Käbir rowaýatlara görä, Orta asyrlarda fransuz şäherleriniň birinde aýallaryň üýtgeşik adaty bolupmyş. Ýagny, durmuşa çykan aýal irden äri üçin taýynlan naharyna kiçijik mukdarda zäher goşupdyr. Agşam bolsa äri öýüne gelende agşamlyk nahara zäheriň şypasyny goşup berer ekeni.
Şeýlelikde, agşam şypany iýende zäher zyýansyz bolup äri diri galar ekeni. Aýallaryň beýle etmeginiň özboluşly sebäbi bardyr. Eger-de äri öýünden uzakda köp wagtlap galsa we şypany içmesi gijikse, onda ýüregi bolanyp, kellesi agyryp, dem ýetmezçiligi başlap ýa-da depressiýa düşüp başlar ekeni. Ýagny adam öýüne näçe gijä galsa, ýagdaýy şonça-da erbetleşerdi.
Emma öýüne dolananda, aýaly birdirmezden şypa beripdir. Soňra biraz wagtdan äriniň ýagdaýy gowulaşypdyr. Garaz, aýalynyň bu emeli ärinde öýünden näçe köp uzakda boldugyça şonça-da ýagdaýy erbetleşer diýen pikir döredipdir. Netijede ärleri aýallaryna, we öýlerine has bagly bolupdyrlar.