numa
10.03.2023 10:18
😱😱😱GIJEKI ELHENÇLIK😱😱😱
Gije sagat 01:00. Oglanlar üýşüp kart oýnaýarlar. Olar Mergen, Çary, Nurmyrat we öý eýesi Merdan. Ahyry Çary dillenýär:
-Oglanlar, boldy edäýeliň, Merdanam dynjyny alsyn, ertir işine gitmelidir.
Hemmeler ony goldady:
-Boldy karty ýygnaşdyralyň diýdiler. Şol wagt Mergen penjireden olara seredip duran, bir zady gördi.
-Eý waý, o zat nämaý.
Oglanlar muňa ünsem bermediler.
-Hä Merik užas gördüňmi?
-Howwa, howwa, serediň diýip ol barmagyny penjirä uzatdy.
Oglanlar seretse ol ýerde hiç zadam ýokdy.
-Ýaňyjada bardy, birden ýitirim boldy.
Oglanlar gülüşdiler. Mergen utandy. Ýöne ýaňky elhenç zady görenligi hakykatdy. Oň daşaryk çykasy gelenokdy. Oglanlar Merdan bilen hoşlaşyp, daşaryk çykdylar. Mergeniň el-aýagy saňňyldaýardy. Olar üç bolup ýöräp barýardylar. Şonda Nurmyrat:
-Oglanlar, bu gün asman bulutly, tüm garaňky gije, men Size bir wakany gürrüň bereýin. Goňşymyz Anna pahyr 10 ýyl mundan öň edil şular ýaly gijede, dosty bilen, myhmançylykdan gelýän eken. Näme bolanyny hiç kimem bilenok, ýöne ertesi olary, jansyz ýagdaýda ýabyň içinden tapypdyrlar. Obaň ýaşulularynyň aýtmagyna görä, her 10 ýyldan bir elhenç ruh obaň adamlarynyň kastyna çykýan eken, bu günem şeýle gün öýdýän, "WÄÄÄÄÄÄÄÄÄ" diýip gygyrdy.
Mergeniň zähresi ýaryldy, öňem saňňyldap gelýän aýaklary oňa diýenini etmedi, oturyp galdy. Muňa Çary bilen Nurmyrat hezil edip güldüler.
-Turow dost, bizä saňa erkekmikä diýip ýörsek, sen-ä gutaran züwwetdin ekeniň diýip gülüp hezil etdiler. Şol wagt Çara Merdandan jaň geldi.
-Alo, gowumy Merdan.
Aňyrdan gorkunç, eýmenç ses geldi:
-Indi Merdan ýok, basym Sizem bolmarsyňyz, men häzir Siziňem ýanyňyza barýaryn. Şeý diýip telefon öçdi. Merdany yzyna jaň etdi. Oň eli öçürlen. Nurmyrat:
-Eýgilikmi Çary, Merdan näme diýýär?
-Ol Merdan däl, ol Merdan däl. Çary aljyrap özüni ýitirip ugrady.
-Näme boldy, kim ol?
-Ol Merdan däl, oň sesi telefondan çykmady, meň gulagymyň içinde ýaňlandy, bu şol elhenç ruh, ol häzir biziň ýanymyza gelýär.
-Aý dost, hiç hili ruh ýok how, ikiňize näme bolýar düşünmedim.
Şol wagt bir nätanyş el Nurmyradyň boýnundan sypalap geçdi. Yzyna seretse hiç kim ýok. Nurmyradyň ýüzi ak tam boldy.
-Oglanlar şol ruh diýýäniňiz eýýäm şu taýda, ol maňa elini degirdi, oň buz ýaly eliniň yzy entegem boýnumdan gidenok.
Oglanlaryň üçisem bir ýere jemlendi. Mergen:
-Indi näderis oglanlar diýip aglamaga durdy. Oň agysyna Çary bilen Nurmyradam goşuldy. Seretseler aňyrdan Merdan gelýär, üst-başy gan. Nurmyrat oň öňünden çykdy, seretse Merdanyň gözleriniň garajygy ýok, gözi tutuşlygyna ak bolup dur. Gelşine gorkunç ses bilen:
-Sizem meň bilen gidersiňiz diýip özüni Nurmyradyň üstüne atdy, Nurmyrat ýykyldy, ýatan ýerinde gygyryp başlady:
-Oglanlar kömek ediň bu Merdan däl, bu şol ýowuz ruh.
