okan
09.08.2024 20:16
...
15
33
okan
26.07.2024 22:15

....

15
18
okan
24.02.2024 15:17
Ejem

Señ söýgiñden näçe gansam doýamok
Barlygyñda gaýgy- gussa duýamok
Mähre çoýup asla ýalñyz goýañok
Dünýede baryña müñ şükür ejem !

Señ saýañda ornumy törde tapdym
Ömrüm günlerini şatlyga sapdym
Meñ üçin ir säher külçeler ýapdyñ
Dünýede baryña müñ şükür ejem!

Il kemim gözlese egnim gysmadym
Sebäp seniñ bilen kemim syzmadym
Gülleýär, gül açýar senle kysmatym
Dünýede baryña müñ şükür ejem!

Üze bilmen, ak süýdüñe bergimi
Özüñ dagatýarsyñ, gaýgy sergimi
Sende tapýan ýaralarma sargymy
Ýanymda baryña müñ şükür ejem!

Zilola Jepbarowa
31
26
okan
20.02.2024 09:32
Güýzüm

Saçlarym tozadyp salkyn şemala
Altyn deý bürenip gelipsiñ güýzüm
Syrdam söwütleri eýläp kemala
Görküñden görk sowgat beripsiñ güýzüm

Ýere gaçyp, gaýmalaşýan ýapraklañ
Ýetilmedik arzuwlarym mysaly
Hoşboý ysly, kükeýän çyg topraklañ
Gamly göz ýaşymdan ganan mes ýaly

Joşgunly ylhamda galam gezdirip
Güýzüm hoş gelipsiñ ýene bir gezek
Ýürek sözüm setirlerde ýazdyryp
Her dolanyp gelşiñ ömrüme bezeg

Asman güpürdüsi ýüregimiñ ursy
Kä-te göz ýaşlarym meñzär ýagyşa
Neçün arzuwlarma ykbalym garşy
Ýürek gädiklerim dönýär nagyşa

Şol sebäpmi, bilemok nämeden?
Güýzüm men özümi saña meñzetýän!
Hyýal ummanymda ýüzyän gämiden...
Alyp pikirlerim saña ýañzytýan

Zilola Jepbarowa
33
22
okan
19.02.2024 09:18

Hyýalymda seniñ ýanyña barýan


Umyt bilen ýodalarda eglenip

Gözleýän suduryñ,bakamda her ýan

Bu ajy hasratda halys iglenip

Hyýalymda seniñ ýanyña barýan


Belki aýra goýan, takdyryñ işi

Ömrüme getirip tupanly gyşy

Ýürege ornanda söýgüniñ yşy

Hyýalymda seniñ ýanyña barýan


Mähir - muhabbetim ýarsada daşy

Nädeýin mekanym jebirleñ duşy

Pikrimde gezdirip ýar senli düýşi

Hyýalymda seniñ ýanyña barýan


Kement birle syrtmak eýläp boýnuma

Arzuwlam garsañda palçyk toýnuña

Düşünmek islemän hile oýnuña

Hyýalymda seniñ ýanyña barýan


Etmişiñden aşyk gursak ýanykly

Gitmek üçin el aýagym dañykly

Şonda-da baş egip gyrmyz ýañakly

Hyýalymda seniñ ýanyña barýan


Zilola Jepbarowa

32
35
okan
18.02.2024 13:50
Ne peýda

Eger-de eliñde saglyk bolmasa
Milýart-milýart pullaryñdan ne peýda
Öýüñ içi şatlyk bagtdan dolmasa
Köşk kimin salynan jaýdan ne peýda

Hassa wagtyñ gelip halyñ sormasa
Kyn günüñde hyzmatyñda durmasa
Il içinde gybatyñy gurnasa
Dostum diýip gürläninden ne peýda

Kämil bolup aklym ýetdi bir zada
Yşgyñda telbe men diýer bir pursat
Özge gözler görse düşmeseñ ýada
Söýýän diýip dyzan epse ne peýda

Ýalan diýip gezse göz görýän çyna
Bedenin kirledip gazansa günä
Jogaby ýok diýip baş goşsa zyna
Gadyryñ bilmez biwepadan ne peýda

Ogul perzent gitmese hiç oýuñdan
Alla bir gün aýyraýsa haýyñdan
Borjuny unudyp kowsa öýüñden
Perzent bolmaz ogullardan ne peýda

Allañ söýgüsinden gursak dolmasa
Imanyn gowşadýan pikri solmasa
Nebsiniñ jylawy elde bolmasa
Bäş wagt okan namazyndan ne peýda

