oa00
23.01.2024 12:07

Gel


Boş goýma ýollaýan salamlarymy,

Bolmanda jogapla tanyşlyk bilen.

Birje gezek gabatlaşyp bilýäñmi,

Maña özüñ bilmän ýalñyşlyk bilen.


Gelmeseñ men şeýlebir ýadadym,

Söýimi goşgulañ egnine ýükläp,

Çürkenip özümi özüm awladym,

Her gün "gelerle" ynamyna sepläp.


Gelseñ saña dillenerin söýgüden,

Muny aýtmagy men öz-özüme söz berdim.

Geläý-dä garaşyp süllerip giden,

Ýapraklary yzyñ bukmaga yrdym.


Hatda doýumlyja bakmadyk güneş,

Seniñ gelen günuñ ýaldyrap dogar,

Duşugymyza gabat gelen guş,

Bizleri görse-de görmedik bolar.


Dymar Asman aýtmaz Zemin hic kime,

Şemalam düşünmän özün dörjelär,

Biziñ duşuşyga şaýat bor diñe,

Islenmezden bagty çüwen birje gün.

      

                                            Guwanç Ballyýew

12
39
oa00
23 Yanwar 2024
@sazsoft, nahili🙄🙄
sazsoft
23 Yanwar 2024
@oa00, Ýok, men hemişekilerim ýaly iliň tersine. Iller bir zat boldy diýip gynanýar, men bolsa, hiç zat bolmady diýip 🙄
oa00
23 Yanwar 2024
@sazsoft, name boldy
sazsoft
23 Yanwar 2024
🥺
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.