oa00
28.01.2024 09:56
Ene gosgusy Berdinazar Hudaynazarow
Mahmal sähram sen bolup,
Bahar maňa bakanda,
Howlukmadym hiç zada,
Sen bar diýip jahanda.

Yrsaradym, näz etdim,
Betdim, Nähili betdim!
Hernä kejiňe gitdim,
Sen bar diýip jahanda.

Näme diýseň tapylýar,
Näme etsem hakym bar.
Boldum saňa hökümdar,
Sen bar diýip jahanda.

Ona ýetsemem çaga,
Ondan ötsemem çaga.
Wagtym ýok ulalmaga,
Sen bir diýip jahanda.

Ýogsam boýun alypdym,
Hemme zady bilipdim.
... A men Dünýä gelipdim,
Sen bar diýip jahanda.
20
11
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.