Baýramgül synpymyzda uzyn boýly, owadan, dogumly hem degişgen gyzdy. Sapaklaryna-da ökdedi. Ol bu häsiýetleri bilen beýleki gyzlardan saýlanyp duransoň, synpymyzyň oglanlaryny özüne bakdyrardy. Şol döwür aşyk bolup, hat ýazanlary-da bolupdyr. Ýöne Baýramgül olaryň hatyna jogap bermändir. Men ýygradym, oglanlara känbir goşulmazdym. Diňe okuwym bilen bolardym.
Onunjy synpda okaýan wagtymyz bir gün Baýramgül meniň orta mekdepden soň nirä okuwa girjegim bilen gyzyklandy. Paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birinde okuwymy dowam etdirmek arzuwymyň bardygyny aýdanymda: " Bileje okarys" diýip, köp manyly ýylgyrdy. Soňra suratynyň arkasyna hoş sözleri ýazyp, ýadygärlik berende, men synpdaş gyzymyň özüme bolan garaýşynyň ýöne ýere däldigini duýup ugradym. Onda-da açyk bir zat diýip bilmedim.
Okuwa synanyşygym başa barmansoň, harby gulluga ugradym. Ol döwürler alys ýurtlarda gulluk edilerdi. Enem-atam bilen iki ýyllap diňe hat aragatnaşygyny sakladyk. Olar obanyň täzelikleri barada ýazardylar. Baýramgül barada hernäçe gyzyklansam-da, soramaga çekinerdim. Özüne hat ýazmagy hem gelşiksiz saýyp, harby gullugyň basym tamamlanmagyna garaşdym. Alys ýurtdan dogduk mekanymyza ugranymda begenjimden aýaklarym ýere ilmeýän ýalydy. Kalbymy Baýramgül baradaky ýakymly duýgular, umyt-arzuwlar baglapdy. Oba gelip ol baradaky habarlary eşitdim. Eşitdimem, gözümi bir nokada dikip, doňup galdym. Baýramgüli durmuşa çykarypdyrlar. Şeýle dogumly gyzyň ykbalyna kaýyl bolanyna haýranlar galdym.
Menem enem-atamyň saýlan gyzyna öýlendim. Ýöne synpdaş gyzy welin, hiç ýadymdan çykaryp bilmedim. Okuwy tamamlanymyzyň bäşýyllygy mynasybetli mekdepde geçirilen duşuşykda men ony gördüm. Öňki Baýramgülden nam-nyşan galmandyr. Horlanyp, gözleri çöküp gidipdir. Ol gamgyn hem sussupes görünýärdi. Amatly pursady gözläp, men onuň bilen gürleşdim. Ol menden nägileligini gizläp durmady. Söz aýdaryma, harby gullukdan hat ýollaryma garaşandygyny aýtdy. Garşa guda bolup, gelnejesiniň agasyna çatylandygyny aýdanda, Baýramgüliň gözleri ýaşdan doldy. Men sesimi çykarman durdum. Dagy näme edeýin?! Bar günä mende. Ýygralygym, utanjaňlygym bilen men oňa ýüregimdäki söýgini açyp bilmedim. Häli-şu güne çenli akyl ýetirip bilemok. Ýazgytmy, bu?! Ýa-da...
Gurban Gurbanow