namixas
14.03.2024 10:40
Bir gün habar gelip
ýigit ereýär.
Gör otyrsak Suraý
eýýäm gaçypdyr,
Ýene bir nadana gujak
açypdyr.
Ýigit özin duýman
başlady birden,
Damjalar döküldi
garaja gözden.
-Näme üçin bagt
maňa garanok,
Meniň söýgim hiç bir
derde ýaranok.
Haçan duşar maňa
wepaly boljak,
Kim wepaly bolsa
şony hem aljak.
Ýadadym men indi
sadalygymdan
Zyýan çekýän günde
wadalarymdan-
Şeydip ah uryp dur
zeýrenip Hakdan
Bir gün dosdy gelýär
"dosdym sen saklan"
Biraz giňlik berip
gidýär ýüregne
Diyip gidýär " ýetersiň
sen geregňe"
Şeýdip dowam edýär
durmuş ýoluna,
Okuwynda kuwwat
gelýär goluna.
Ösüp gidýär okuw
bilen bad alyp,
Günbe günden abraý
bilen ad alyp.
Duşýar bir gün oňa
näzenin peri ,
Ýörände mährinden
ýagtyldýar ýeri.
Kalby şeyle tämiz
şeýlee arassa.
Ýigdimiz şol diýip
boldy bir hassa.
Gyzam söýdi ony
"jananym diyip"
Yigidem wepaly "
halanym diýip"
Ajap durmuş gujak
gersin bulara,
Görelde bolsunlar has
soňkylara.
Suraýdan habary alyp
galalyň,
Poemaň soňyny bilip
galalyň.
Etmişini bilip baran
ýoldaşy,
Masgara eýlesdi
töwerek daşy.
Itden beter edip
kowup öýinden,
Çykaryp goýberdi
köne ilinden.
Şeýdip hemme zadam
tapdy ýerini,
Ýigdimiz ýaşatsyn
bagt gülini.
Harlanan söýgisi hic
ýerde galmaz,
Söýgini harlasaň hiç
kim ýol almaz.
✨✨✨✨✨✨✨✨✨✨✨
44
166
namixas
13.03.2024 11:16
Meň ýalyň söýgüsi
galarmy ýerde.
Söýülmage
mynasybam dalmi
men
Kalbym gan aglaýar
ser salyp görseň-
Şeýdip agyr derdi
çekmeli boldy,
Şonda-da ýüregi
Suraýdy, şoldy.
Umydyn üzmedi hiç
wagt ondan,
Şol garaşyp ýörşi
gelerne birden.
Surayam söýipdi
bagty dal puly,
Pul diýip bolupdy bir
ýigdiň guly.
Bir gün duşuşyga
gidende gije,
Bir ýerlere bardy balar
bileje.
Otyrdylar köne jaýyň
içinde,
Hiç kimler ýok gyz
namysdan gaçanda.
Ýitirdiler özin
wagtlaýyn keype,
Bularyň soragy
bolmazmy erte,
Namysyndan jyda
düşdi bir eýýäm,
Oglandan habar ýok
gaçypdyr bir ýan.
Şeýdip taşlandy ol
aldanyp pula,
Bolan zatlar eýýäm
eşdildi çala.
Gürrüňler ýaýrady
dumlydan duşa,
Suraýyň ýüregi
garaldy aşa.
Gybatlardan gaçmak
üçin çaltyrak
- Wi, söýdä meni
kalby tämiz yagtyrak
Häzirem söýýän
diýsem bolarla
Maňa ynanyp aýdan
sözim alarla-
Şeýdip derrew
ýigdimize hat ýazyp ,
Ýollady birinden
durmuşdan azyp.
"Söýýän" sözin okan
ýigit tolgunyp,
Habar gatdy gayza
sesi ýaňlanyp.
Habary ýok Suraý ony
harlaýar,
Etmişlerni gizläp yigdi
horlaýar.
Ýöne ýigit şeýle
ynanjaň sada,
Kalbynda orun ýok
başga hiç zada.
Gürrüňleri eşitsede
illerden,
Ynanmaýar gaça
durýar dillerden.
Ynanýar ol gyzyň
herbir sözine,
Beýik söýgi diwar
gurdy gözüne.
Emma bu dünýede
adalat bardyr,
Kalbyn gara bolsa
jezalar yardyr.
Aradan bir aylyk wagt
gecende ,
Yigdimiz talyplyk
dowrin acanda.
Suray bilen gyzgyn
hoşlaşyp gidýär,
Okuwdan gelinçä
garaşar öýdýär.
Onsan şeýdip
aradaşlyk döreýär,
Bir gün habar gelip
ýigit ereýär.
Gör otyrsak Suraý
eýýäm gaçypdyr,
Ýene bir nadana gujak
açypdyr.
Ýigit özin duýman
başlady birden,
Damjalar döküldi
garaja gözden.
37
39
namixas
12.03.2024 22:31
Harlanan söýgi ( hakyky bolan waka esaslanan)

