numa
12.03.2023 14:19
13 nji mart täleýnama.
♈♉♊♋♌♍♎♏♐♑♒♓
Hamal (21.03 — 20.04)
Bu gün ençeme wagt bäri sizi aladalandyrýan möhüm meselä çözgüt taparsyňyz. Şonuň üçin-de günüň ikinji ýarymynda özüňizi juda rahat, asuda duýup bilersiňiz.

Sowur (21.04 — 20.05)
Sowurlar günüň dowamynda käbir ýagdaýlara düýpli göz ýetirerler. Gürleşip durkaňyz, size ýalan sözlän tanşyňyz öz sözünde tutular. Emma siz ony utandyrmaň. Şonsuzam ol eden işine öküner.

Jöwza (21.05 — 21.06)
Özüňiz hakda köpräk pikirleniň. Durmuşyňyzda, maşgalaňyzda parahatçylygy gazanmak üçin eliňizden gelenini ediň.

Seretan (22.06 — 22.07)
Bu gün başgalaryň pikirlerine eýerip iş etmäň. Ýyldyzlar size öz duýgularyňyza, akyl güýjüňize daýanyp hereket etmegi maslahat berýär.

Eset (23.07 — 23.08)
Bu gün täze taslamalaryňyzda üstünlik gazanmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna düşünersiňiz. Häzir durmuşyňyzda maksatlaryňyza ýetmek üçin ähli şertler bar, indi size diňe batyrlyk bilen işe başlaýmak galýar.

Sünbüle (24.08 — 23.09)
Bu günki karýeraňyzda uly üstünlikler garaşýar. Täze iş tekliplerini almagyňyz mümkin. Şeýle bolsa-da şahsy durmuşyňyzda düýpli üýtgeşmelere garaşmaň.

Mizan (24.09 — 23.10)
Bu günki pikirleriňiz sizi gündelik işiňizden daşlaşdyrar. Özbaşyna taýýarlyksyz hereket etmekden saklanyň. Wagtyňyzy peýdaly zatlara sarp ediň.

Akrap (24.10 — 22.11)
Siz şu wagt dogry ýolda. Muny özüňiz hem bilýärsiňiz. Size görübilmezçilik edýän adamlar bar. Olaryň gepine gidip, ýalňyş hereket etmekden saklanyň.

Kowus (23.11 — 21.12)
Daşyňyzdan sizi synlap ýörenler bar. Bu gün özüňizi has sowukganly, has parasatly alyp baryň. Pikirleriňize, aýdýan sözleriňize dykgat ediň.

Jedi (22.12 — 20.01)
Bu gün mylakatlylygy, mähirliligi ýörelge ediniň. Bu gylyk-häsiýet sizi töweregiňizdäkiler bilen gowy ysnyşdyrar. Köp gürlemek endiginiň adamlary samsyk görkezýändigini ýadyňyzdan çykarmaň.

Daluw (21.01 — 20.02)
Bu gün maliýe meselelerini çözmek üçin iň amatly gündir. Durmuşdaky düzgünleri we çäklendirmeleri äsgermezlik etmäň.

Hut (21.02 —20.03)
Bu gün size has önjeýli işlemek maslahat berilýär. Çünki juda gysga wagtda ýerine ýetirilen ähli işler üçin sylaglanarsyňyz.
5
231
numa
13 Mart 2023
200 kilolyk kim ölćenjek
numa
13 Mart 2023
haýtgül,mende bar
haýtgül
13 Mart 2023
Terezi yoga
Myhman Myhman
12 Mart 2023
numa ay bolya çykyan bolsa bolya
numa
12 Mart 2023
PEyyam 2 si cykdy koki namow 😉Myhman Myhman,
atakulyyewa_humay
12 Mart 2023
Akyl dişi barada giňişleýin bilmek isleseň ArslanYazly-nyň 01.10.2022-nji ýylda goýan postunda okap öwrenip bilersiň!
Myhman Myhman
12 Mart 2023
14 15 yashlarda kokler peyda bolup bashlaya
numa
12 Mart 2023
Hichili agyry zat bolmady suwagta cenli 🤔🤔🤔
numa
12 Mart 2023
Men 18 yasymda eyyam 2 si cykdy. Yene ikisi ujy cykyp dur gen gordimda ir cykanyna
nuryyewagulshat
12 Mart 2023
25 йашда чыкды менка
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.