Oglanlaň ikisem ylgap gaçyp gitdi. Yzlaryndan Nurmyradyň zaryn sesi ýaňlanyp durdy. Olar şeýle bir ylgaýardylar. Ahyryn Nurmyradyň sesi ýatdy. Şol barşyna Çaram büdüräp ýykyldy. Mergen bolsa şol ylgap barýardy. Çary oň yzyndan gygyrdy:
-Mergen, ol gorkunç zat meni heläk edýär, kömek edäýdä dost. Mergen bu sözleri eşitsede yzyna gaýtmaga ýüregi etmeýärdi, Şol barmana ol bir öýüň howlusyna girdi. Bat bilen gapyny urup başlady.
-Kömek ediň, kömek ediň.
Emma ýüregi hälki elhenç zadyň ýakynlaýandygyny duýýardy. Birdenem içerde yşyk ýandy. Ol begenjine gapyny has batlyrak urdy, göwnüne jaýa girip ýetişmejek ýalydy. Gapy açyldy. Ol begenjine içerik uçup girdi. Seretse garşysynda şol penjirede gören ýowuz mahlugy durdy.
SOŇY
15
355
numa
04.03.2023 07:34
1. Alnanda gara reňkli, ulanylanda gyzyl, ulanylyp bolandan soň çal reňkli. Bu zat näme?
2. 4 sany dost boş awtobusa mündüler. Duralgada awtobusa ýene 2 adam mündi. Soňky duralgada awtobusdaky hemme adamlar düşdüler. Eger düşen adamlaryň sany 5 bolsa we awtobusda adam galmadyk bolsa, 1 adam nirä gitdi?
3. Kagyzyň galyňlygy 0,1 mm. Ony 50 gezek eplesek, kagyzyň galyňlygy näçe bolar?
4. Dünýäde iň köp satylýan oynawac näme?
5. Dünýäde iň köp ogurlanýan azyk önüm näme?
6. Eger çopanyň 17 sany goýny bar bolsa, olaryň sanysy agyr kesellän bolsa we galanlary ölen bolsa, çopanda näçe sany diri goýun galdy?
7. Ol zat size degişli, ýöne başgalar ony sizden köp ulanýar. Ol zat näme?
8. Jerenler 5 sany dogan. Olaryň atlary: 1-nji Jemal, 2-nji Jennet, 3-nji Jemşit, 4-nji Jeýran, 5-nji kim?
9. Ý, .., M, A, M, I, I, A, S, O, N, D. Galdyrylan harp haýsy?
10. Aç garna näçe sany ýumurtga iýip bolar?
12. Gara pişigiň öýe girmegi üçin iň amatly gün haýsy gün?
13. Köçede birinden ýaşyň näçe diýip soralanda: "Ýene 13 ýyldan, 2 ýyl mundan öňki ýaşymyň 4 essesini ýaşaýan" diýip jogap berdi. Ol häzir näçe ýaşynda?
14. Meni köplenç altyna deňeýärler we men köp ýagdaýlarda baş alyp çykmagy başarýaryn. Eger sen meniň adymy aýtsaň men ýitirim bolaryn. Men kim?
