nepesowna
20.10.2023 21:12

Käbir adamlar ýalan sözlemäne utanmaýarlar, biz bolsa olara "sen ýalan sözleýäň" diýmäne utanýas.

31
102
nepesowna
19.10.2023 08:14

Ýekeje söz seniň pikiriňi üýtgedip biler, ýekeje duýgy seniň durmuşyňy üýtgedip biler, ýekeje adam bolsa bütin seni üýtgedip biler.

23
69
nepesowna
18.10.2023 08:06

Dünýäň bar derýasy seniň adyňda,

Iňrigi, şapagy, ýagyşy, gary,

Meniň yhlas eden zatlarmyň bary -

Seniň adyňda,

Seniň adyňda.


Ýüzüni öpenim,

Tohum sepenim,

Bu dünýäde ýitirenim, tapanym,

Topragym!

Gam-gussam seniň adyňda.


Sen bolmasaň, oňat bordy dogmanym,

Sen bolaňsoň, bu giň dünýä sygmanym,

Tylla gyryndysy edip ýygnanym

Namysym, mertebäm -

Seniň adyňda.


Seniň päk adyňda görki bu dünýäň,

Ylaýym sarsmasyn örki bu dünýäň.

Dünýäniň mukaddes ähli zadyny

Jemläňden soň,

Seň ajaýyp adyňy

Bir ullakan wysal,

Uly ynam dek,

Doga kimin gaýtalaýan her gezek.



G. Ezizow_🍁

18
31
nepesowna
16.10.2023 11:11

Elýetmez ýyldyzlara gözellik hökmünde seredýän adamlar, köplenç, aýak astyndaky ajap güller barada unudýarlar.

22
71
nepesowna
15.10.2023 11:08

Baýramgül synpymyzda uzyn boýly, owadan, dogumly hem degişgen gyzdy. Sapaklaryna-da ökdedi. Ol bu häsiýetleri bilen beýleki gyzlardan saýlanyp duransoň, synpymyzyň oglanlaryny özüne bakdyrardy. Şol döwür aşyk bolup, hat ýazanlary-da bolupdyr. Ýöne Baýramgül olaryň hatyna jogap bermändir. Men ýygradym, oglanlara känbir goşulmazdym. Diňe okuwym bilen bolardym.

Onunjy synpda okaýan wagtymyz bir gün Baýramgül meniň orta mekdepden soň nirä okuwa girjegim bilen gyzyklandy. Paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birinde okuwymy dowam etdirmek arzuwymyň bardygyny aýdanymda: " Bileje okarys" diýip, köp manyly ýylgyrdy. Soňra suratynyň arkasyna hoş sözleri ýazyp, ýadygärlik berende, men synpdaş gyzymyň özüme bolan garaýşynyň ýöne ýere däldigini duýup ugradym. Onda-da açyk bir zat diýip bilmedim.

Okuwa synanyşygym başa barmansoň, harby gulluga ugradym. Ol döwürler alys ýurtlarda gulluk edilerdi. Enem-atam bilen iki ýyllap diňe hat aragatnaşygyny sakladyk. Olar obanyň täzelikleri barada ýazardylar. Baýramgül barada hernäçe gyzyklansam-da, soramaga çekinerdim. Özüne hat ýazmagy hem gelşiksiz saýyp, harby gullugyň basym tamamlanmagyna garaşdym. Alys ýurtdan dogduk mekanymyza ugranymda begenjimden aýaklarym ýere ilmeýän ýalydy. Kalbymy Baýramgül baradaky ýakymly duýgular, umyt-arzuwlar baglapdy. Oba gelip ol baradaky habarlary eşitdim. Eşitdimem, gözümi bir nokada dikip, doňup galdym. Baýramgüli durmuşa çykarypdyrlar. Şeýle dogumly gyzyň ykbalyna kaýyl bolanyna haýranlar galdym.

