okan
06.12.2023 22:18
Seni söýüp,durmuş ýolun saýlamda
Ýagşy päli başa hemra tutundym
Päklige ýugrulan pikir ýaýlañda
Ýaźykly bolmakdan juda utandym

Seni söýüp,agraslyga ýüz urdum
Ötegci ýellere bermän erkimi
Her bakamda köze dönüp gyzardyñ
Alawladyp yşga düşen kalbymy

Seni söýüp,ömrum haýra bagş edip
Ganymlaryñ ýolunada bakmadym
Julawlanan duýgularmy gowşadyp
Gözleriñde sada söygi çakladym

Seni söýüp,arzuwlanan ömrüme
Aýralyk bagyş,etdiñ gőzýaşa caýyp
Her niçigem bolsa,jahyl göwnüme
Gitdiñ baky päklik goýup ajaýyp

Mülkaman Jumanyýazow
23
21
okan
9 Dekabr 2023
@agresiv, Sag boluñ minnetdar 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.