5
650
numa
01.03.2023 13:11
01-nji mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama.♒♓⛎♑♐♏♎♍♌♋♊♉
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Şu günki täleýnama size adaty günüň boljakdygyny aýdýar. Erbet niýetlileriň päsgelçilikleri we agressiýasy ähtimal. Maşgala gatnaşyklarynda kynçylyklar hem bolup biler. Sizde agressiwligiň juda ýokarlanmagy ýakyn adamyňyzyň göwnüne degmegiňize sebäp bolup biler. Öz gaharyňyzy saklanmaga synanyşyň, çünki bigünä adamlara hem zyýan berip bilersiňiz.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün töwerekdeki adamlara nägilelik, duýgurlyk, gyzgyn, täze we gowy pikirleriň gelmegi bilen tapawutlanyp bilner. Garaşylmadyk gapma-garşylyk bolup biler, ýöne agressiýadan, nägilelikden we gahar-gazapdan dynsaňyz, meseleleriň ählisi tiz çözüler. Çykdajylaryňyza gözegçilik etmeli bolarsyňyz – garaşylmadyk maddy çykdajylar bolup biler.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Jemgyýetçilik ýagdaýyňyzyň we maddy derejäňiziň durnuklylygy şübheli bolmaly däldir. Bu gün täze, gyzykly teklipleri almagyňyz mümkin. Jöwzalar geljegi barada köp alada ederler. Olar bu gün şowlulyga we ýeňişe ynanmaz we orta, adaty ýoly saýlarlar.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Işjeň gün. Häzirki wagtda çözülmedik meseleler hemişe özlerini ýatladar we aýgytly herekete itergi berer. Hyzmatdaşlaryňyza we ýakynlaryňyza meýilnamalaryňyz barada habar bermeli däl, olar düşünip bilmezler ýa-da makullamazlar. Günüň ikinji ýarymynda halaýan zadyňyzy edip biraz wagt ünsüňizi sowup bilersiňiz, ýöne şonda-da keserip duran meseleleri ýatdan çykarmaly däl.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Iş boýunça syýahat etmek, maýa goýum goýmak, kärhanaňyzy giňeltmek üçin amatsyz gün. Bu gün garaşylmadyk erbet habary eşitmäge taýyn boluň. Döredilen meseleleri çözmek üçin diňe bir janlylygyň we şahsy güýjüň ýeterlik däldigini duýup bilersiňiz. Emma bu wagtlaýyn duýgudyr.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Özüňize gödek çemeleşiň. Bu gün özüňizi tankytlamak üstünlige ýetmegiň iň oňat serişdesidir. Öň ýatdan çykaryp başlan geçmişdäki meseleleriňiziň öňüňizden çykmagy bilen durmuşyňyz üýtgeşmelere sebäp bolmagy mümkin. Bolýan zatlara düýpli baha bermek zerur. Bu ýagdaýda käbir üýtgeşmeler girizmek we pozisiýaňyzy berkitmek aňsat bolar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün gymmatlyklara täzeden baha bermek bilen belleniler. Işewürligi we şahsy durmuşy ösdürmegiň täze tapgyry mümkin. Esasy we ikinji derejäni kesgitläniňizden soň, özüňizi alyp barşyňyzyň dogry ýoluny tapyp bilersiňiz. Köp mizanlar duýgularyň arassalanmagyny we täzelenmegini başdan geçirerler.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün durmuşyňyzy düýpgöter üýtgedip bilersiňiz. Möhüm üýtgeşmelere taýyn boluň. Romantiki başdan geçirmeler hem başlanylyp biliner. Hiç haçan eden işleriňize ökünmersiňiz, sebäbi ýanyňyzda ygtybarly adam bolar. Netijede, fiziki we akyl taýdan özüňizi has gowy duýarsyňyz.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün ýakymly işler we pursatlar size garaşýar. Ähli meseleleri üstünlikli tamamlap bilersiňiz, sebäbi planetalaryň ýagdaýy muňa goşant goşar. Agşam asudalygy we parahatlygy wada berýär. Arkaýynlygy, adatdan daşary howpsuzlygy we öz güýjüňize ynam duýarsyňyz. Çagalaryňyz bilen aragatnaşyk öz çagalyk döwrüňizdäki ýatlamalaryňyzy janlandyrar.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Ýakyn adamyňyzdan ýakymsyz habarlar, heläkçilikler we keseller bolmagy ähtimal. Maşgala gatnaşyklaryňyz biraz bulaşyp biler. Munuň öňüni almak üçin eliňizden gelenini etmeli bolarsyňyz. Has ýumşak we pespäl boljak boluň.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Başlangyçlar üçin gowy gün däl, sebäbi olaryň netijeleri size ýakymsyz bolup biler. Ýaltalyk etmek we töwekgelçilik etmek maslahat berilmeýär. Möhüm zatlary başga güne süýşüriň. Dostlar, garyndaşlar, çagalar sizden kömege we goldawa garaşýarlar.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün özüňizi başga, has gowy tarapdan görkezmegiň, täzeçillik etmegiň güni. Daş keşbiňizi oňaýly üýtgediň, erbet häsiýetleriňize garşy çynlakaý göreşiň. Erbet endiklerden, buýsançdan we ulumsylykdan dynmak maslahat berilýär
13
300