Entek yaş wagtynda
başlapdyr söýgi,
Başlandan soň ony
gurşapdyr gaýgy.
Kalby bilen söýdi
halan gyzyny,
Şondan soňam köp
gez urdy dyzyny.
Sebäp diýseň söýgi
ony harlady,
Oň ýuregi gyz ýüregne
baglydy.
Ýöne gyzda oňa garşy
söýgi ýok,
Emma şondan özge
gözne görnenok.
Bir taraply söýgi
gynaýar ony,
Belki agyr durmuş
synaýar ony.
Her deminde şol gyz
diyip zeýrenýär,
Näme üçinkä gyz
oglany ýigrenýär.
Okuwdan ünsini
sowdy bir ýana,
Diňe şol gyz diyip
gelýär heýjana.
Dukuz ýyllyl
okuwçylyk döwründe,
Kalby ýara aldy şol bir
öwrümde.
Bir damjada gyzdan
oňa mähirden,
Zat berlenok başga
ajy gahardan.
Her gören ýerinde
kemsitdi ony,
Nähili ajy bu bilýärin
muny.
Her gije ýatanda şol
gyz düýşinde,
Bir zatlar samrayar
gündiz huşynda.
Şeýle bir sadady
ýüregi onuň ,
Ýar diýip atyrýar her
gije daňyn.
Okuwam gutardy, indi
durmuşda,
Jogapkärli yeri
başlady ýaşda,
Öňki ýaly gunde gyzy
görenok,
Iň bolmanda sesini
hem duýanok.
Suraýdy ýürekden
söýenniň ady,
Aklyna salmaýar
özgäni ýady.
Ine bir gün gybat
bolup eşidildi,
Gyz başga ýarmyşyn,
dowzah başlandy.
Söýen ýürek zaryn
zaryn aglaýar,
Gòren wagtyň
ýüregiňi daglaýar.
Içini gürledýär her
gündiz gije,
Hic kime gerek däl bu
agyr bije.
Hudaýa sygynyp
nalynýar indi,
Aglaýyp gözlerniň
ýaşlary diňdi.
-Allajanym niçün
saldyň bu derde,
Meň ýalyň söýgüsi
galarmy ýerde.
35
21
namixas
09.03.2024 11:07
Ençeme kiçi böleklere bölünen gözleg toparynyñ içinden çadyry ilkinji tapan hem Mihaildi.

Dýatlow çadyry ilkinji tapylan wagty


Çadyry görenlerinde köp bölegini eýýäm gar basypdy. Çadyryñ içinde bir gyrada düzülip goýulan el torbalary, we ädiklerini gördüler. Ýollaryny görkezen bir karta, azyrak pul we arak çüýşesi hem bardy. Bulardan başgada iýmek üçin taýynlanan, ýöne iýmäne wagt tapylman duran ýaly bir bölek et bardy. Şo wagt, çadyryñ içinden daşaryk ýyrtylyp açylandygyny gördüler. Käşgä howlugyp daşaryk çykan ýalydy. Ýöne näme üçin ? Bu soragyñ jogabyny pikirlenip durkalar garşylaryna çykanlar has elhençdi. Çadyryñ sähel daşynda, 8 - 9 kişiniñ aýak yzlary bardy. Bularyñ biri aýak ýalañaç, bir bölegi joraply, ýene bir bölegi diñe bir aýagyna ädik geýen kişileriñ yzlarydy. 5 - 10 metr giden bu yzlar, birden kesilýärdi. Mihail we dostlary, haýranlykdan ýaña doñup galdylar. Talyplary minus 20 ° - da, howanyñ doñduryjy sowuklygynda, ýarym ýalañaç we howlukmaç garyñ ortarasyna çykaran zadyñ nämedigini bilesi geldi. Derrew yzlaryna gidip galan topara, tapan we gören zatlaryny aýtdylar.

