okan
06.02.2024 00:53
Bir pursat dymaryn söýemok diýseñ
Içimde saklaryn ajy gaýgyny
Köze dönen bu söýgüniñ odunda
Bilemok,kim ýakar sönen duýgumy

Bir pursat dymaryn goşgy ýazaýsam
Duýgularym siñip barýar her bende
Birmahalky seniñ bilen arzuwym
Bilýäñmi gömüldi dirikä ýerde

Bir pursat dymaryn geñ hem görseler
Razy gülseler-de deñi duşlarym
Ýatsam bir haýyşym meni oýarmaň
Gutarmasyn sen hakynda düýşlerim

Bir pursat dymaryn gerek dymmaklyk
Ýadymdan çykaryp ähli geçeni
Huşymy ýitirip sergezdan bolup
Dymaryn
dymaryn
haçana çenli ?!

Jemşit Hajymämmedow
31
31
okan
05.02.2024 08:38
Söýüñ,söýgi bilen baýaýar dünýä
Açylýar göwünleñ näzik gunçasy
Boluñ elmydama wepaly söýgä
Syrylyp düşmesin onuñ syrçasy

Saklañ söýgüñizi gyýa gözlerden
Siziñ bagtyñyza badak atmasyn
Gorañ gala bolup ýalan sözlerden
Aşyk ýüreklere gara batmasyn

Boluñ iki gowre bir ýürek bir jan
Söýgi őmrümiziñ bölegi bolsun
Arañyza girjek üçünji ynsan
Diñe ýüregñizden öneni bolsun

Merjen Meredalyýewa
36
34
okan
01.02.2024 14:56

Nagyş salyp geçse durnañ hatary

Aýlanyp ötende ömür pasyly

Käteler ýüregiñ gysan mahaly

Ýatlagyn,sen meni yatlagyn dünýäm!


Acylanda ak atyzlañ hanasy

Ýaganda asmanyñ dürden dänesi

Eglän çagy ozge gözleñ alasy

Ýatlagyn, sen meni yatlagyn dünýäm!


Söýgümiziñ ýazan taýsyz eseri

Henizlerem kalbymdadyr heseri

Bolupdym diýip, byr gözeliñ nesibi

Ýatlagyn, sen meni yatlagyn dünýäm!


Ýaylasam tutulýar dahanym,demim

Aý-günler geçip dur ýyllara siñip

Yşkyñ hormatyna byr pursat diñip

Ýatlagyn, sen meni yatlagyn dünýäm!


Ýaz gelip ereder gyşyñ garyny

Kőňüllere çaýyp eda- näzini

Arzymanyñ bolan oba gyzyny

Ýatlagyn, sen meni yatlagyn dünýäm!


Aýbölek Allaberdiýewa

26
14
okan
30.01.2024 09:38
(Üç zat adamy ýadadar herhal)

Görüp,gownüñ çöküp egilip başlar
Sabyr käsäñ dolup,agar saçlaryñ
Ýumup gözleriñi gysyp dişleriñ
Ýuwdup,yene-de bagyşlamakdyr

Kemsitseler,kăte üstüñden gülüp
Paýyş sözleseler göniñden gelip
Söz bilen ýüregin dilmejek bolup
Gaharyñ gelende, yene dymmakdyr

Geçmişi unudyp,geljege bakyp
Şatlyk bilen ýürek gaýgysyn söküp
Söýmedige umyt bilen göz dikip
Ýetmejegiñi bilip arzuw etmekdir

Öwezgeldi Taganow
19
29
okan
26.01.2024 16:15
Eje kalbym giñ girsaga syganok
Yşk alawy harap kyldy halymy
Köräp-köräp ýanan aýylganç ataş
Egbarlaytdy meniñ bu mert salymy

Gussalarym boýum bilen deñleşdi
Söýgem göýä meñ kastyma dilleşdi
Ýalan boldy beren ähti-peýmanam
Maña diñe tüm gijeler syrdaşdy

Aglamadyk agylarym köl kimin
Üýşüpdirler kalbymyñ bir çüñküne
Dagynyk bulut deý duýgulam pytrap
Gidipdirler dünýäniñ çar künjüne

Byr salymlyk ýagan öýlänçi deýin
Ýagdy gitdi,yene goýdy ýeketäk
Galdym şeýdip brugsaýan tüsse deý
Dertleşmäne syrdaşym ýok ikiçäk

Diñle ejem,içim dökjek şu gezek
Urdu söýgem kalba agyr zarbyny
Wepasyzyñ wepaly deý bakyşy
Has çuñundan gazdy söýgiñ gabryny

