namixas
08.03.2024 10:06
Dünýäde ençeme çözülmeýän syr bar bolsada, köpüsiniñ laýyk geläýjek açyklamasy bar. Ýöne şeýle bir gizlin wakalar bar, hatda ynanmagam kyn. Hemme aýdylanlar, pikirler, çaklamalar syrynyñ sähel çözülmesine hem ejiz gelýär. Olaryñ biride Dýatlow geçelgesi. Köpüñiz bilýänsiñiz. Hakynda ençeme çaklamalar, ençeme gürrüñler edildi. Filmleri düşürildi. Ýöne syry 60 ýyl bäri intägem çözülenok. Indi näme üçin beýle gizlinkä, näme üçin syry intägem çözülenok, şo wagt näme bolup geçdi, hemme zatlar şu ýazgyda, çaýyñyzy taýyn edeniñizden soñra ýazga geçeliñ.

Hany onda mundan 61 ýyl yza gideliñ.

Ýyl 1959, howa sowuk, Russiýanyñ sowuk uruş ýyllarynyñ gyzyşyp duran wagtlary. Russiýa ençeme gizlin ýada gizlin däl barlaglar geçirip, hemme Dünýä tanadyp dur. Kosmos işleri, syýasy işler, ýarag güýçleri, hemmesi bir ýaryş halynda.

1959 njy ýylda, gyşyñ ortaralarynda 10 sany talyp, Ural daglaryna gezmäne çykdy. 27 nji ýanwarda ýola düşdiler.

Ertesi gün toparyñ bir agzasy Ýuriý Ýudin, rahatsyz bolandygyny aýdyp, yzyna gaýtdy. 2 - si gyz, jemi 9 kişi, öz ölümlerine barýandyklaryny bilenoklardy.

Igor Dýatlow, toparyñ baştutany, 23 ýaşynda, Ýuriý Doroşenko, 21 ýaşynda, Lýudmila Dubinina, 20 ýaşynda, Ýuriý Kriwonişenko, 23 ýaşynda, Aleksandr Kolewatow, 24 ýaşynda, Zinaýda Kolmogorowa, 22 ýaşynda, Rustam Slobodin, 23 ýaşynda, Nikolaý Brignoles, 23 ýaşynda we Semýon Zolotarew, 38 ýaşynda. Semýondan başgasy ýaşajykdy. Topar 23 nji ýanwarda, bir wagona mündiler, mundan soñra bir awtobus bilen ýollaryny dowam etdiler. 27 nji ýanwar, toparyñ iñ soñky görülen wagty boldy.

23 nji ýanwarda topar ýatylýan ýeri bolan otly bilen ýola düşüpdiler. Aralarynda 8 erkek we 2 aýal bardy. Birinden başgasyndan galany 20 we 24 ýaş aralygyndady. 38 ýaşynda bolan Semýon Zolotarew, 2 nji Jahan urşyna gatnaşan bir esgerdi. Toparyñ giden wagtlarynda ýazan günlük depderleri we düşüren suratlary bardy. Iñ ýaş agza bolan Dubinina, günlük depderlerini ýazypdy. Ine şu ýazgylardan biri :

"Wagonda, mandarin ogurladyk, aýdym aýtdyk, bir serhoş biziñ ýanymyza gelip, arak çüýşesini ogurlamak bilen günäkärledi. Eger çüýşäni bermesek, topardaky hemme erkekleriñ dişlerini dökjekdigini aýtdy. Ýöne hiç zady subut edip bilmedigi üçin, çykyp gitmäne mejbur boldy. Biz aýdym aýtmana dowam etdik. Soñra söýgi barada gürleşdik. Esasy öpüşmek barada"

Topar ýazgylaryny kiçiräk bir poçtadan goýberipdiler. Günlüklere görä talyplar, şo ýerde ýaşaýan daýhan maşgalalar bilen gyzykly gürrüñler edipdi. Filmler hakda gürleşmekden lezzet alypdylar. Şo gije, bir ýatakda ýatan iñ soñky gijeleridi. Ertesi gün torbalaryny ýeñselerine atyp, şo ýerdäki taýpalaryñ aw edende ulanýan yzlaryny yzarlap ýola dowam etdiler. Ýöne bu gezelenç içlerinden birinin taşlap gaýtmasy ýaly kyndy. Ýuriý Ýudiniñ psihologik gaharlary, köp ýöremesine rugsat bermedi. Ýuriý Ýudin goşlaryny topardaky agzalara paýlap, öýüne gaýtdy. Ýudin muña gaty gynanypdy. Ýöne bu hereket bilen, gorkunç syrly ölümden halas bolupdy. Ýuriý Ýudin, durmuşynyñ iñ dogry kararyny beripdi. Ýudin topardan çykandan soñra olar ýene daglara tarap ýola düşdiler. Topardan Zinaýda we Doroşenko, bir wagtlar söýgülidi. Zinaýda günlük depderine "Özümi rahatsyz duýýan, onuñ bilen birlikde, ýöne birlikde däl" diýip ýazypdy. Zinaýda öñki gezelençlerinde, aýyny kowalap ýören Doroşenka aşyk bolupdy.

Bu gezelenç 3 hepdede dynmalydy. Toparyñ baştutany bolan Igor Dýatlow (Wakanyñ ady şu ýerden gelýär) 12 nji fewralda, gezelenji gutarandan soñra, şäherdäki bir sport merkezine hat ýollama sözi beripdi. Hat gelmedigi üçin başda hiç kim rahatsyz bolmady. Sebäbi öñ erbet howa sebäpli giç gelen wagtlary bolupdy. Ýöne 20 nji fewralda toparyñ maşgalalary rahatsyz bolup ugrady, we köp çydap bilmän ulylara habar berdiler. Uniwersitet, islegi boýunça kabul eden talyplardan gözleg topary düzip, giden topary tapmalary üçin ugratdylar. Şu wagtlar 80 ýaşlarynda bolan  Mihail hem gözleg toparynyñ içindedi. Ençeme kiçi böleklere bölünen gözleg toparynyñ içinden çadyry ilkinji tapan hem Mihaildi.
43
83
namixas
11 Mart 2024
@Tüweleý🌪, serialyna gormedim welin...
namixas
11 Mart 2024
@geldiyevna, bolemokdym Izwini
ATOMIC
8 Mart 2024
Kinosam bar serialam gowy👍🌟
XL-19
8 Mart 2024
@namixas, 🦥 hany ikinji partynam goreli onda
namixas
8 Mart 2024
@Avion, has gyzykly we uyutgesik yerleri bar nesip bolsa part 2 we part 3 de )) Izwini biderek okanyn ucin🤦‍♀️😐
XL-19
8 Mart 2024
uytgesik syr yoga 😐 biyderek okatdynda suny mana
namixas
8 Mart 2024
@Akram_Beshimov, mmm🧐 dogry🤓
Akram_Beshimov
8 Mart 2024
1959+61=2020 #
namixas
8 Mart 2024
@mafia_gr, su yerde onem paylasyldymy😳🙄
namixas
8 Mart 2024
@Akram_Beshimov, tocna aydyp biljega dal yone has onkilerden oytyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.