Indi biraz gepi kesip, meşhur barlagçylaryñ çadyrda eden barlag hasabatyna seredeliñ. Çadyr üçin taýynlanan hasabat gaty gereklidi, sebäbi çadyrda gaty gerekli bir sorag bardy. Çadyryñ çykylýan ýerinden añsat çykyp bolýarka, toparyñ agzalary näme üçin içinden daşaryk kesip çykdylar ? Edilen barlaglar we analizleriñ netijesinde, nädip ýyrtylandygy we çadyryñ ýyrtylyş şekli barada hasabat taýynlandy. Şo wagtlaryñ iñ soñky tehnologiýaly mikro kameralar bilen gaty ünsli barlandy. Barlag netijesine seredemizde, çadyr gaty berkdi, we çadyryñ hiç kynçylyk çekmeden, añsat şekilde kesilendigi bilindi. Netijelere görä bu bir adam üçin kyndy. Gaty berk, üstüne ençeme berk matalar bilen gysylyp gaty gowy edip taýynlanan bu çadyry añsat, kynçylyk çekmän kesmek mümkin däldi. Muny kesmek üçin bir çakgydan ýiti enjam gerekdi. Işiñ elhenç tarapy bolsa, toparyñ hiç birinde bir çakgy hem ýokdy. Umuman çadyrdaky iñ uly sorag şu, näme üçin içinden daşa kesildi ?

Indi geleliñ galan ýerimize, Mihail talyplaryñ ýiteninden 1 aý soñra çadyry tapanynda, çadyr dagyñ depesinden diñe 300 metr uzakdady. Ine Mihailiñ açyklamasy :

"Bir çadyr gardan ýokary çykýardy, matanyñ ýokarsynda el çyrasy (fonar) durdy, we haýran galaýmaly şekilde işleýärdi. Ertesi gün 27 nji fewralda, ilkinji jesetleri tapdym, bir agaja ýakynlaşyp barýarkam, 20 metr añyrda mele reñkli nokat gördim, agajyñ sag tarapyndady. Ýakynlaşdygymça, o ýerde 2 jesediñ bardygyny bildim. Elleri gyzyl we mele aralykdaky reñkdedi. 8 kişiniñ aýak yzy bolan diñe joraply we bir ädikli aýak yzlar tokaýlyga tarap dowam etýärdi. 500 metr añyrda yzlar ýene gar bilen ýapylýardy. Tokaýa girilýän ýerdäki agajyñ aşagynda ýanyp kül bolan odunlar we Ýuriý Kriwonişenko hem Ýuriý Doroşenkonyñ jesetleri tapyldy. Ikisindede diñe iç eşikleri we jorap bardy. Çadyrdan gaçmana köp wagtlary bolmadygy üçin, eşiklerini we ädiklerini geýmäne wagtlary bolmandy. Aýdylmagyna görä odunlaryny ýanyndaky agajyñ 5 metr ýokarsyndan goparyp alypdylar. Odun üçin agaja çykdyklary aýdylýar welin bu o diýen mümkin däl, ýöne başga gözlegçiler olaryñ topardaky başga agzalary görmek üçin çykandyklaryny aýtýar. Doroşenkonyñ sol aýagynda ýyrtylan balagy bardy, ýyrtyk bir jorap geýipdi. Ädigi ýokdy. Mañlaýynda 1.8 santimetr gök yzlar bardy. Iñ esasy gizlin zatlardanam biri şu, burnunyñ ujy ýokdy. Ýagny bilip kesilipdi we ýitipdi.
37
55
namixas
08.03.2024 10:06
Dünýäde ençeme çözülmeýän syr bar bolsada, köpüsiniñ laýyk geläýjek açyklamasy bar. Ýöne şeýle bir gizlin wakalar bar, hatda ynanmagam kyn. Hemme aýdylanlar, pikirler, çaklamalar syrynyñ sähel çözülmesine hem ejiz gelýär. Olaryñ biride Dýatlow geçelgesi. Köpüñiz bilýänsiñiz. Hakynda ençeme çaklamalar, ençeme gürrüñler edildi. Filmleri düşürildi. Ýöne syry 60 ýyl bäri intägem çözülenok. Indi näme üçin beýle gizlinkä, näme üçin syry intägem çözülenok, şo wagt näme bolup geçdi, hemme zatlar şu ýazgyda, çaýyñyzy taýyn edeniñizden soñra ýazga geçeliñ.

Hany onda mundan 61 ýyl yza gideliñ.

Ýyl 1959, howa sowuk, Russiýanyñ sowuk uruş ýyllarynyñ gyzyşyp duran wagtlary. Russiýa ençeme gizlin ýada gizlin däl barlaglar geçirip, hemme Dünýä tanadyp dur. Kosmos işleri, syýasy işler, ýarag güýçleri, hemmesi bir ýaryş halynda.

1959 njy ýylda, gyşyñ ortaralarynda 10 sany talyp, Ural daglaryna gezmäne çykdy. 27 nji ýanwarda ýola düşdiler.

Ertesi gün toparyñ bir agzasy Ýuriý Ýudin, rahatsyz bolandygyny aýdyp, yzyna gaýtdy. 2 - si gyz, jemi 9 kişi, öz ölümlerine barýandyklaryny bilenoklardy.

