namixas
27.02.2024 21:04

Gijeki jaň


Ýarygijeden agyberende köp gatly jaýyň bäşinji gatynda ýaşaýan onuň gapysynyň jaňy basyldy. Yzly-yzyna ýaňlanan dört sany gysgajyk, çürt-kesik jaň ony oýardy. Emma, ol oýansa-da, gaharlanyp, bimahal çak bimaza edýän kimem bolsa oňa gapysyny açmady. Onsoňam ol hiç kime garaşmaýardy.

Ertesi gün ýene-de şol düýnki wagtda ýene-de dört gezek yzly-yzyna onuň işiginiň jaň düwmesi basyldy. Bu gezek ol özi bilen şeýle gödek oýun etmäge het edýäniň kimdigini bilmek üçin tarsa ýerinden turdy-da, gapa bardy. Onuň gözünden yşyklap, basgançak meýdançasyny synlady. Ol ýerde hiç kim ýokdy.

Gündiz ol işdeş dostlarynyň ýanynda degşip öten agşamky wakany gürrüň berdi we megerem, iki gije yzly-yzyna öz bosagasyna ajalyň gelendigini, emma ahyry özüniň gelmeli salgysyny ýalňyşandygyny anyklap, yzyna gidendigini aýdyp, çylkasyz, ýuwanjak henek eden boldy.

Üçülenji gije onuň ýanyna dosty görme-görşe geldi we olar gije ýarymdan agýança mesawy gürrüň edip oturdylar. Şol pillede, ýene-de düýnki wagtda, edil öňküleri ýaly yzly-yzyna dört gezek jaň kakyldy. Bu wakadan habarly dosty:

-Hany, şu bolgusyz oýunbaz bilen menem gabatlaşaýyn-la!-diýip öý eýesinden öňürti gapa ylgady. Barşyna-da gapyny açyp, çykyp gitdi. Şol hem öý eýesiniň dostuny gören iň soňky gezegi boldy. Sebäbi ol ylgap howla çykanda aňyrdan bat bilen gelen ulag ony süsüp, ol şol duran ýerinde aradan çykdy.

Şondan soň gijeki jaň kakylmasy kesildi.

Diňe, şol wakadan soň bäş ýyl geçip, öten gije, ýene-de onuň gapysynyň jaň düwmesi basyldy...

Yzly-yzyna dört gezek...

Özem üzül-kesil gysgajyk...


Kölege


Kakasy bilen gyzy gol tutuşyp, gije toý edýän goňşularyndan gaýtdylar. Dolan aýyň süýtreňk ýagtysy köçäni ýumşak alagaraňkylyga besleýärdi. Birdenkä gyzjagaz gözlerini petredip, kakasynyň yzyna howatyrly garady-da, kakasyna gysmyljyrady. Allaniçigsi bolan kakasy, gyzyny gorkuzan zady görmekçi bolup, sakga durup, çar ýanyna ýaltaklasa-da hiç zat görmedi.

-Gyzym! Nämeden gorkduň? Ýa gözüňe bir zat görnäýdimi?

-Jukk!-diýip pessaý pyşyrdan gyzjagaz, henizem wehimden doly gözlerini kakasynyň arkasyna dikip durşuna sakawlady:-Gaňrylaýma, kaka! Yzyňa öwrülseň uraýmasyn! Seniň kölegäň ýeňsäňde eli paltaly dur...


Ekiztaý


Talyp ýigit sapakda otyrka onuň sessiz çagyryşa goýlan eltelefonyna halaşýan gyzyndan sms habar geldi. Ol habarda halaşýan gyzy özüniň şu gün irden onuň kireýine ýaşaýan öýüne goş-golamlaryny ýygnaşdyrmaga barandygyny we şol ýerde onuň ekiztaýy bilen tanşandygyny ýazýardy. Haman, onuň ekiztaýy edil bir almany iki bölen ýaly oňa meňzeýärmiş, özem juda alçakmyş, olam onuň bilen eýýäm iki sagat bäri gülşüp-degşip, kofe içip otyrmyş. Özem şu wagta çenli özüni öz ekiztaýy bilen tanyşdyrmandygyna, hatda onuň bardygyny hem aýtmandygyna birazajyk öýkelejek bolýarmyş...

Sms-habary okap oturan talyp ýigidi şagga der basdy.

Ol özüniň hiç hili ekiztaýynyň ýokdugyny, bolýan öýünem irden öz açary gulplap gaýdandygyny anyk bilýärdi...

38
63
namixas
29 Fewral 2024
@tmcell, 🙄😅
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.