelip göni meniň öňümde oturdy.

Ol naharyny iýýän wagty eli durman titreýärdi, we ýeke gezek hem kellesini nahardan galdyrmady. Naharyny iýip bolan badyna ýerinden turdy, meniň ýüzüme seretmezden hoşlaşdy, men onuň elini gysdym we ol derrew çykyp gitdi.

Soňra esgerleriň biri maňa:
-Madiba, bu adam agyr kesel bolaýmasa, iýýän wagty onuň elleri durman titräp durdy-diýdi.

Hakykat bolsa umuman beýle däl!! Onuň sandyramagynyň sebäbi başga!

Men esgerime şeýle düşündiripdim:
Bu adam meniň saklanan türmämde işgärdi. Ol meni zorlandan soň, men gygyrýardym, aglaýardym we suw bermegini haýyş etdim. Şonda ol gelip meni kemsitdi, üstümden güldi, we suw bermegiň deregine kelläme ..... .

Ol kesel däl, ol meniň indi Günorta Afrikanyň prezidenti bolanymdan soň ony türmä saldyryp maňa eden zatlaryny ederin diýip gorkdy. Emma men beýle däl, beýle çemeleşmek meniň häsiýetime-de wyždanyma-da sygmaz."

"Ar almagy niýet edinen aňlar dünýäni ýykar, emma ylalaşmagy saýlanlar ýurtlary gülleder. Azatlygyma tarap açylan gapydan çykyp barýarkam, eger-de, ähli gaharymy, ýigrenjimi, öýkämi yzda goýup çykmasam, men häli-şindi ýesir bolup galjagymy bilýärdim".

Nelson Mandela
17
192
olia
06.10.2024 00:20
Sowet döwründe çagalar baglarynda çagalary gyşyna daşarda ýatyrypdyrlar. "Sowuk terapiýasyny" geçirip çagalaryň immunitetini güýçlendirmek üçin.
13
107
olia
05.10.2024 19:18
1888-nji ýylda Baltimorda öndürilen üsgülewüge garşy sirop. Düzümi:
Alkogol;
Kannabis;
Kloroform;
Morfiý.
8
343
olia
04.10.2024 00:01
Özüňi bagtly saý bir ajap pursat,
Sen begenip bilseň adaty zada...

G. Ezizow
10
138
olia
03.09.2024 00:14
1. Ideal adam ýokdur. Her kim bir zady oňaranok ýa-da bir zatda şowsuzlyga uçraýandyr. Üstünligiň syry ýönekeý: ýykylan pursatlaryňdan ýokary galan pursatlaryň köp bolsun.
2. Özüňi syla. Başgalaryň pikiri saňa täsir etmeli däldir. Özüňi diňlemegi başar we gowy taraplaryňy ýa-da üstünde işlenilmegini talap edýän erbet taraplaryňy özüň kesgitlemegi öwren.
3. Başgalara laýyk bolmagyň yzynda özüňiň hakykylygyňy ýitirme. Durmuş - syýahat: bu syýahatda hemmelere ýaranmak üçin olaryň standartyna görä ýaşamagy ýa-da öz islegiňe görä ýaşamagy diňe özüň çözmelisiň.
4. Zatlar seni diňe wagtlaýyn bagtly edip biler. Has wajyp zat - ýatlamalar. Haçan-da Manhettanda ýa-da Nissada gezelenç edýärkäň eliňdäki telefonyň bahasy wajyp däl.
5. Köp mekdep dostlaryň mekdebiň gutarmagy bilen ýitirim bolup gidýärler. Eger olaryň iň bolmanda biri bilen aragatnaşyk saklamak miýesser etse, ol hazynany gora.
6. Ilkinji söýgi hökman ömürlik däldir. Adamlar ulalýarlar we olaryň durmuş ýoly üýtgäp biler. Şowsuz gatnaşyklary sapak edin, emma hiç haçan söýgä bolan ynamyňy ýitirme.
7. Adamy ýakyndan tanamak isleseň onuň haýwanlara bolan gatnaşygyna üns ber. Mähirli, mylakatly adam gaýtargy berip bilmejek kiçijik jandary hiç wagt ynjytmaz.
22
237
olia
27.08.2024 21:15
Eger-de ilkinji Aýa gonuş şowsuzlyk bilen tamamlanan bolanda şu bildiriş arkaly kopçülige ýetirilmelidi.
14
93
olia
25.08.2024 00:29
Islendik zada başgaça seretmegi başar.