Jennet Meredowa
30
17
okan
24.12.2023 11:02
Her kime berlipdir ýazgydyñ paýy
Deñ bolman duş etmez diýerler ýary
Her kişiñ durmuşda bardyr öz jaýy
Sen men bolup,men sen bolup bilmen

Dost-duşmanyñ ynsap bolsun özünde
Garalany bilen biri sözünde
Peselsem il üçin,Hakyñ gozünde
Ýa artykmaç ya-ha kem bolup bilmen

Agyz utanarmyş iýen duzundan
Etmiş dolanarmyş ýetip yzyñdan
Çekdirenler çeker ogul-gyzyndan
Şonda ýarañyza em bolup bilmen

Herkim öz dogrusun oñlajak bolsa
Sözum söz ýerine goýmajak bolsa
Özü başlap özem soñlajak bolsa
Gyzma däli bilen deñ bolup bilmen

Merjen Meredalyýewa
40
53
okan
20.12.2023 10:22
Dolanma

Ynam bilen garaşdym
Seniñ hökman geleriñe
Emma indi sowaşdym
Asla yza dolanma...

Soýme diýip buýrugy
Berip bilmen ýüregime
Sensizlikde byr duýgy ,
Oñjak, yza dolanma...

Etme indi jañlary
Őziñ islăn wagtyñda
Ýazma asla hatlary
Soýgi,ölsün kalbymda

Seni gören ýerlerim
Asta ýitsin gözümden
Aýtjak bolan sözlerim
Çykmasyn,hiç dilimden

Islenmedik söýgüniñ
Bolmasyn hiç jepasy
Onsuzam bu ýürege
Yetmedi oñ wepasy

Meniñ agyr halyma
Söýgümede ynanma
Gitseñ gidäý,ymykly
Soňam,yza dolanma...

Enejan Babakulowa
30
31
okan
13.12.2023 12:37

Çyndan söýenime ynandy welin,

Bir gün baýajagym oňa gümandy

Şoñ üçin günleriñ birinde gülüm,

Meni terk etmegi dogry bildi


Şonda ýazgytdyr diýdip, bagt diläpdim,

Etmişi ertirine bildirmez ýaly

Emma,dilegimiñ hasyl bolmanyn

Gördüm,giñ köçäni syrýan mahaly ...


...Ýanyna atylyp barmakçy boldum

Gögeren gözleri ýaş durdy düzüp

Wah,ýöne,barmadym, baryp bilmedim

Barmagynda göremsoñ nika ýüzük


Şirnazar Taganow

33
43
okan
11.12.2023 01:12
Sensiz nije yoly ,bilmedim ötdüm
Ejir çekenlermi,diymedim saña
Özüñ añsat ýola, ötdiñde gitdiñ
Kötelli ýollary, galdyryp maña

Çagyrdyñ ykbala,başga byr deli
Hatda sen tarapa, ädilmez ädim
Sen maña şeýlebir, gerkdiñ welin
Göýä ýaşap ýörenligme güwädiñ

Ýetermi,ýetmezmi aşygyñ eli
Diýerdim kalbymda,urýan urgusyñ
Sen maña şeýlebir, gerkdiñ welin
Sanap gezer ýaly, kalbym urgusy

Gerekdiñ şeýlebir ,gerkdiñ welin
Eý aldawçy söýgüm, ýandyran söýgüm
Indi ýaşasamda, ýüregim ölü
Kalp bilen geçmişi, doñduran söýgi

Ogulgurban Jumaýewa
25
22
okan
06.12.2023 22:18
Seni söýüp,durmuş ýolun saýlamda
Ýagşy päli başa hemra tutundym
Päklige ýugrulan pikir ýaýlañda
Ýaźykly bolmakdan juda utandym

Seni söýüp,agraslyga ýüz urdum
Ötegci ýellere bermän erkimi
Her bakamda köze dönüp gyzardyñ
Alawladyp yşga düşen kalbymy

Seni söýüp,ömrum haýra bagş edip
Ganymlaryñ ýolunada bakmadym
Julawlanan duýgularmy gowşadyp
Gözleriñde sada söygi çakladym

Seni söýüp,arzuwlanan ömrüme
Aýralyk bagyş,etdiñ gőzýaşa caýyp
Her niçigem bolsa,jahyl göwnüme
Gitdiñ baky päklik goýup ajaýyp

Mülkaman Jumanyýazow
23
21