Igor Dýatlow, toparyñ baştutany, 23 ýaşynda, Ýuriý Doroşenko, 21 ýaşynda, Lýudmila Dubinina, 20 ýaşynda, Ýuriý Kriwonişenko, 23 ýaşynda, Aleksandr Kolewatow, 24 ýaşynda, Zinaýda Kolmogorowa, 22 ýaşynda, Rustam Slobodin, 23 ýaşynda, Nikolaý Brignoles, 23 ýaşynda we Semýon Zolotarew, 38 ýaşynda. Semýondan başgasy ýaşajykdy. Topar 23 nji ýanwarda, bir wagona mündiler, mundan soñra bir awtobus bilen ýollaryny dowam etdiler. 27 nji ýanwar, toparyñ iñ soñky görülen wagty boldy.

23 nji ýanwarda topar ýatylýan ýeri bolan otly bilen ýola düşüpdiler. Aralarynda 8 erkek we 2 aýal bardy. Birinden başgasyndan galany 20 we 24 ýaş aralygyndady. 38 ýaşynda bolan Semýon Zolotarew, 2 nji Jahan urşyna gatnaşan bir esgerdi. Toparyñ giden wagtlarynda ýazan günlük depderleri we düşüren suratlary bardy. Iñ ýaş agza bolan Dubinina, günlük depderlerini ýazypdy. Ine şu ýazgylardan biri :

"Wagonda, mandarin ogurladyk, aýdym aýtdyk, bir serhoş biziñ ýanymyza gelip, arak çüýşesini ogurlamak bilen günäkärledi. Eger çüýşäni bermesek, topardaky hemme erkekleriñ dişlerini dökjekdigini aýtdy. Ýöne hiç zady subut edip bilmedigi üçin, çykyp gitmäne mejbur boldy. Biz aýdym aýtmana dowam etdik. Soñra söýgi barada gürleşdik. Esasy öpüşmek barada"

Topar ýazgylaryny kiçiräk bir poçtadan goýberipdiler. Günlüklere görä talyplar, şo ýerde ýaşaýan daýhan maşgalalar bilen gyzykly gürrüñler edipdi. Filmler hakda gürleşmekden lezzet alypdylar. Şo gije, bir ýatakda ýatan iñ soñky gijeleridi. Ertesi gün torbalaryny ýeñselerine atyp, şo ýerdäki taýpalaryñ aw edende ulanýan yzlaryny yzarlap ýola dowam etdiler. Ýöne bu gezelenç içlerinden birinin taşlap gaýtmasy ýaly kyndy. Ýuriý Ýudiniñ psihologik gaharlary, köp ýöremesine rugsat bermedi. Ýuriý Ýudin goşlaryny topardaky agzalara paýlap, öýüne gaýtdy. Ýudin muña gaty gynanypdy. Ýöne bu hereket bilen, gorkunç syrly ölümden halas bolupdy. Ýuriý Ýudin, durmuşynyñ iñ dogry kararyny beripdi. Ýudin topardan çykandan soñra olar ýene daglara tarap ýola düşdiler. Topardan Zinaýda we Doroşenko, bir wagtlar söýgülidi. Zinaýda günlük depderine "Özümi rahatsyz duýýan, onuñ bilen birlikde, ýöne birlikde däl" diýip ýazypdy. Zinaýda öñki gezelençlerinde, aýyny kowalap ýören Doroşenka aşyk bolupdy.

Bu gezelenç 3 hepdede dynmalydy. Toparyñ baştutany bolan Igor Dýatlow (Wakanyñ ady şu ýerden gelýär) 12 nji fewralda, gezelenji gutarandan soñra, şäherdäki bir sport merkezine hat ýollama sözi beripdi. Hat gelmedigi üçin başda hiç kim rahatsyz bolmady. Sebäbi öñ erbet howa sebäpli giç gelen wagtlary bolupdy. Ýöne 20 nji fewralda toparyñ maşgalalary rahatsyz bolup ugrady, we köp çydap bilmän ulylara habar berdiler. Uniwersitet, islegi boýunça kabul eden talyplardan gözleg topary düzip, giden topary tapmalary üçin ugratdylar. Şu wagtlar 80 ýaşlarynda bolan  Mihail hem gözleg toparynyñ içindedi. Ençeme kiçi böleklere bölünen gözleg toparynyñ içinden çadyry ilkinji tapan hem Mihaildi.
43
83
namixas
02.03.2024 00:02
Sene-mene

