"Men prezident bolanymdan soň öz adamlarym bilen günortanlyk edinmek üçin restorana gitdim. Biz oturdyk we herimiz nahar buýurdyk.
Garşymyzdaky stolda bir adam hyzmat edilerine garaşyp otyrdy. Haçanda oňa naharyny getirenlerinde, men esgerlerimiň birini ol jenaba bize goşulmagy teklip etmek üçin ýanyna ýolladym. Esger gidip meniň çakylygymy oňa ýetirdi. Adam sessiz ýerinden turdy, tabagyny aldy we gelip göni meniň öňümde oturdy.
Ol naharyny iýýän wagty eli durman titreýärdi, we ýeke gezek hem kellesini nahardan galdyrmady. Naharyny iýip bolan badyna ýerinden turdy, meniň ýüzüme seretmezden hoşlaşdy, men onuň elini gysdym we ol derrew çykyp gitdi.
Soňra esgerleriň biri maňa:
-Madiba, bu adam agyr kesel bolaýmasa, iýýän wagty onuň elleri durman titräp durdy-diýdi.
Hakykat bolsa umuman beýle däl!! Onuň sandyramagynyň sebäbi başga!
Men esgerime şeýle düşündiripdim:
Bu adam meniň saklanan türmämde işgärdi. Ol meni zorlandan soň, men gygyrýardym, aglaýardym we suw bermegini haýyş etdim. Şonda ol gelip meni kemsitdi, üstümden güldi, we suw bermegiň deregine kelläme ..... .
Ol kesel däl, ol meniň indi Günorta Afrikanyň prezidenti bolanymdan soň ony türmä saldyryp maňa eden zatlaryny ederin diýip gorkdy. Emma men beýle däl, beýle çemeleşmek meniň häsiýetime-de wyždanyma-da sygmaz."
"Ar almagy niýet edinen aňlar dünýäni ýykar, emma ylalaşmagy saýlanlar ýurtlary gülleder. Azatlygyma tarap açylan gapydan çykyp barýarkam, eger-de, ähli gaharymy, ýigrenjimi, öýkämi yzda goýup çykmasam, men häli-şindi ýesir bolup galjagymy bilýärdim".
Nelson Mandela