Menem enem-atamyň saýlan gyzyna öýlendim. Ýöne synpdaş gyzy welin, hiç ýadymdan çykaryp bilmedim. Okuwy tamamlanymyzyň bäşýyllygy mynasybetli mekdepde geçirilen duşuşykda men ony gördüm. Öňki Baýramgülden nam-nyşan galmandyr. Horlanyp, gözleri çöküp gidipdir. Ol gamgyn hem sussupes görünýärdi. Amatly pursady gözläp, men onuň bilen gürleşdim. Ol menden nägileligini gizläp durmady. Söz aýdaryma, harby gullukdan hat ýollaryma garaşandygyny aýtdy. Garşa guda bolup, gelnejesiniň agasyna çatylandygyny aýdanda, Baýramgüliň gözleri ýaşdan doldy. Men sesimi çykarman durdum. Dagy näme edeýin?! Bar günä mende. Ýygralygym, utanjaňlygym bilen men oňa ýüregimdäki söýgini açyp bilmedim. Häli-şu güne çenli akyl ýetirip bilemok. Ýazgytmy, bu?! Ýa-da...


Gurban Gurbanow

26
131
nepesowna
14.10.2023 09:29

' sen... "

' diňe sen... "

' ýene sen... "

' hemişe sen... "

' bilýäňmi sen... "

' sebäbi sen... "

' Telefonum meň📱😍🤣 "

28
274
nepesowna
12.10.2023 09:17

"Gül ýaly" diýiň


Dünýe ýaşanyňa deger,

Allaň beren ömrün söýüň.

Duşmany ýylgyryş ýeňer,

"Hemme zat gül ýaly" diýiň.


Pul islän, dostdan gönenmez,

Ýolun ýitiren gönelmez.

Gussaňa aýlyk tölenmez,

"Hemme zat gül ýaly" diýiň.


Içiňden habar - ses-üýnüň,

Goý, gaýgy bolsun ýesiriň.

Ýitmesin şatlyk nesibiň,

"Hemme zat gül ýaly" diýiň.


Dost saýma duşan her kimi,

Aýtma syryňy, şertiňi...

Namart bilmesin derdiňi,

"Hemme zat gül ýaly" diýiň.


Mertlik, güýjüdir gerçegiň,

Päliňe görä geljegiň.

Alla kem etmez berjegin,

"Hemme zat gül ýaly" diýiň.


Kerim Hally

23
89
nepesowna
11.10.2023 00:37

- Dost sen nädip hemişe şadyýan?

+ Sebäbi, men meniň bilen kejeleşmek isleýänlere mydama " seňki dogry " diýip gezýän.

- Ýöne munyň ýalňyş.

+ Seňkem dogry...

24
163
nepesowna
10.10.2023 08:15

Bir akyldardan sorapdyrlar: " Döwülen ýürek ýene söýüp bilermi? "

Akyldar " Hawa " diýipdir...

Adam: " Bolýa, ýöne siz hiç döwülen bulgurdan suw içdiňizmi? "

Akyldar: " Bulgur döwüldi diýip sen suw içmekden ýüz döndürdiňmi?... "

28
85
nepesowna
08.10.2023 15:44

8 manada taksa mündim. Düşemde 10-lyk uzatdym. " Bölegim ýok " diýdi.

" 2 manatlyk ýene sür " diýdim. Şuwagt yzyma ýöräp barýan. Hiç kime hakymy iýdirmeýän men. 😎😅


•••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••


" Toý edä ýaşyň gidip barýa " diýäler. Hamana toý edeňsoň ýaşyň durýan ýaly 🤦🏻‍♀️🤣🤣


•••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••


- Doktor, men eşek ýaly işleýän, sygyr ýaly iýýän, it ýalam ýadaýan. Näme etsemkäm?

- Aý bilmedimdä men mal dogtor däl..😅


••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••


Merdan öýüne gije sagat 2-de gelýä. Aýaly sagady görkezip diýýä:

- näme üçin öýe giç geldiň?

Merdan:

- sen şükür et entägem maňa sagady görkezýäň. Öýlenmäkäm öýe giç gelemde ejem maňa kalendary görkezýädi.


••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••


Awtobusdan düşýäkäler biri...

Ýa Rabbim diýipdir,

Ýene biri ýa Allah diýipdir,

Beýlekisi ýa Pirim diýipdir.

Bir ors bar ekende olam ýa Andreý diýip düşüp gidipdir 😄😄


•••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••


Gyzlara düşünmek kyn 😉

Düşündirmek wapşede kyn 🤪😜


•••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••


Eli gijeýä pul düşjekmiş 👐

Aýagy gijeýä bir ýerik gitjekmiş 🦶

Gulagy gijeýä biri ýatlaýamyş 👂

Garaz kirlänini boyun aljakdäldä😂😂


•••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••


Näme üçin adamda aşgazan bar welin, mantygazan ýok🤔😁

28
230