Günlerde bir gün Ependiniň gölesi ýüpüni üzüp gaçyp gidipdir. Ependi hernäçe
jan etse-de, ony tutup bilmändir. Ol ýataga gelip, garry sygryny güpüledip urmaga
başlapdyr.
Adamlar:
– Ependi, munuň günäsi näme? – diýip soranlarynda:
– Asyl, belaň körügi şu haram ölen sygyr bolmaly. Şu öwretmese, ýumruk ýaly
göle gaçmany nireden bilsin? – diýip jogap beripdir.
-----------
Günlerde bir gün bir ogry gije Ependiniň öýüne girip, erjellik bilen bir zatlar
gözläpdir. Ependi muny duýup:
– Men gündiziň güni bu öýden hiç zat tapamok, sen garaňkynyň içinde näme
taparsyň? – diýip seslenipdir.
-----------
Günlerde bir gün adamlar Ependä:
– Ependi, seniň aýalyň öýme-öý ygyp ýör-le – diýipdirler.
Onda Ependi:
– Allatagala şaýatdyr, eger ol ygyp ýören bolsa, biziň öýmüze-de gelerdi ahyryn –
diýip jogap beripdir.
-----------------
Günlerde bir gün Ependi metjide baryp, münbere çykyp:
– A-how, musulmanlar! Meniň näme diýjegimi bilýäňizmi? – diýip, adamlara
ýüzlenipdir.
Adamlar:
– Ýok bilemzok – diýipdirler.
Onda Ependi:
– Aý, onda bilmeýänlere wagyz etmegiň geregi-de ýok – diýip, münberden düşüp
gidipdir.
Soňra bir gün ýene metjide baryp, münbere çykyp:
– Eý, doganlar! Meniň size näme diýjegimi bilýäňizmi? – diýip sorapdyr.
Adamlar:
– Hawa, Ependi, bilýäris – diýip jogap beripdirler.
Onda Ependi:
– Aý, bilýän bolsaňyz, onda meniň wagyz etmegimiň hajaty ýok – diýip,
münberden düşüp gidipdir.
Adamlar onuň bolşuna geň galyp:
– Eger Ependi ýene gelip soraýsa, «Käbirimiz bilýäris, käbirimizem bilemzok»
diýip jogap bereliň – diýen maslahata gelipdirler.
Ependi ýene-de bir gün münbere çykyp:
– Eý, möminler! Meniň size näme wagyz-nesihat etjegimi bilýäňizmi? – diýip
ýüzlenipdir. Onda adamlar!
– Hawa, Ependi, käbirimiz bilýäris, käbirimiz bilmeýäris – diýip, jogap
berenlerinde Ependi:
– Be-ýe, neneňsi ýagşy adamlar ekeniňiz. Onda bilýänleriňiz bilmeýänlere
düşündiriň – diýip, münberden düşüp gaýdypdyr.
---------
Bir gün Ependi mazarystanlykdan çykyp barýar eken. Birden onuň gözi ýetip
gelýän atlylara düşüpdir. Ependi olary ogrudyr öýdüp: «Meni ogurlap gidäýmesinler»
diýip, bir gabra girip gizlenipdir.
Atlylar ony görüpdir-de:
– Bu niçiksi adam eken. Bilmegimiz zerur – diýip ondan:
– Sen kim bolarsyň? – diýip sorapdyrlar.
Ependi gabryň içinden:
– Meniň kim ekenligimi näme üçin soraýarsyňyz? Men gabyrdaky merhumlaryň
biridirin – diýipdir.
Olar onuň Ependidigini bilip:
– Eger siz öli bolsaňyz, bu ýerde näme işleýärsiňiz? – diýenlerinde, Ependi:
– Men seýil edip ýörün – diýipdir.
Olar:
– Öli adama sözlemek we ýöremek bolmaýar ahyryn, sen bolsa ýöräbem,
sözläbem bilýärsiň – diýipdirler.
Onda Ependi:
– Berekella, dogry aýdýarsyňyz, men ýalňyşypdyryn – diýip, gabyrdan çykyp, öz
ýoluna gidipdir.
---------
Bir kişi Ependiden:
– Eý, Ependi, täze Aý dogansoň, köne Aýy näme edýärler? – diýip sorapdyr.
Ependi:
– Ýüzüňe seretsem, adama meňzeýäň, emma öküziňkiçe-de akylyň ýok eken.
Bileňokmy näme, täze Aý doganda, köne Aýy döwüp, ýyldyz edýärler – diýip jogap
beripdir.
Bileje güleliñ
Halan bolsanyz❤garaşýan🙃