Ençeme kiçi böleklere bölünen gözleg toparynyñ içinden çadyry ilkinji tapan hem Mihaildi.
Dýatlow çadyry ilkinji tapylan wagty
Çadyry görenlerinde köp bölegini eýýäm gar basypdy. Çadyryñ içinde bir gyrada düzülip goýulan el torbalary, we ädiklerini gördüler. Ýollaryny görkezen bir karta, azyrak pul we arak çüýşesi hem bardy. Bulardan başgada iýmek üçin taýynlanan, ýöne iýmäne wagt tapylman duran ýaly bir bölek et bardy. Şo wagt, çadyryñ içinden daşaryk ýyrtylyp açylandygyny gördüler. Käşgä howlugyp daşaryk çykan ýalydy. Ýöne näme üçin ? Bu soragyñ jogabyny pikirlenip durkalar garşylaryna çykanlar has elhençdi. Çadyryñ sähel daşynda, 8 - 9 kişiniñ aýak yzlary bardy. Bularyñ biri aýak ýalañaç, bir bölegi joraply, ýene bir bölegi diñe bir aýagyna ädik geýen kişileriñ yzlarydy. 5 - 10 metr giden bu yzlar, birden kesilýärdi. Mihail we dostlary, haýranlykdan ýaña doñup galdylar. Talyplary minus 20 ° - da, howanyñ doñduryjy sowuklygynda, ýarym ýalañaç we howlukmaç garyñ ortarasyna çykaran zadyñ nämedigini bilesi geldi. Derrew yzlaryna gidip galan topara, tapan we gören zatlaryny aýtdylar.
Indi biraz gepi kesip, meşhur barlagçylaryñ çadyrda eden barlag hasabatyna seredeliñ. Çadyr üçin taýynlanan hasabat gaty gereklidi, sebäbi çadyrda gaty gerekli bir sorag bardy. Çadyryñ çykylýan ýerinden añsat çykyp bolýarka, toparyñ agzalary näme üçin içinden daşaryk kesip çykdylar ? Edilen barlaglar we analizleriñ netijesinde, nädip ýyrtylandygy we çadyryñ ýyrtylyş şekli barada hasabat taýynlandy. Şo wagtlaryñ iñ soñky tehnologiýaly mikro kameralar bilen gaty ünsli barlandy. Barlag netijesine seredemizde, çadyr gaty berkdi, we çadyryñ hiç kynçylyk çekmeden, añsat şekilde kesilendigi bilindi. Netijelere görä bu bir adam üçin kyndy. Gaty berk, üstüne ençeme berk matalar bilen gysylyp gaty gowy edip taýynlanan bu çadyry añsat, kynçylyk çekmän kesmek mümkin däldi. Muny kesmek üçin bir çakgydan ýiti enjam gerekdi. Işiñ elhenç tarapy bolsa, toparyñ hiç birinde bir çakgy hem ýokdy. Umuman çadyrdaky iñ uly sorag şu, näme üçin içinden daşa kesildi ?
Indi geleliñ galan ýerimize, Mihail talyplaryñ ýiteninden 1 aý soñra çadyry tapanynda, çadyr dagyñ depesinden diñe 300 metr uzakdady. Ine Mihailiñ açyklamasy :
"Bir çadyr gardan ýokary çykýardy, matanyñ ýokarsynda el çyrasy (fonar) durdy, we haýran galaýmaly şekilde işleýärdi. Ertesi gün 27 nji fewralda, ilkinji jesetleri tapdym, bir agaja ýakynlaşyp barýarkam, 20 metr añyrda mele reñkli nokat gördim, agajyñ sag tarapyndady. Ýakynlaşdygymça, o ýerde 2 jesediñ bardygyny bildim. Elleri gyzyl we mele aralykdaky reñkdedi. 8 kişiniñ aýak yzy bolan diñe joraply we bir ädikli aýak yzlar tokaýlyga tarap dowam etýärdi. 500 metr añyrda yzlar ýene gar bilen ýapylýardy. Tokaýa girilýän ýerdäki agajyñ aşagynda ýanyp kül bolan odunlar we Ýuriý Kriwonişenko hem Ýuriý Doroşenkonyñ jesetleri tapyldy. Ikisindede diñe iç eşikleri we jorap bardy. Çadyrdan gaçmana köp wagtlary bolmadygy üçin, eşiklerini we ädiklerini geýmäne wagtlary bolmandy. Aýdylmagyna görä odunlaryny ýanyndaky agajyñ 5 metr ýokarsyndan goparyp alypdylar. Odun üçin agaja çykdyklary aýdylýar welin bu o diýen mümkin däl, ýöne başga gözlegçiler olaryñ topardaky başga agzalary görmek üçin çykandyklaryny aýtýar. Doroşenkonyñ sol aýagynda ýyrtylan balagy bardy, ýyrtyk bir jorap geýipdi. Ädigi ýokdy. Mañlaýynda 1.8 santimetr gök yzlar bardy. Iñ esasy gizlin zatlardanam biri şu, burnunyñ ujy ýokdy. Ýagny bilip kesilipdi we ýitipdi.