1912-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Teodor Ruzwelt ABŞ-nyň Prezident saýlawlary döwründe Miluokiniň raýatlarynyň öňünde çykyş etmäge sahna çykypdy.
Ol öz sözüni: "Dostlar, sizden mümkin boldugyndan ýuwaş bolmagyňyzy haýyş edýärin" diýip başlady.
Şol wagt Jon Şrenk diýilýän adam Ruzwelti atdy.
Ruzwelt :“Hanymlar we jenaplar, meniň ýaňy atylandygyma doly düşünýäňizmi bilemok; ýöne bir öküzi beýle aňsat öldürip bolmaz" (I don't know whether you fully understand that I have been just shot; but it takes more than that to kill a bull moose) diýmek bilen dowam etdi (Öküz, ýagny "bull moose"-Ruzweltiň öňe süren progressiw partiýasynyň nyşany).
Ok Ruzweltyň gursagyndan degipdi, ol gana bulaşan ak köýneginiň kisesinde ilki äýneginiň gabyny soňra şol gün aýtmaly sözleriniň 50 sahypalyk ýazgysyny çykardy. Ikisinide ok deşip geçipdir we Ruzweltiň ömrüni halas edipdir.
Ruzwelt tejribeli awçy bolandygy üçin anatomiýadan başy çykýardy we gan üsgürmeýändigine görä ok öýkenine degmedigini çaklady we öz aýtmaly sözüni ýatdan aýtmak bilen dowam etdi (50 sahypalyk sözüni!!).
Ýarasy ganaýandygyna, ýanyndaky adamlaryň hassahana gitmegi teklip etmeklerine garamazdan Ruzwelt 90 minut çykyş etdi. Diňe şondan soň hassahana gitmäge razy boldy. Lukmanlaryň çykaran netijesine görä oky aýyrmak goýanyňdan has howply ekeni. Ol galan ömrüni gursagyndaky ok bilen ýaşady.
Teodor Ruzwelt şol wagt 53 ýaşyndady.
1-nji surat Ruzweltiň äýnegynyň gutysy we çykyşynyň ýazgysy.
2-nji surat Teodor Ruzweltiň şol günki suraty.