oa00
19.01.2024 08:05
Seni yzarlar👀
Alys ýodalara dikip nazarym,👀
Gitseñde gözlerim seni yzarlar👀
Özge ýodalarda galan ýüregim💔
Intizarlar bolup seni yzarlar👀

Enem-atam goýsa gutarmaz derde😔
Aglasamda derdim diñlenmez bärde😭
Bialac aglaýyp otyryp törde🙇‍♀️
Gelin bolan kalbym seni yzarlar👀

Aglaýyp derdimi döküp şapaga🌇
Ömrümem meñzeýä sary ýapraga🍂
Bir gün garylsamda mele topraga ⚰
Arman bolan söýgüm seni yzarlar👀

Şeýdip gelin bolsam söýmez kişime👰
Men durmuşa gümra sen öz işiñe👨‍🔧
Şonda da kamahal girip düýşüme😴
Hatda düýşlerimem seni yzarlar👀💔

Çyn söýgüde Leýli bolup biläýsem😔
Zöhre kimin yşk ýolunda öläýsem⚰
Bagtym çüwüp ýene dünýä geläýsem👼
Soñlanmadyk söýgüm seni yzarlar👀😔
16
35
susom
19 Yanwar 2024
@oa00, 🤗
oa00
19 Yanwar 2024
@susom, 😘😘
susom
19 Yanwar 2024
@oa00, mna haladym gowy ekn 👌
oa00
19 Yanwar 2024
@susom, Sulgunjemal Jumamyradowa
susom
19 Yanwar 2024
@oa00, awtory km
oa00
19 Yanwar 2024
Halamadynyzmy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.