Aýaly ony siltenjiremeli itekläp ukudan oýardy-da, bada-badam bir wagtyň özünde hem zeýrenjiräp, hem igenip başlady:
-Ýene-de gijäň bir wagtyna çenli entäp ýörsüň. Bizem yzyňda seniň nirede näme işläp ýörendigiňi bilmän uly alada galýarys. Iň bolmanda: “pylan ýerde eglenjekdirin, sagat pylançada-da öýe geljekdirin” diýip jaň etseňem, biz görgüliler, arkaýyn bolardyk. Bu günem-ä, hanha, ýarygijeden soň yzyňa köwlendiň...
Şol barmana-da aýalynyň golundaky bäbek goh-galmagala oýanyp, aglap başlady.
Öňem zoraýakdan uklan ol, nägilelik bilen gözüni açalak-ýumalak edip, ukunyň arasynda:
-Bolýa-how, bolýa...Bes et-dä, şumat. Hanha, çaganam oýardyň. Menem ertir ir bilen işe gitmel-ä!-diýip hüňürdäp, diwardaky sagada tarap gözüniň gyýtagyny aýlady. Otagyň alagaraňkylygynda sagady zordan gördi. Üç bolup on bäş minut geçipdir. Birdenem aýalynyň tekjede duran suratyna onuň gözi düşdi. Suratyň daşy gara reňkli çarçuwalydy. Onuň güpbe ýadyna düşdi. Aýalynyň ýaş üstünden bäbejigi bilen aýrylanyna üç ýyl bolup geçipdi ahyry.
Ol henizem goly jägildeýän bäbekli halyna özüne ýazgaryjy garap duran gelnine seredip, saçlarynyň “jyt-jyt” edip agarýandygyny duýdy...

Seslenme

Çagalaryň otagynda ýeke özi ýatan oglanjygy gijäniň ýarynda süýrdepesinden eşidilýän aýak sesleri oýardy.
Typyr-typyr...
Typyr-typyr...
Edil, olaryň jaýlarynyň üçeginde haýsydyr bir çaga garagolluk edip, gybyrdyklap iki ýana ylgaýan ýalydy...
Şol pursat oglanjygyň dilinden şeýtan çeken ýaly, ol näme üçin beýdýändigine özem düşünmän, iki ýyl mundan ozal ýaraman aradan çykan oglan jigisini assaja çagyrdy:
-Jigim...
-Hä-ä...-diýip üçekden ses geldi...

Çeşmesi: https://pics.ru/10-korotkih-no-ochen-strashnyh-istorij-na-noch. 
42
47
namixas
27.02.2024 21:04

Gijeki jaň


Ýarygijeden agyberende köp gatly jaýyň bäşinji gatynda ýaşaýan onuň gapysynyň jaňy basyldy. Yzly-yzyna ýaňlanan dört sany gysgajyk, çürt-kesik jaň ony oýardy. Emma, ol oýansa-da, gaharlanyp, bimahal çak bimaza edýän kimem bolsa oňa gapysyny açmady. Onsoňam ol hiç kime garaşmaýardy.

Ertesi gün ýene-de şol düýnki wagtda ýene-de dört gezek yzly-yzyna onuň işiginiň jaň düwmesi basyldy. Bu gezek ol özi bilen şeýle gödek oýun etmäge het edýäniň kimdigini bilmek üçin tarsa ýerinden turdy-da, gapa bardy. Onuň gözünden yşyklap, basgançak meýdançasyny synlady. Ol ýerde hiç kim ýokdy.

Gündiz ol işdeş dostlarynyň ýanynda degşip öten agşamky wakany gürrüň berdi we megerem, iki gije yzly-yzyna öz bosagasyna ajalyň gelendigini, emma ahyry özüniň gelmeli salgysyny ýalňyşandygyny anyklap, yzyna gidendigini aýdyp, çylkasyz, ýuwanjak henek eden boldy.

Üçülenji gije onuň ýanyna dosty görme-görşe geldi we olar gije ýarymdan agýança mesawy gürrüň edip oturdylar. Şol pillede, ýene-de düýnki wagtda, edil öňküleri ýaly yzly-yzyna dört gezek jaň kakyldy. Bu wakadan habarly dosty:

-Hany, şu bolgusyz oýunbaz bilen menem gabatlaşaýyn-la!-diýip öý eýesinden öňürti gapa ylgady. Barşyna-da gapyny açyp, çykyp gitdi. Şol hem öý eýesiniň dostuny gören iň soňky gezegi boldy. Sebäbi ol ylgap howla çykanda aňyrdan bat bilen gelen ulag ony süsüp, ol şol duran ýerinde aradan çykdy.

Şondan soň gijeki jaň kakylmasy kesildi.

Diňe, şol wakadan soň bäş ýyl geçip, öten gije, ýene-de onuň gapysynyň jaň düwmesi basyldy...

Yzly-yzyna dört gezek...

Özem üzül-kesil gysgajyk...


