numa
10.03.2023 10:18
😱😱😱GIJEKI ELHENÇLIK😱😱😱
Gije sagat 01:00. Oglanlar üýşüp kart oýnaýarlar. Olar Mergen, Çary, Nurmyrat we öý eýesi Merdan. Ahyry Çary dillenýär:
-Oglanlar, boldy edäýeliň, Merdanam dynjyny alsyn, ertir işine gitmelidir.
Hemmeler ony goldady:
-Boldy karty ýygnaşdyralyň diýdiler. Şol wagt Mergen penjireden olara seredip duran, bir zady gördi.
-Eý waý, o zat nämaý.
Oglanlar muňa ünsem bermediler.
-Hä Merik užas gördüňmi?
-Howwa, howwa, serediň diýip ol barmagyny penjirä uzatdy.
Oglanlar seretse ol ýerde hiç zadam ýokdy.
-Ýaňyjada bardy, birden ýitirim boldy.
Oglanlar gülüşdiler. Mergen utandy. Ýöne ýaňky elhenç zady görenligi hakykatdy. Oň daşaryk çykasy gelenokdy. Oglanlar Merdan bilen hoşlaşyp, daşaryk çykdylar. Mergeniň el-aýagy saňňyldaýardy. Olar üç bolup ýöräp barýardylar. Şonda Nurmyrat:
-Oglanlar, bu gün asman bulutly, tüm garaňky gije, men Size bir wakany gürrüň bereýin. Goňşymyz Anna pahyr 10 ýyl mundan öň edil şular ýaly gijede, dosty bilen, myhmançylykdan gelýän eken. Näme bolanyny hiç kimem bilenok, ýöne ertesi olary, jansyz ýagdaýda ýabyň içinden tapypdyrlar. Obaň ýaşulularynyň aýtmagyna görä, her 10 ýyldan bir elhenç ruh obaň adamlarynyň kastyna çykýan eken, bu günem şeýle gün öýdýän, "WÄÄÄÄÄÄÄÄÄ" diýip gygyrdy.
Mergeniň zähresi ýaryldy, öňem saňňyldap gelýän aýaklary oňa diýenini etmedi, oturyp galdy. Muňa Çary bilen Nurmyrat hezil edip güldüler.
-Turow dost, bizä saňa erkekmikä diýip ýörsek, sen-ä gutaran züwwetdin ekeniň diýip gülüp hezil etdiler. Şol wagt Çara Merdandan jaň geldi.
-Alo, gowumy Merdan.
Aňyrdan gorkunç, eýmenç ses geldi:
-Indi Merdan ýok, basym Sizem bolmarsyňyz, men häzir Siziňem ýanyňyza barýaryn. Şeý diýip telefon öçdi. Merdany yzyna jaň etdi. Oň eli öçürlen. Nurmyrat:
-Eýgilikmi Çary, Merdan näme diýýär?
-Ol Merdan däl, ol Merdan däl. Çary aljyrap özüni ýitirip ugrady.
-Näme boldy, kim ol?
-Ol Merdan däl, oň sesi telefondan çykmady, meň gulagymyň içinde ýaňlandy, bu şol elhenç ruh, ol häzir biziň ýanymyza gelýär.
-Aý dost, hiç hili ruh ýok how, ikiňize näme bolýar düşünmedim.
Şol wagt bir nätanyş el Nurmyradyň boýnundan sypalap geçdi. Yzyna seretse hiç kim ýok. Nurmyradyň ýüzi ak tam boldy.
-Oglanlar şol ruh diýýäniňiz eýýäm şu taýda, ol maňa elini degirdi, oň buz ýaly eliniň yzy entegem boýnumdan gidenok.
Oglanlaryň üçisem bir ýere jemlendi. Mergen:
-Indi näderis oglanlar diýip aglamaga durdy. Oň agysyna Çary bilen Nurmyradam goşuldy. Seretseler aňyrdan Merdan gelýär, üst-başy gan. Nurmyrat oň öňünden çykdy, seretse Merdanyň gözleriniň garajygy ýok, gözi tutuşlygyna ak bolup dur. Gelşine gorkunç ses bilen:
-Sizem meň bilen gidersiňiz diýip özüni Nurmyradyň üstüne atdy, Nurmyrat ýykyldy, ýatan ýerinde gygyryp başlady:
-Oglanlar kömek ediň bu Merdan däl, bu şol ýowuz ruh.
Oglanlaň ikisem ylgap gaçyp gitdi. Yzlaryndan Nurmyradyň zaryn sesi ýaňlanyp durdy. Olar şeýle bir ylgaýardylar. Ahyryn Nurmyradyň sesi ýatdy. Şol barşyna Çaram büdüräp ýykyldy. Mergen bolsa şol ylgap barýardy. Çary oň yzyndan gygyrdy:
-Mergen, ol gorkunç zat meni heläk edýär, kömek edäýdä dost. Mergen bu sözleri eşitsede yzyna gaýtmaga ýüregi etmeýärdi, Şol barmana ol bir öýüň howlusyna girdi. Bat bilen gapyny urup başlady.
-Kömek ediň, kömek ediň.
Emma ýüregi hälki elhenç zadyň ýakynlaýandygyny duýýardy. Birdenem içerde yşyk ýandy. Ol begenjine gapyny has batlyrak urdy, göwnüne jaýa girip ýetişmejek ýalydy. Gapy açyldy. Ol begenjine içerik uçup girdi. Seretse garşysynda şol penjirede gören ýowuz mahlugy durdy.

SOŇY
15
355
angelface
18 Iýul 2023
Yene goyayda gaty govy
numa
29 Mart 2023
Onada ynanyp okayanyzmyBoydaş,
numa
29 Mart 2023
Bu zatlar yone oylap tapylan erteki
Boydaş
29 Mart 2023
Estafurullah sularyaly zatlary goymañ slaba adamlaram okayalar olar erbet bolyalar goymañ.
Myhman Myhman
14 Mart 2023
Gowy ekeni yene koprak goyayyn
Myhman Myhman
10 Mart 2023
Corkynç
Myhman Myhman
10 Mart 2023
Gyzyklyy😍
Myhman Myhman
10 Mart 2023
Beýle gorkynç zatlary goýmaly dàlà durmyşda bolýan zatlary goýsañyz gowy bolardy
lalahan
10 Mart 2023
Men okamak gaty gorman
melek06
10 Mart 2023
Gyzykly 👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.