nepesowna
12.10.2023 09:17

"Gül ýaly" diýiň


Dünýe ýaşanyňa deger,

Allaň beren ömrün söýüň.

Duşmany ýylgyryş ýeňer,

"Hemme zat gül ýaly" diýiň.


Pul islän, dostdan gönenmez,

Ýolun ýitiren gönelmez.

Gussaňa aýlyk tölenmez,

"Hemme zat gül ýaly" diýiň.


Içiňden habar - ses-üýnüň,

Goý, gaýgy bolsun ýesiriň.

Ýitmesin şatlyk nesibiň,

"Hemme zat gül ýaly" diýiň.


Dost saýma duşan her kimi,

Aýtma syryňy, şertiňi...

Namart bilmesin derdiňi,

"Hemme zat gül ýaly" diýiň.


Mertlik, güýjüdir gerçegiň,

Päliňe görä geljegiň.

Alla kem etmez berjegin,

"Hemme zat gül ýaly" diýiň.


Kerim Hally

23
89
lale090
12 Oktýabr 2023
@lale090, we "hemme zat gül ýaly"😊
lale090
12 Oktýabr 2023
@lale090, we "hemme zat gül ýaly"😊
lale090
12 Oktýabr 2023
Durmuşyň gadyryny ölüm burnuňyzyň düýbine ýetende bilersiňiz. Şol ýetmäkä biliň gadryny. Durmuşdan lezzet almaga çalşyň😊😇
alma___
12 Oktýabr 2023
Şonda-da baky dünýä öz islegiň bilen gidesiň gelmeýä bu dünýäniň gadryny bilmek gerek
tmyigit76
12 Oktýabr 2023
@indi, dünýä ýalan. Öz ýalanlary bilen aldaýa. Biziň durmuşyň gyzykly ýöne peýdasyz zatlaryna güýmenýäs
alma___
12 Oktýabr 2023
@tmyigit76, näme üçin
tmyigit76
12 Oktýabr 2023
Birinji bentde şahyr ýalňyşyldyr. Bü ýalan dünýäni söýmeli däl
2580
12 Oktýabr 2023
👏👏👏👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.