Kölege


Kakasy bilen gyzy gol tutuşyp, gije toý edýän goňşularyndan gaýtdylar. Dolan aýyň süýtreňk ýagtysy köçäni ýumşak alagaraňkylyga besleýärdi. Birdenkä gyzjagaz gözlerini petredip, kakasynyň yzyna howatyrly garady-da, kakasyna gysmyljyrady. Allaniçigsi bolan kakasy, gyzyny gorkuzan zady görmekçi bolup, sakga durup, çar ýanyna ýaltaklasa-da hiç zat görmedi.

-Gyzym! Nämeden gorkduň? Ýa gözüňe bir zat görnäýdimi?

-Jukk!-diýip pessaý pyşyrdan gyzjagaz, henizem wehimden doly gözlerini kakasynyň arkasyna dikip durşuna sakawlady:-Gaňrylaýma, kaka! Yzyňa öwrülseň uraýmasyn! Seniň kölegäň ýeňsäňde eli paltaly dur...


Ekiztaý


Talyp ýigit sapakda otyrka onuň sessiz çagyryşa goýlan eltelefonyna halaşýan gyzyndan sms habar geldi. Ol habarda halaşýan gyzy özüniň şu gün irden onuň kireýine ýaşaýan öýüne goş-golamlaryny ýygnaşdyrmaga barandygyny we şol ýerde onuň ekiztaýy bilen tanşandygyny ýazýardy. Haman, onuň ekiztaýy edil bir almany iki bölen ýaly oňa meňzeýärmiş, özem juda alçakmyş, olam onuň bilen eýýäm iki sagat bäri gülşüp-degşip, kofe içip otyrmyş. Özem şu wagta çenli özüni öz ekiztaýy bilen tanyşdyrmandygyna, hatda onuň bardygyny hem aýtmandygyna birazajyk öýkelejek bolýarmyş...

Sms-habary okap oturan talyp ýigidi şagga der basdy.

Ol özüniň hiç hili ekiztaýynyň ýokdugyny, bolýan öýünem irden öz açary gulplap gaýdandygyny anyk bilýärdi...

38
63
namixas
26.02.2024 22:14
+18. Gijeki elhençlik (Gorkuly hekaýa. Çagalar we gyzlar okamasyn).