1-nji surat Müsür piramidasynyň ýokardan görnüşi. 2-nji surat Pizan diňiniň içki görnüşi.
24
88
olia
24.08.2024 15:19
1912-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Teodor Ruzwelt ABŞ-nyň Prezident saýlawlary döwründe Miluokiniň raýatlarynyň öňünde çykyş etmäge sahna çykypdy.

Ol öz sözüni: "Dostlar, sizden mümkin boldugyndan ýuwaş bolmagyňyzy haýyş edýärin" diýip başlady.

Şol wagt Jon Şrenk diýilýän adam Ruzwelti atdy.

Ruzwelt :“Hanymlar we jenaplar, meniň ýaňy atylandygyma doly düşünýäňizmi bilemok; ýöne bir öküzi beýle aňsat öldürip bolmaz" (I don't know whether you fully understand that I have been just shot; but it takes more than that to kill a bull moose) diýmek bilen dowam etdi (Öküz, ýagny "bull moose"-Ruzweltiň öňe süren progressiw partiýasynyň nyşany).

Ok Ruzweltyň gursagyndan degipdi, ol gana bulaşan ak köýneginiň kisesinde ilki äýneginiň gabyny soňra şol gün aýtmaly sözleriniň 50 sahypalyk ýazgysyny çykardy. Ikisinide ok deşip geçipdir we Ruzweltiň ömrüni halas edipdir.

Ruzwelt tejribeli awçy bolandygy üçin anatomiýadan başy çykýardy we gan üsgürmeýändigine görä ok öýkenine degmedigini çaklady we öz aýtmaly sözüni ýatdan aýtmak bilen dowam etdi (50 sahypalyk sözüni!!).

Ýarasy ganaýandygyna, ýanyndaky adamlaryň hassahana gitmegi teklip etmeklerine garamazdan Ruzwelt 90 minut çykyş etdi. Diňe şondan soň hassahana gitmäge razy boldy. Lukmanlaryň çykaran netijesine görä oky aýyrmak goýanyňdan has howply ekeni. Ol galan ömrüni gursagyndaky ok bilen ýaşady.

Teodor Ruzwelt şol wagt 53 ýaşyndady.

1-nji surat Ruzweltiň äýnegynyň gutysy we çykyşynyň ýazgysy.
2-nji surat Teodor Ruzweltiň şol günki suraty.
22
128
olia
08.08.2024 22:32
Käbir rowaýatlara görä, Orta asyrlarda fransuz şäherleriniň birinde aýallaryň üýtgeşik adaty bolupmyş. Ýagny, durmuşa çykan aýal irden äri üçin taýynlan naharyna kiçijik mukdarda zäher goşupdyr. Agşam bolsa äri öýüne gelende agşamlyk nahara zäheriň şypasyny goşup berer ekeni.

Şeýlelikde, agşam şypany iýende zäher zyýansyz bolup äri diri galar ekeni. Aýallaryň beýle etmeginiň özboluşly sebäbi bardyr. Eger-de äri öýünden uzakda köp wagtlap galsa we şypany içmesi gijikse, onda ýüregi bolanyp, kellesi agyryp, dem ýetmezçiligi başlap ýa-da depressiýa düşüp başlar ekeni. Ýagny adam öýüne näçe gijä galsa, ýagdaýy şonça-da erbetleşerdi.

Emma öýüne dolananda, aýaly birdirmezden şypa beripdir. Soňra biraz wagtdan äriniň ýagdaýy gowulaşypdyr. Garaz, aýalynyň bu emeli ärinde öýünden näçe köp uzakda boldugyça şonça-da ýagdaýy erbetleşer diýen pikir döredipdir. Netijede ärleri aýallaryna, we öýlerine has bagly bolupdyrlar.
18
110