oa00
28.01.2024 09:56
Ene gosgusy Berdinazar Hudaynazarow
Mahmal sähram sen bolup,
Bahar maňa bakanda,
Howlukmadym hiç zada,
Sen bar diýip jahanda.

Yrsaradym, näz etdim,
Betdim, Nähili betdim!
Hernä kejiňe gitdim,
Sen bar diýip jahanda.

Näme diýseň tapylýar,
Näme etsem hakym bar.
Boldum saňa hökümdar,
Sen bar diýip jahanda.

Ona ýetsemem çaga,
Ondan ötsemem çaga.
Wagtym ýok ulalmaga,
Sen bir diýip jahanda.

Ýogsam boýun alypdym,
Hemme zady bilipdim.
... A men Dünýä gelipdim,
Sen bar diýip jahanda.
20
11
oa00
25.01.2024 15:09
Eje … seniň durmuşdaky ornuňy, perzentleriň kalbyndaky saňa söýgini dünýäde hiç zat bilen deňär ýaly däl. Sen biziň öýümizi gyşda bahar edip bilýän, gussalansak göwnümize şatlyk getirýän gudrat. Biz saňa söýgimizi kän dile almasak-da seni biçak söýýäris. Durmuşyň çarkandak ýollarynda başagaýsyrap ýörşümize daşymyzdan bakyp belki käteler bizden närazy bolýan bolmagyňam ahmal. Garşyňda oturyp bu sözleri aýdyp bilmedigim üçinem men bu gün ele galam aldym. Belki sözlerim owadan bolmaz, ýöne ählisi ýürekden, käbäm!
Sen meniň, agalarymyň, kakamyň bu dünýädäki ezizleriniň iň öň hataryndaky mähribany. Seniň barlygyň bize jennet. Onda rahatlyk bar, şatlyk bar, gadyr bar, söýgi bar. Biz üçin gijäňi gündiz edip işleýäniň, özüň iýmän bize iýdirip, durmuşda öz ornumyzy tapmagymyz üçin çeken yhlaslaryň öwezini biz zat bilen ödäp bilmeris. Sensiz ojagymyz ýyly däl, günlerimiz bimany, seniň naharlaryňy biz başga hiç ýerden tapmarys. Biz bu zatlara sen käteler az wagtlyk oba gideniňde göz ýetirýäs. Dünýämiz boşar sensiz. Şonuň üçin Taňrydan saňa uzak ömür dileýäris. Biziň bagtymyza guwanyp kakam bilen öýümiziň törüni uzak ýyllar bezemegiňi dileýäris. Ömrüň uzak, janyň sag, mertebäň belent, güler ýüzüň hiç solmasyn, käbäm!
26.01.2024.ý

Aýlar ORAZMYRADOWA,
19
26
oa00
24.01.2024 20:21
Manyly sözler

Ýykyldy ýoluña garaşýan ýürek indi sen gelseñem bir gelmeseñem.

Unutdym seni däl seni unut diýenleri.

Senden hiç zady talap edemok ýöne gaýrat et meni söýýänsireme.

Men bir zada gynanýan olam bolsa bolgusyz adama ezizlenen ýüregümi berenim.

Señ giden günuñ meniñ dünyämiñ gapysynyñ ýapylandygyny unutma.

Hemme kişiler ölýär käsi ýere gömülýär käsi ýürege.

Meniñ üçin bir ýat bolup galanyñy unutma.

"Seni gaýdyp ýatlamaryn"- diýip, özüme söz beripdim ýylgyrşyñ ýadyma düşdi añymdan geçdim.

Maña dert bolup başgalara derman bolşuñy hic unutmaryn.

Bir gün beýlekiler ýaly däldigime düşünersiñ emma ol pursat sen maña beýlekiler ýaly bolup galjagyñy unutma.

Seniñ hemişeligiñ gaty az wagt dowam etdi.

Gozgamaýyn diýip ýürek derdimi saña duşuşak ýerimden sowulyp geçdim.

A.O. 00🍃
15
96
oa00
23.01.2024 12:07

Gel


Boş goýma ýollaýan salamlarymy,

Bolmanda jogapla tanyşlyk bilen.

Birje gezek gabatlaşyp bilýäñmi,

Maña özüñ bilmän ýalñyşlyk bilen.


Gelmeseñ men şeýlebir ýadadym,

Söýimi goşgulañ egnine ýükläp,

Çürkenip özümi özüm awladym,

Her gün "gelerle" ynamyna sepläp.


Gelseñ saña dillenerin söýgüden,

Muny aýtmagy men öz-özüme söz berdim.

Geläý-dä garaşyp süllerip giden,

Ýapraklary yzyñ bukmaga yrdym.


Hatda doýumlyja bakmadyk güneş,

Seniñ gelen günuñ ýaldyrap dogar,

Duşugymyza gabat gelen guş,

Bizleri görse-de görmedik bolar.


Dymar Asman aýtmaz Zemin hic kime,

Şemalam düşünmän özün dörjelär,

Biziñ duşuşyga şaýat bor diñe,

Islenmezden bagty çüwen birje gün.

      

                                            Guwanç Ballyýew

12
39
oa00
22.01.2024 00:42

Bir gün gelip senden gideýin diýdi,

Özümde barlygyn duýmadyk bagtym.

Men özgäny bagtly edeýin diýdi.

Şindi bir agyr söz diýmedik bagtym!


Jogap berdim: Bolýar gitseñ hoş onda.