Gije sagat 01:00. Oglanlar üýşüp kart oýnaýarlar. Olar Mergen, Çary, Nurmyrat we öý eýesi Merdan. Ahyry Çary dillenýär:
-Oglanlar, boldy edäýeliň, Merdanam dynjyny alsyn, ertir işine gitmelidir.
Hemmeler ony goldady:
-Boldy karty ýygnaşdyralyň diýdiler. Şol wagt Mergen penjireden olara seredip duran, bir zady gördi.
-Eý waý, o zat nämaý.
Oglanlar muňa ünsem bermediler.
-Hä Merik užas gördüňmi?
-Howwa, howwa, serediň diýip ol barmagyny penjirä uzatdy.
Oglanlar seretse ol ýerde hiç zadam ýokdy.
-Ýaňyjada bardy, birden ýitirim boldy.
Oglanlar gülüşdiler. Mergen utandy. Ýöne ýaňky elhenç zady görenligi hakykatdy. Oň daşaryk çykasy gelenokdy. Oglanlar Merdan bilen hoşlaşyp, daşaryk çykdylar. Mergeniň el-aýagy saňňyldaýardy. Olar üç bolup ýöräp barýardylar. Şonda Nurmyrat:
-Oglanlar, bu gün asman bulutly, tüm garaňky gije, men Size bir wakany gürrüň bereýin. Goňşymyz Anna pahyr 10 ýyl mundan öň edil şular ýaly gijede, dosty bilen, myhmançylykdan gelýän eken. Näme bolanyny hiç kimem bilenok, ýöne ertesi olary, jansyz ýagdaýda ýabyň içinden tapypdyrlar. Obaň ýaşulularynyň aýtmagyna görä, her 10 ýyldan bir elhenç ruh obaň adamlarynyň kastyna çykýan eken, bu günem şeýle gün öýdýän, "WÄÄÄÄÄÄÄÄÄ" diýip gygyrdy.
Mergeniň zähresi ýaryldy, öňem saňňyldap gelýän aýaklary oňa diýenini etmedi, oturyp galdy. Muňa Çary bilen Nurmyrat hezil edip güldüler.
-Turow dost, bizä saňa erkekmikä diýip ýörsek, sen-ä gutaran züwwetdin ekeniň diýip gülüp hezil etdiler. Şol wagt Çara Merdandan jaň geldi.
-Alo, gowumy Merdan.
Aňyrdan gorkunç, eýmenç ses geldi:
-Indi Merdan ýok, basym Sizem bolmarsyňyz, men häzir Siziňem ýanyňyza barýaryn. Şeý diýip telefon öçdi. Merdany yzyna jaň etdi. Oň eli öçürlen. Nurmyrat:
-Eýgilikmi Çary, Merdan näme diýýär?
-Ol Merdan däl, ol Merdan däl. Çary aljyrap özüni ýitirip ugrady.
-Näme boldy, kim ol?
-Ol Merdan däl, oň sesi telefondan çykmady, meň gulagymyň içinde ýaňlandy, bu şol elhenç ruh, ol häzir biziň ýanymyza gelýär.
-Aý dost, hiç hili ruh ýok how, ikiňize näme bolýar düşünmedim.
Şol wagt bir nätanyş el Nurmyradyň boýnundan sypalap geçdi. Yzyna seretse hiç kim ýok. Nurmyradyň ýüzi ak tam boldy.
-Oglanlar şol ruh diýýäniňiz eýýäm şu taýda, ol maňa elini degirdi, oň buz ýaly eliniň yzy entegem boýnumdan gidenok.
Oglanlaryň üçisem bir ýere jemlendi. Mergen:
-Indi näderis oglanlar diýip aglamaga durdy. Oň agysyna Çary bilen Nurmyradam goşuldy. Seretseler aňyrdan Merdan gelýär, üst-başy gan. Nurmyrat oň öňünden çykdy, seretse Merdanyň gözleriniň garajygy ýok, gözi tutuşlygyna ak bolup dur. Gelşine gorkunç ses bilen:
-Sizem meň bilen gidersiňiz diýip özüni Nurmyradyň üstüne atdy, Nurmyrat ýykyldy, ýatan ýerinde gygyryp başlady:
-Oglanlar kömek ediň bu Merdan däl, bu şol ýowuz ruh.
Oglanlaň ikisem ylgap gaçyp gitdi. Yzlaryndan Nurmyradyň zaryn sesi ýaňlanyp durdy. Olar şeýle bir ylgaýardylar. Ahyryn Nurmyradyň sesi ýatdy. Şol barşyna Çaram büdüräp ýykyldy. Mergen bolsa şol ylgap barýardy. Çary oň yzyndan gygyrdy:
-Mergen, ol gorkunç zat meni heläk edýär, kömek edäýdä dost. Mergen bu sözleri eşitsede yzyna gaýtmaga ýüregi etmeýärdi, Şol barmana ol bir öýüň howlusyna girdi. Bat bilen gapyny urup başlady.
-Kömek ediň, kömek ediň.
Emma ýüregi hälki elhenç zadyň ýakynlaýandygyny duýýardy. Birdenem içerde yşyk ýandy. Ol begenjine gapyny has batlyrak urdy, göwnüne jaýa girip ýetişmejek ýalydy. Gapy açyldy. Ol begenjine içerik uçup girdi. Seretse garşysynda şol penjirede gören ýowuz mahlugy durdy.
45
96
namixas
23.02.2024 07:03
Adam bir ýylyň dowamynda 10 million gezek gözüni gyrpýar.

Bir milliard sekunt — ol.takmynan,37 ýyla barabardyr.

Robinzon Kruzo adam aýagy sekmedik adada 24 ýyl ýaşapdyr.

Bary-ýogy 1 gram altyndan uzynlygy 3,5 kilometr bolan sim almak
mümkin.

Watikan döwletinde futbol boýunça birinjiligi almak ugrundaky ýaryşlara «Telepoçta», «Gwardiýaçylar», «Bank», «Kitaphana», «Muzeýler ýygyndysy» ýaly komandalar gatnaşýarlar.

Ilkinji gezek Oskar baýragy 1929-njy ýylyň 16-njy maýynda gowşuryldy.

Leonardo da Winçi «Mona Lizanyň» dodagyny çekmek üçin 12 ýyllap iş edinipdir.

Amerikan statistikasynyň berýän maglumatlaryna görä, mobil telefonynda erkekler aýallara garanyňda köp gepleşýärler. Amerikaly erkek kişiler bir aýda ortaça 438 minut, amerikan zenany bolsa 377 minut mobil telefonynda gepleşýär. Ýöne adaty, simli, öý telefonynda aýallar erkeklere görä göni iki esse köp gepleşýärler.

Maýk Taýsoň professional ringde
geçiren boks ýaryşlarynyň 51-sinden
21 -sinde garşydaşyny ilkinji sekuntda
nokaut bilen ýatyrdy.

Atly ýadygärliklerde eger atyň iki öň aýagy hem ýokary galan görnüşinde şekillendirilen bolsa, onda bu onuň üstündäki adamyň söweşde wepat bolandygyny aňladýar. Eger atyň bir aýagy galdyrylan bolsa, onda ol adam söweşde alan agyr ýarasyndan ölendigini, eger atyň dört aýagy hem ýerde bolsa, onda ol adamyň öz ajalyna aradan çykandygyny aňladýar.

