Ne peýda
Eger-de eliñde saglyk bolmasa
Milýart-milýart pullaryñdan ne peýda
Őýüñ içi şatlyk bagtdan dolmasa
Köşk kimin salynan jaýdan ne peýda
Hassa wagtyñ gelip halyñ sormasa
Kyn günüñde hyzmatyñda durmasa
Il içinde gybatyñy gurnasa
Dostum diýip gürläninden ne peýda
Kämil bolup aklym ýetdi bir zada
Yşgyñda telbe men diýer bir bada
Özge gözler görse düşmeseñ ýada
Söýýän diýip dyzan epse ne peýda
Ýalan diýip gezse göz görýän çyna
Bedenin kirledip gazansa günä
Jogaby ýok diýip baş goşsa zyna
Gadyryñ bilmez biwepadan ne peýda
Ogul perzent gitmese hiç oýuñdan
Alla bir gün aýyraýsa haýyñdan
Borjuny unudyp kowsa öýüñden
Perzent bolmaz ogullardan ne peýda
Allañ söýgüsinden gursak dolmasa
Imanyn gowşadýan pikri solmasa
Nebsiniñ jylawy elde bolmasa
Bäş wagt okan namazyndan ne peýda
Zilola Jepbarowa