Ötegçi şemaly saklanok baglar.

Gujagyndan guwlap gaýdýan derýany.

Goyberman, saklajak bolanok daglar.


Goý özgäni bagtly etsin.

Ýeri nätjek köñül kösgin bozulsa?

Özi göwnäp gitse, goý gitse gitsin.

Bir pursat egleme, bagtynam bolsa!!!


Awtor:Atamyrat Atabayyew

21
42
oa00
21.01.2024 09:53
Öldi diý!⚰
Bir gün senden sorasalar men hakda🙋‍♀️
"Men bilemok bir zatlar" boldy diý🤷‍♀️
Ýene gaýta-gaýta sorag berseler🙎‍♀️
"Meniñ birje sözüm üçin" öldi diý⚰

Ol näme söz? Sorasalar ýenede🤷‍♀️
"Ol durmuşdan geregini aldy" diý👌
"Bir meñ bilen bir ömür geçirmek😔
Bar islegi, bar arzuwy şoldy" diý🥀

"Ony däl-de arzuwlarymy saýladym❣
Ol hakynda pikirlerim söndi" diý😔
"Ýok-ýok gorkmañ ol entägem ýaşap ýör🙎‍♀️
Diri halda ömür baky" öldi diý.⚰
24
90
oa00
20.01.2024 00:46
Ýygyndylar

Mahal mahal dertden doly yüregim💔
Boş hyýalar bilen aldasym gelýär👄
Kalbymyñ gussasyn ýeñletmek üçin❣
Dünýäni unudyp aglasym gelýär🍂

Sen gitdiñ durmuşym gara tüm boldy🚶‍♀️
Hemişe gülleýän güllerim soldy🥀
Aý geçip sensizlige öwrenşen wagtym 😐
Sen geldiñ durmuşyma bagtsyz hem bagtym💔

Gitme janym gözlerimden uzaga 👀
Eger gitseñ däli bolup gezerin🤷‍♀️
Seniñ adyñ yüregimin töründe💓
Ahmyr söýýän diýip ýazaryn 💞

Alyp git ömrümiñ galan günini🍃
Indi sensiz görjek günüm galmasyn 🍂
Zynjyr bilen bagla ellim aýagym ⏳
Yzyñdan gitmäge halym galmasyn🚶‍♀️

Ýylgyrdym, geçmişi unudyp biraz😣
Hem özüm ýitirip, tolgundym aşa😔
Gara gözleriñe göni seredip🥀
Diýdim:Geliniñ bilen bagtly ýaşa💔
17
54
oa00
19.01.2024 08:05
Seni yzarlar👀
Alys ýodalara dikip nazarym,👀
Gitseñde gözlerim seni yzarlar👀
Özge ýodalarda galan ýüregim💔
Intizarlar bolup seni yzarlar👀

Enem-atam goýsa gutarmaz derde😔
Aglasamda derdim diñlenmez bärde😭
Bialac aglaýyp otyryp törde🙇‍♀️
Gelin bolan kalbym seni yzarlar👀

Aglaýyp derdimi döküp şapaga🌇
Ömrümem meñzeýä sary ýapraga🍂
Bir gün garylsamda mele topraga ⚰
Arman bolan söýgüm seni yzarlar👀

Şeýdip gelin bolsam söýmez kişime👰
Men durmuşa gümra sen öz işiñe👨‍🔧
Şonda da kamahal girip düýşüme😴
Hatda düýşlerimem seni yzarlar👀💔

Çyn söýgüde Leýli bolup biläýsem😔
Zöhre kimin yşk ýolunda öläýsem⚰
Bagtym çüwüp ýene dünýä geläýsem👼
Soñlanmadyk söýgüm seni yzarlar👀😔
16
35
oa00
18.01.2024 12:52

?

Näme boldy gözel? Galdyñmy yalñyz,😒

Indi señ derdiñe derman bolarmy?🤷‍♀️

Söygiñ zyndanyna atylan bolsañ,⚰

Zyndandan cykmana perman bolarmy?🗿


Peryat edip, çyksañ nirä gidersiñ?🌉

Dar geler dört diwar, ýola düşersiñ,⛺

Gülden güle gonar göçer yörersiñ,🥀

Eýesiz kalbyñy awlan bolarmy?💓


Boş geçer gündiziñ ukusyz gije,🌉

Çeken ahy nalañ bermez netije,😖

Ykbalyñ şum bolup atylsa bije,✉

Baş alyp çykmana halyñ bolarmy?😕


Aklyñdan azaşyp, seriñden geçseñ,🙄

Özüñi hasratyñ gujagna itseñ,🍂

Gark bolup yatlama saçyñy ütseñ,🏞

Geçen günleriñi dolap bolarmy?😔

                                                                🍃

15
35
oa00
17.01.2024 06:07
Hat
Haýsy  kitap ýary ýazylyp taşlanan,⛺
Okap başlan soñun alada etmezmi?!🤔
Ýaryndan soñ başgq tema başlasañ?🤔
Bu söýginiñ hi manysy ýitmezmi?!🤔

Dözmen diýip meni ozge ellere,🙌
Bilmändirin düşüripsiñ dillere,👄
Begenmesin seni ellimden alan,🤝
Bolar ol gyz üçin bu günler ýalan.👀

Göreşerin seni alaryn ellinden.🖐
Howa bolsañ geçirmerin deñimden.💨
Pikir etme netim saña ýar bolmak?👰
Küýüm pikrim diñe senden ar almak!🙇‍♀️
16
61