Şarikli ruçkalar ilkinji gezek 1945-nji ýylda satuwa çykdy. Şonda onuň
12 dollar bahasy bardy.

Puşkinde 70 epigraf bar. Gogol we Turgenýew 20 epigraf ulanypdyr.

Taýlandyň paýtagty Bangkokda her aýda piller bilen baglanyşykly ýol-transport hadysalarynyň ýigrimä golaýy bolýar. Bu äpet haýwanlaryň 1600-si her gün Bangkokuň köçelerine çykýar.

Soňky 500 ýylyň dowamynda Ýeriň agramy kosmiki serişdeleriň hasabyna bir milliard tonna artdy.

Gyzgyn suwuň sowuk suwa garanyňda agramy agyrdyr.

Eger 111 111 111 sany edil özüne köpeltseň, onda şunuň ýaly täsin sanlar emele gelýär: 12 345 678 987 654 321 (sanlar tertip boýunça ilki ulalýar,
soňra kiçelýär).

Kosmosa uçan ýeke-täk är-aýal— amerikan astronawtlary Jen Dewis we Mark Li dagy boldy. Olar 1992-nji ýylyň 12-20-nji sentýabrynda kosmosda bolan «Endewer» kosmiki gäminiň ekipažynyň hataryna girdiler.

Kelpezäniň dili onuň özünden iki esse uzyndyr.

Amerikanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýanlaryň her ikinjisi 40 ýaşyna
çenli millioner bolaryn diýip çaklaýar.

Kosmiki gämi 10 minudyň dowamynda Ýeriň üstüniň 1 million inedördül kilometrini surata düşürip bilýär. Uçardan şonça meýdany surata düşürmek üçin 4 ýyl gerek bolar,geologlara we geograflara bu kär 80 ýyl iş bolardy.

Ikinji müňýyllygyň başynda (1000-nji ýyl) Ýeriň ilaty 400 million adam
bolan bolsa, şol müňýyllygyň ahyrynda (1999-njy ýyl) bu san 6 milliarda ýetdi.

Iň gysga wagtlyk uruş 1896-njy ýylda hasaba alnypdyr. Şonda Angliýa Zanzibara hüjüm edýär, onuň goşuny bary-ýogy 38 minut söweşipdir.

Günorta Afrika Respublikasy dünýäde öndürilýän altynyň 3-den 2 bölegini gazyp alýar.

Dünýäde iň köp ýaýran we iň meşhur at — Muhammet.

Moskwanyň 1 millionynjy ýaşaýjysy 1837-nji ýylda doglupdyr.

Şwesiýada 300 müň adam Karlson (ýa-da Karlsson) familiýasyny göterýär.

Aýakgaplaryň ölçegi 1792-nji ýylda aýakgap ussasy Jeýms Smit tarapyndan oýlanyp tapylypdyr.

Garynjalar hiç wagt uklaýan däldirler.

Suworowyň aýdan belli sözi asyl nusgasynda şeýle bolupdyr:
«Türgenleşikde agyr bolsa, söweşde ýeňil bolar».

Dünýäde iň köp ýaýran familiýa— Çang.

Ford awtomobilleriniň «T» modeli önümçilige ornaşdyrylany bäri, onuň
15 700 003 sanysy öndürilipir, olaryň hemmesi-de gara reňkli bolupdyr.

Amerikanyň Wirjiniýa ştatynyň ýaşaýjylary Karolina we Ralf Kamminsiň maşgalasynda ýedi çaga bar. Olaryň 5-siniň doglan güni 20-nji fewraldyr. Ýok, olar bäşem çaga däl. Olar dürli ýyllarda şol bir günde doglupdyr.

Kompakt-disk ortadan gyra okalýar, ýöne ýazylanda — gyradan orta.

Doňuň dykyzlygy betonyň dykyzlygyna deňeçerdir.

Ortaça bir aýal ömrüniň dowamyn­da 2 kilogram dodak pomadasyny ulanýar.

Iň uly sana sentilon diýilýär. Bu sanyň 600 sany noly bar. Ol 1852-nji ýylda ýazylypdyr.

Dünýäde iň meşhur zenan ady — Annadyr. HäziM millionagolaý zenan şol ady göterýär.

Elektrik akymynyň islendik bir nokadyndan 1 sekundyň dowamynda 6 242 000 000 000 000 000 sany elektronlar geçýär.

Adamlaryň 97 göterimi eline täze ruçka alanda, ilki bilen, öz adyny ýa familýasyny ýazýar.

Beýik Hytaý diwaryny diwar kagyzlary bilen ýapmak üçin 15 840 000 sany kagyz düýrmegi gerek bo­lar.

Toplan:
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär mekdebiniň mugallymy
Durdyýewa Sähragül
50
201