nepesowna
18.10.2023 08:06

Dünýäň bar derýasy seniň adyňda,

Iňrigi, şapagy, ýagyşy, gary,

Meniň yhlas eden zatlarmyň bary -

Seniň adyňda,

Seniň adyňda.


Ýüzüni öpenim,

Tohum sepenim,

Bu dünýäde ýitirenim, tapanym,

Topragym!

Gam-gussam seniň adyňda.


Sen bolmasaň, oňat bordy dogmanym,

Sen bolaňsoň, bu giň dünýä sygmanym,

Tylla gyryndysy edip ýygnanym

Namysym, mertebäm -

Seniň adyňda.


Seniň päk adyňda görki bu dünýäň,

Ylaýym sarsmasyn örki bu dünýäň.

Dünýäniň mukaddes ähli zadyny

Jemläňden soň,

Seň ajaýyp adyňy

Bir ullakan wysal,

Uly ynam dek,

Doga kimin gaýtalaýan her gezek.



G. Ezizow_🍁

18
31
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.