Karantin sebäpli ýapylan mekdebiň direktoryna Bike daýzadan hat geldi: «Meniň agtyklarym öýde onlaýn režimde okuw okaýarlar. Şu sebäpli mekdep ýolbaşçylaryndan maňa remont, tutular we mebel üçin pul geçirmeklerini talap edýärin!»
***
Hormatly goňşular! Haýyş, musorlarymy ogurlamaň! Menem köçä çykmak isleýän ahyryn!
***
Karantin asla içgysgynç däl. Ýöne meni başga zat oýlandyrýar. Näme üçin bir paketdäki 1 kg tüwi – 2789 däne, a ikinjisinde – 2804 dänekä?!
***
Biznes motiwasiýa: öz biznesiňi gurmasaň, ömrüň ötinçä budilnik gurmaly bolarsyň.
*****
You Tube-da hezil edip reklama görjek bolýan welin, arasyna kino giräýýär-dä…
*****
Kiçi zatlara begenip ýaşamagy öwrenmeli. Meselem: aýlyk.
*****
Uborka etmegiň yzgiderligi:
Tekjeleri süpürmek.
Köne suratlary tapmak we 3 sagatlap görmek.
Ýadap, goýbolsun etmek.
*****
Öýe täze gap-gaçlary almaly. Ýa-da öňküleri ýuwmaly.
*****
Gyzlar bilen üýşenimizde “Buýruk ýa-da hakykat” oýnadyk. Gyzykly bolsun diýip “buýruk” saýladym. Öýüňe git diýdiler. Gaty agyr degdi…
*****
Şu durmuşyň maňa beren yekeje plýus zady bar, olam gan toparym.