Eje kalbym giñ girsaga syganok
Yşk alawy harap kyldy halymy
Köräp-köräp ýanan aýylganç ataş
Egbarlaytdy meniñ bu mert salymy
Gussalarym boýum bilen deñleşdi
Söýgem göýä meñ kastyma dilleşdi
Ýalan boldy beren ähti-peýmanam
Maña diñe tüm gijeler syrdaşdy
Aglamadyk agylarym köl kimin
Üýşüpdirler kalbymyñ bir çüñküne
Dagynyk bulut deý duýgulam pytrap
Gidipdirler dünýäniñ çar künjüne
Byr salymlyk ýagan öýlänçi deýin
Ýagdy gitdi,yene goýdy ýeketäk
Galdym şeýdip brugsaýan tüsse deý
Dertleşmäne syrdaşym ýok ikiçäk
Diñle ejem,içim dökjek şu gezek
Urdu söýgem kalba agyr zarbyny
Wepasyzyñ wepaly deý bakyşy
Has çuñundan gazdy söýgiñ gabryny
Jennet Meredowa