Zilola Jepbarowa
32
33
okan
17.02.2024 15:50
Ne peýda

Eger-de eliñde saglyk bolmasa
Milýart-milýart pullaryñdan ne peýda
Őýüñ içi şatlyk bagtdan dolmasa
Köşk kimin salynan jaýdan ne peýda

Hassa wagtyñ gelip halyñ sormasa
Kyn günüñde hyzmatyñda durmasa
Il içinde gybatyñy gurnasa
Dostum diýip gürläninden ne peýda

Kämil bolup aklym ýetdi bir zada
Yşgyñda telbe men diýer bir bada
Özge gözler görse düşmeseñ ýada
Söýýän diýip dyzan epse ne peýda

Ýalan diýip gezse göz görýän çyna
Bedenin kirledip gazansa günä
Jogaby ýok diýip baş goşsa zyna
Gadyryñ bilmez biwepadan ne peýda

Ogul perzent gitmese hiç oýuñdan
Alla bir gün aýyraýsa haýyñdan
Borjuny unudyp kowsa öýüñden
Perzent bolmaz ogullardan ne peýda

Allañ söýgüsinden gursak dolmasa
Imanyn gowşadýan pikri solmasa
Nebsiniñ jylawy elde bolmasa
Bäş wagt okan namazyndan ne peýda

Zilola Jepbarowa
12
7
okan
16.02.2024 19:19
Bir pursat öwrülüp çagalygyña,
Gel diý maña,bas bagryña ejemjan
Dolanyp şol öñki çägeligime,
Geldim saña,bas bagryña ejemjan

Mekirlikde erbet bakýan gözlerden,
Janym diýip,janym alýan sözlerden
Men halys ýadadym arsyz ýüzlerden
Geldim saña,bas bagryña ejemjan

Gandym kömre,ýürek köräp ýakylyp
Ýasama dostlardan bilmän bukulup
Bu durmuşyñ şarpygyndan ýykylyp
Geldim saña bas bagryña ejemjan

Ýalan yşk peýkamy,bagra sünjülip
Ýürekde köz kimin awy sanjylyp
Takdyr synagynda ezlip,ýenjilip
Geldim saña, bas bagryña ejemjan

Zilola Jepbarowa
30
32
okan
15.02.2024 10:53
Dolansadym şo-ol çagalyk döwrüme Sözlerim hőkümün sürýăn çagyma
Dolansadym öñki yoda öwrüme
Măhirden dikilen söýgi bagyna

Ýiti sözler ýüregime çümenden,
Dabanyma, batan tiken gowydy
Desse- desse elwan gülli çemenden,
Epgek howry, ýüzüm ýakany gowydy

Büdräp ýykylamda dyzym ganasa
Zarym aýdyp aglaýardym eñrenip
Indi dertler men tarapa ýanasa
Pos baglan ýüregim galýar zeñlenip

Bagt-şatlykdan doly belentdi gülkim
Nuruny saçýardy gözel ömrüme
Hyýal kenarynda düşlenip belkim,
Dolansadym şo-ol çagalyk döwrüme

Zilola Jepbarowa
38
28
okan
08.02.2024 12:55
Durmuş menzilinde ,gören zatlarym
Meni ,oý pikire ,eltip atyp dur
Sakgaly agaran,garryja goja
Barly ýigit öñünde,baş egip dur

Bu dünýä getirip,ösdüren ogly
Barlysyrap toýa sygman göçüp dur
Gedemsiräp ,taşlap gaýdan ejesi
Illeriñ kömegine alkyş saçyp dur

Bir öýde ulanan ,gerçek ýigitler
Şeýtanyñ oýnuna ,pursat berip dur
Kakasyndan galan,mal miras diýip
Ömürlik aýra saljak, işi edip dur

Ýaradan gysganman,perzent beripdir
Emma enäñ ömrüni,egsik edipdir
Haram zatdan doýmaz,kaka zerarly
Ýetimler,sadaka mätäç bolup dur

Işläp- işläp arzuw edip toý tutan
Şermende gelin bolly biýjeden çykan
Hormatyñ üssüni,ýaşmaksyz basan
Gaýyn atañ ýüzüne,tymsal atyp dur

Goç ýigit,garyplyk gämiden düşdi
Rysk,sandykdan paýy artyk üýşdi
Dostunuñky,öñküje halal gazançdy
Köne geda,barlysyrap dosta gülüp dur

Begenç Täşliýew
25
15